Türkmenistan — ÝHHG: maglumat ulgamynda hyzmatdaşlyk | TDH
Jemgyýet

Türkmenistan — ÝHHG: maglumat ulgamynda hyzmatdaşlyk

опубликованно 19.06.2018 // 1044 - просмотров
 

Şu gün “Ýyldyz” myhmanhanasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýaş işgärleri üçin niýetlenen okuw maslahaty öz işine başlady. Ol ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guraldy. Okuw maslahatyna milli gazet-žurnallaryň, maglumat internet-neşirleriniň, teleradioýaýlymlaryň žurnalistleri gatnaşýarlar.

Halkara bilermenleri — Şweýsariýadan Aleksandra Ştark hem-de Ukrainadan Ýewgen Glibowiskiý döredijilik işine ýaňy gadam goýýan habarçylar bilen sapaklary geçýärler.

Okuw maslahatynyň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmäge uly üns berilýär. Soňky ýyllarda döwlet ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzda bolup geçýän wakalary çalt hem-de hemmetaraplaýyn şöhlelendirmäge ukyply, giň gözýetimli, ýokary hünärli žurnalistleri taýýarlaýan kafedralar döredildi.

Okuw maslahatynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar žurnalistikanyň esaslary, iş usullary, multimediýa taryhlarynyň döredilişi, häzirki döwürde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösüşiniň esasy ugurlary bilen tanyşdylar.

Okuw maslahaty 22-nji iýuna çenli dowam eder.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter