Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 16.06.2018 // 773 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.

Nebithimiýa önümleri — Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzin, dizel ýangyjy, polipropilen, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň agyr wakum gazoýly we nebit ýol bitumy, şeýle hem “B” kysymly karbamid(“Türkmenhimiýa” DK) Russiýadan, Germaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Gazagystandan,Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçileriň daşary ýurt walýutasyna satyn alan önümleriniň esasyny düzdi. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna jinsi matasy we portlandsement ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Türkiýe, Owganystan, Özbegistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 42 million 718 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 3 million354 müň manatlykdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny we polipropilen plýonkasyny (TNGIZ) satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter