Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

опубликованно 29.06.2018 // 1106 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň! Siz öz ýurduňyzyň has-da ösmegi üçin uly tagallalary edýän parasatly we öňdengörüji döwlet işgäri hökmünde Watanyňyzda hem-de daşary ýurtlarda uly hormatdan peýdalanýarsyňyz. Russiýada döwletlerimiziň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy, ähli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary berkitmek boýunça edýän tagallalaryňyza ýokary baha berýärler.

Aşgabatda geçen ýyl geçiren baý mazmunly hem-de netijeli gepleşiklerimizi mähir bilen ýatlaýaryn. Siziň bilen netijeli gepleşikleriň hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmek, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki işleriň dowam etdiriljekdigine umyt edýärin.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagt, abadançylyk we üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň!

Türkmenistan bu gün döwletliligini berkitmek, raýatlarynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de halkara giňişlikde abraýyny artdyrmak ýolunda täze sepgitlere çykýar. Siziň ýolbaşçylygyňyzda ýurduňyzyň geljekde-de batly depginler bilen ösmegini hem-de asylly maksatlaryna ýetmegini arzuw edýärin.

Biziň doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň geljekde hem halklarymyzyň bähbidine has-da pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn. Bu gatnaşyklar mäkäm dostluk we özara düşünişmek ýagdaýyna esaslanandyr.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, şu mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagt we täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Nursultan NAZARBAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Azerbaýjanyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar biziň halklarymyzyň umumy gymmatlyklaryndan we taryhy köklerinden ugur alýar. Bu däpleriň üstünlikli dowam etdirilmeginde we baýlaşdyrylmagynda Siziň bitiren işleriňiz çäksizdir.

Şu şanly günde Size berk jan saglygyny, bagtyýarlygy, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym!

Siziň Alyhezretiňizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda dostlukly we doganlyk Türkmenistanyň durnuklylygy pugtalandyrmak bilen ösüş ýolunda öňe okgunly gadam urýandygyny türk halkynyň uly ruhubelentlik bilen kabul edýändigini bellemek isleýärin.

Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda taryhy-medeni, dil hem-de ruhy umumylyga esaslanýan gatnaşyklaryň geljekde hem çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize — gadyrly doganyma berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi altmyş bir ýaşyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda syýasat hem-de ykdysadyýet, jemgyýet we medeniýet ýaly dürli ulgamlarda dostlukly hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigine örän şatdyryn.

Siziň ykdysady ösüş syýasatyňyzyň uly üstünliklere beslenjekdigine ynanýaryn hem-de Koreýanyň bu işlerde ygtybarly hyzmatdaş boljakdygyna umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt hem-de Siziň beýik ýurduňyza bolsa abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Mun ÇŽE IN,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti,
Ministrler Kabinetiniň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Dostluk, hyzmatdaşlyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan russiýa-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine üýtgewsiz ünsüňizi aýratyn bellemek isleýärin. Siziň hut özüňiziň ýardam etmegiňizde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkeýär, energetika, senagat, infrastruktura, medeniýet we beýleki ugurlarda geljegi uly taslamalar durmuşa geçirilýär.

Hökümet ugry boýunça bilelikdäki işleriň işjeňleşdirilmeginiň iş ýüzünde birleşmäni has-da giňeltmäge ýardam eder, Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbidine dürli ugurlarda täze başlangyçlara badalga bermek üçin şertleri döreder. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,
Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmäge hem-de halkara gatnaşyklarynda abraýyny berkitmäge gönükdirilen durnukly ugruňyz netijesinde Türkmenistana ýolbaşçylyk edýän döwrüňiz döwlet gurluşy babatda uly ähmiýete eýe boldy.

Ermeni-türkmen döwletara gatnaşyklary biziň ýurtlarymyzyň dostluk we birek-birege hormat goýmak däpleriniň esasynda ösdi hem-de ösmegini dowam etdirýär. Özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy giňeltmegiň hatyrasyna Siziň bilen özara gatnaşyklarymyzyň ösdüriljekdigine umyt edýärin. Bu gatnaşyklara bilelikdäki tagallalarymyz bilen täze itergi berip biljekdigimize ynanýaryn. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklaryň uly mümkinçiliklerini görýäris, şolaryň amala aşyrylmagy biziň ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin bähbitlerinden ugur alýar.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglygyny, abadançylyk hem-de ähli gowulyklary, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Nikol PAŞINÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiziň doglan güni mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk we rowaçlyk barada tüýs ýürekden arzuwlarymy uly şatlyk duýgusy bilen beýan edýärin.

Mähirli gutlaglarymy, dostluk, hormat baradaky arzuwlarymy kabul ediň!

Muhammed Bin Raşid AL-MAKTUM,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,
Premýer-ministri,
Dubaý Emirliginiň häkimi.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize doglan günüňiz mynasybetli gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk we rowaçlyk barada tüýs ýürekden iň gowy arzuwlarymy uly şatlyk duýgusy bilen beýan edýärin.

Mähirli gutlaglarymy, tüýs ýürekden dostluk, hormat baradaky arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Muhammed Bin Zaýed AL NAHAÝAN,
Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň adyndan tüýs ýürekden gutlaglarymyzy kabul ediň!

Siziň durmuş ýoluňyz ýurduňyza we halkyňyza birkemsiz gulluk etmegiň ajaýyp mysaly bolup durýar. Siziň taýsyz tagallalaryňyz netijesinde Türkmenistan syýasy, ykdysady we durmuş ösüşinde uly üstünlikleri gazandy, sebit hem-de dünýä gün tertibiniň meselelerini çözmekde onuň orny ep-esli artdy.

Jenap Prezident, Size berk jan saglyk, uzak ömür we parahatçylygyň hem-de rowaçlygyň bähbidine alyp barýan köpugurly işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Ý.OSIPOW,
GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara
Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň adyndan we hut öz adymdan Siziň doglan günüňiz mynasybetli mähirli we tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Siziň oýlanyşykly, geljegi nazarlaýan syýasatyňyz döwletiň hemmetaraplaýyn ösmegi hem-de artýan abraýy üçin ygtybarly binýada öwrüldi. Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda deňi-taýy bolmadyk üstünlikleri we zähmet ýeňişlerini gazanýan Türkmenistanda dünýäde onuň öňdebaryjy orny eýelemegini şertlendirýän giň gerimli demokratik özgertmeler amala aşyrylýar. Häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmek boýunça başlangyçlaryňyz ýurduňyza uly meşhurlyk getirdi.

Siziň jogapkärli wezipäňizde alyp barýan netijeli işleriňiz bilen bagly bolan Türkmenistanyň üstünlikleri iki dostlukly ýurduň gatnaşyklarynyň strategik derejä çykmagy üçin täze mümkinçilikleri açýar. Özara bähbitli belarus-türkmen gatnaşyklaryny has-da giňeltmek biziň maksadymyz bolup, döwletleriň gülläp ösmegine hem-de olaryň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ymtylmak şol maksady gazanmak bolup durýar.

Biziň ýurdumyzyň hakyky dosty hökmünde Siz dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmäge uly şahsy goşandyňyzy goşýarsyňyz. Köptaraplaýyn belarus-türkmen gatnaşyklaryny has-da berkitmek boýunça netijeli gatnaşyklaryň hem-de bilelikdäki işleriň dowam etjekdigine umyt edýäris.

Goý, Siziň durmuş ýoluňyz şatlyk we mähirli duýgulara beslensin, dogan-garyndaşlaryňyzyň we dostlaryňyzyň goldawy bolsa, ägirt uly taslamalary amala aşyrmak üçin güýç-gaýrat berýär. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglygyny, uzak ömri we bagtyýarlygy tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, pursatdan peýdalanyp, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Size hemişe hormat bilen,
Mihail MÝASNIKOWIÇ,
Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň!

Siziň ýolbaşçylyk ukybyňyz, durmuş tejribäňiz, parasatlylygyňyz we öňdengörüjiligiňiz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde netijeli işleriňiziň binýady bolup durýar.

Siz hemmetaraplaýyn russiýa-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly goşant goşduňyz, bu gatnaşyklar hemmetaraplaýyn ösmegini dowam edýär.

Biz Sankt-Peterburgyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde berkidilmegine uly ähmiýet berýäris. Sankt-Peterburgyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilen döwründe aprel aýynda geçiren duşuşygymyzy mähir bilen ýatlaýaryn. Bize dürli ugurlarda bilelikdäki bähbitli taslamalaryň garaşýandygyna ynanýaryn.

Size egsilmez gujur-gaýrat, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk we ähli gowulyklary arzuw edýärin.

Georgiý POLTAWÇENKO,
Sankt-Peterburg şäheriniň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, çuňňur hormatlanýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siz milli Lider we döwlet Baştutany bolmak bilen üstüňize ýüklenen belent borjy özüňize mahsus jogapkärçilik hem-de maksada okgunlylyk bilen berjaý edýärsiňiz, Türkmenistany durmuş-ykdysady hem-de medeni taýdan ösdürmek, halkara giňişliginde onuň abraýyny berkitmek, ýurduňyzda parahatçylygy we raýatlyk ylalaşygyny döretmek barada ähli tagallalary edýärsiňiz. Siziň ýolbaşçylygyňyzda durmuşyň dürli ugurlaryny gurşap alan we şol sanda möhüm aň-düşünje ähmiýetine eýe bolan özgertmeleriň birnäçesi amala aşyryldy.

Türkmenistandaky prawoslaw jemgyýetleriniň hajatlaryna berýän ünsüňizi hoşallyk bilen bellemek isleýärin hem-de ösüp gelýän nesli ruhy-ahlak we watançylyk ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen bu netijeli işleriň geljekde hem dowam etjekdigine umyt edýärin.

Size berk jan saglygyny, kalbyňyzyň rahatlygyny, halkyňyzyň bähbidine belent döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,
KIRILL,
Moskwa we Bütin Rusuň patriarhy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter