Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 25.06.2018 // 1040 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly hem-de döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi.

Milli Liderimiz, ilki bilen, wideoşekilli aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim galla oragynyň depgini hem-de ýene bir jogapkärli möwsüme — pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görlüşi, şol sanda hatarara bejergi hem-de ösüş suwuny tutmak, goşmaça iýmitlendirmek hem-de haşal otlardan arassalamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Häkim welaýatda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän çäreler barada hem habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, galla orýan tehnikalaryň ulanylyş ýagdaýy hem-de tabşyrylan däne üçin kärendeçiler bilen özara hasaplaşyklaryň geçirilişi bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz durmuş häsiýetli meseleleri, hususan-da, täze okuw ýylyna göwnejaý taýýarlyk görmegiň çäklerinde mekdeplerde abatlaýyş işleriniň öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýtdy. Milli Liderimiz welaýatda täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygyny çaltlandyrmagy, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan durmuş-medeni maksatly beýleki desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz tomus paslynyň yssy howasynyň başlanmagy barada aýtmak bilen, ýangyn howpsuzlygynyň we ýangynyň öňüni almak boýunça düzgünlerini berk berjaý etmek maksadynda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy, munuň özi ähli welaýatlara deň derejede degişli bolup durýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynda geçirilýän giň gerimli döredijilik çäresiniň — Medeniýet hepdeliginiň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde guralmagyny üpjün etmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow çagyryldy. Häkim galla oragynyň hem-de obasenagat ulgamynda beýleki işleriň barşy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de welaýatda gurluşygy dowam edýän desgalarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary hilli ýerine ýetirmegiň hem-de obasenagat toplumynda işleriň netijeliligini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda çözmegiň zerurdygy barada aýdyp, galla oragynyň depginine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz daýhanlar üçin örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolup durýan galla oragynyň her bir gününi netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny aýdyp, dänäni bökdençsiz daşamak we degişli derejede saklamak, gallaçylaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi hem-de göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi. Durmuş ulgamy bu maksatnamanyň esasyny düzýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli göni aragatnaşyga şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Çakyýewi hem-de D.Amangeldiýewi çagyrdy.

Ilki bilen, wise-premýer M.Çakyýew «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Jadyly kenar” seýilgäh-dynç alyş toplumynyň öňündäki aýlaw ýolunyň merkezinde hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýanynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi hem-de has aýdyňlyk üçin olary wideoşekiller arkaly görkezdi.

Milli Liderimiz täze binalaryň Hazaryň boýundaky şäheriň hem-de deňziň kenarynda okgunly ösýän halkara derejeli dynç alyş zolagynyň bezegine öwrülmelidigini belläp, olary “Awazanyň ýalkymy” hem-de “Hazar merjeni” diýip atlandyrmak barada hödürlenen teklipleri makullady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Balkan welaýatynda Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň ugrunda hem-de Garabogaz aýlagynda gurulmagy göz öňünde tutulýan köprüleriň taslamalary barada hasabat berip, ony geljekki desgalar hakynda aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän slaýdlar bilen utgaşykly beýan etdi.

Milli Liderimiz köprüleriň taslamalary bilen tanşyp hem-de olary, umuman, makullap, ýurdumyzda gurulýan şunuň ýaly inženerçilik-tehniki desgalaryň hemmesiniň niýetlenen maksady hem-de hili, ekologiýa nukdaýnazaryndan ýokary talaplara laýyk gelmelidigini belledi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, galla oragyny bellenilen möhletlerde geçirmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça görülýän çäreler, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmak, şeýle hem pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk işleri we gowaça meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler barada hasabat berdi. Şonuň bilen bir hatarda, welaýatda Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz dowam edýän galla oragynyň hem-de pagta ýygymy möwsüminiň guramaçylyk meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belläp, ekerançylary hem-de mehanizatorlary zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek, kärendeçiler bilen özara hasaplaşyklary wagtynda geçirmek barada tabşyryk berdi.

Milli Liderimiz häkime sebitde durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, mekdepleri täze okuw ýylyna taýýarlamak, ilatyň durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak, şeýle hem tomus möwsüminde aýratyn möhüm bolup durýan ýangyn howpsuzlygy düzgünlerini berk berjaý etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew wideoşekilli maslahatyň gün tertibiniň meseleleri boýunça hasabat berip, gündelik oba hojalyk işleri, ilkinji nobatda, galla oragynyň barşy hem-de gowaça toplumlaýyn ideg etmek, şol sanda hatarara bejergi işlerini geçirmek, suwarmak işleri barada habar berdi. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem sebitde gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň obasenagat toplumynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak meselelerine sazlaşykly we jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belläp, oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda bugdaýyň we gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin bu ulgamda işleriň guralmagyna ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz pagta ýygymy möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň durmuş-ykdysady we ulag-aragatnaşyk düzümini has-da kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreleriň kabul edilmegine ünsi çekip, degişli desgalaryň gurluşygynyň hilini we depginini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna ýene-de wise-premýerler M.Çakyýew we D.Amangeldiýew çagyryldy.

Ilki bilen M.Çakyýew Kerki şäherinde howa menziliniň gurluşygy baradaky mesele boýunça hasabat berdi. Bu desgany bina etmek teklip edilýän ýer böleginiň çyzgysy şekillendirilen görnüşler döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. Habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça degişli bäsleşik dowam edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap almaga gönükdirilen ulag ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek babatda Kerkide howa menziliniň gurulmagynyň ähmiýetini belläp, bu ugurdaky işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer D.Amangeldiýew Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde gurulmagy göz öňünde tutulýan awtomobil ýolunyň taslamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasyna käbir düzedişleri girizdi hem-de belliklerini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýoly gurmagyň taslamasynyň üstünde içgin işlemek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew ýolbaşçylyk edýän sebitinde işleriň ýagdaýy, bugdaý oragynyň barşy, gowaça ideg etmek boýunça degişli agrotehniki çäreleriň geçirilişi hem-de pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşyklarynyň depgini, welaýatyň ýaşaýjylarynyň durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz galla oragyna gatnaşýan ähli düzümleriň üznüksiz işlemeginiň, kombaýnlaryň we umuman, güýzlük bugdaý oragynyň bellenilen möhletde geçirilmegi üçin bar bolan oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmagyň ähmiýetini nygtap, oragyň depginini güýçlendirmek boýunça çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, bu welaýatda hem durmuş düzümleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegine, adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi hem-de oňaýly dynç almagy üçin hemme şertleriň döredilmegine ilkinji derejeli üns berilmelidigini aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, häkime degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz gurulýan desgalary, şol sanda täze mekdepleri hem-de çagalar baglaryny bellenilen möhletde ulanmaga bermegiň, bar bolan bilim edaralarynda abatlaýyş işlerini nobatdaky okuw ýylynyň başlanmagyna çenli öz wagtynda geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, sebitde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berk berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowy çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynda işleriň ýagdaýy hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň milli ykdysadyýetimizde öňdäki orny eýeleýändigini nygtap, Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, möhüm pudaklaýyn taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly wezipeleriň çözülişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz Ý.Muhammetmyradowy “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary hem-de O.Kürenowy “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek hakynda Kararlara gol çekdi.

Iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Baş prokurory B.Atdaýewe söz berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň prokuratura edaralarynyň ähli işgärlerini 26-njy iýunda bellenilýän hünär baýramlary bilen tüýs ýürekden gutlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, prokuratura edaralarynyň işgärleri öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri yhlas bilen ýerine ýetirip, berkarar döwletimizde kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrýarlar. Raýatlarymyzyň azatlyklaryny we hukuklaryny, döwletimiziň bähbitlerini hem-de konstitusion gurluşyny goraýarlar. Kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ugrunda anyk işleri geçirýärler.

Prokuratura edaralarynyň işgärleri öňünde goýlan belent we jogapkärli wezipeleri hemişe abraý bilen ýerine ýetirmek üçin öz gulluk borçlaryny päk ýürekden berjaý etmelidir. Işgärlere bildirilýän talaplary güýçlendirip, öz hatarlaryňyza watansöýüji, ýokary aň-düşünjeli, belent adamkärçilikli, arassa we halal işgärleri saýlap almalysyňyz diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz prokuratura edaralarynyň işgärleriniň geljekde hem öz wezipelerini birkemsiz ýerine ýetirip, halal zähmet çekjekdiklerine berk ynam bildirip, olary hünär baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Baş prokuror gutlaglary hem-de prokuratura edaralarynyň işgärleriniň netijeli işlemegine döredilen hemme zerur şertler üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirip, öz borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirmek üçin ähli güýçlerini mundan beýläk-de gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter