Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işgärlerine | TDH
Syýasat habarlary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işgärlerine

опубликованно 18.06.2018 // 1037 - просмотров
 

Hormatly adalat edaralarynyň işgärleri!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde bellenilýän Adalat edaralarynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletiň işiniň hukuk üpjünçiligini amala aşyrmak, adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek, milli kanunçylygy halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirmek, hukuk maglumatlarynyň we olary döwletara alyşmagyň ulgamlaryny ýöretmek, halkara ylalaşyklaryň taslamalaryny taýýarlamak we olara hukuk netijenamasyny bermek bilen bagly alyp barýan örän möhüm we jogapkärli işleriňizde size uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Adalat edaralarynyň işgärleriniň hünär baýramynyň döredilmegi ýurdumyzda adalat edaralarynyň işgärleriniň tutanýerli zähmetine mynasyp baha berilýändigine we milli kanunçylyk ulgamynyň döwlet syýasatyndaky ornunyň artýandygyna hem-de barha berkeýändigine şaýatlyk edýär.

Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň milli ýörelgelerinden ugur alýan ata Watanymyzyň bu günki syýasy we ykdysady, medeni we durmuş ulgamlarynda ösüşi öz gözbaşyny halkyň halal zähmetinden, jemgyýetiň agzybirliginden we jebisliginden, şeýle hem döwletiň ynsanperwer we adalatly syýasatyndan alyp gaýdýar.

Döwlet berkararlygynyň hukuk binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň hukuklaryny, borçlaryny we ygtyýarlyklaryny durmuşa geçirmegiň kämil we döwrebap esaslary berk kepillendirilendir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşynda kanunlaryň we adalatyň hökmürowanlygyny üpjün etmäge ýokary hünär derejeli, gulluk we şahsy jogapkärçilik duýgusy bolan adalat edaralarynyň işgärleriniň işjeň gatnaşmaklary örän wajypdyr.

Bu gün Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işgärleri Türkmenistanyň Adalat ministrliginde, welaýat adalat bölümlerinde, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullukda, döwlet notarial edaralarynda, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň merkezi arhiwinde yhlasly we tutanýerli zähmet çekmek bilen, berkarar döwletimiziň hukuk binýadyny berkitmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Hukuk döwletimiziň kanunçylyk binýadyny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, örän möhüm ähmiýetli özgertmeleriň kämil hukuk binýadynyň bolmagyny üpjün etmek we halkara giňişliginde ýurdumyzyň hukuk bähbitleriniň ygtybarly goragyny amala aşyrmak babatda döwletimiz tarapyndan adalat edaralaryna uly ynam bildirilýär.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň hukuk esaslaryny, syýasy durnuklylygynyň kanunçylyk ýörelgelerini, medeni ösüşiniň ygtybarly binýadyny pugtalandyrmakda döwletiň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna aýratyn uly orun degişlidir. Şeýle namalaryň taýýarlanylmagynda, seljerilmeginde we netijeli durmuşa geçirilmeginde adalat edaralarynyň işgärleriniň öňünde derwaýys wezipeler durýar.

Adalat edaralarynyň işgärleri tarapyndan halkara tejribä laýyklykda jemgyýetçilik birleşikleriniň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň üpjün edilmegi Türkmenistanda raýat jemgyýetiniň berkarar edilmeginiň we dabaralanmagynyň hukuk kepili bolup durýar. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň, häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň döwlet belligine alynmagynyň adalat edaralarynyň işgärleri tarapyndan amala aşyrylmagy ýurdumyzda raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň iş ýüzünde kepillendirilmegine we olaryň kabul edýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kanuna laýyk getirilmegine ýardam berýär.

Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işgärleriniň adwokatlar kollegiýalarynyň işine guramaçylyk-usulyýet, Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň edaralaryna maslahat-usulyýet, Geňeşlere hukuk we usulyýet kömegini bermekleri jemgyýetiň hem-de her bir şahsyýetiň kanuny bähbitlerini goramagyň sazlaşykly guralyşynyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Ýokarda agzalanlar bilen bir hatarda, raýatlara kanunçylygy düşündirmek, olaryň hukuk habarlylygyny we hukuk medeniýetini ösdürmek, kanunlary wagyz etmek adalat edaralarynyň işgärleriniň möhüm wezipe borçlarynyň hatarynda durýar.

Hormatly adalat edaralarynyň işgärleri!

Siziň döwletimizde hukuk syýasatynyň netijeli alnyp barylmagyny, adamyň hem-de raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň, şeýle hem döwlet bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmek boýunça alyp barýan tutanýerli işleriňize döwletimiz tarapyndan mynasyp baha berilýär. Adalat edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, bu ulgamyň işgärleriniň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada yzygiderli alada edilýär. Bu gün adalat edaralarynyň işgärleri iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen edara binalarynda yhlasly zähmet çekýärler, döwrebap şertlerde dynç alýarlar, saglyklaryny berkidýärler. Bu ulgamyň işgärleri ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýär.

Siziň Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň kasamyna wepalylygyňyz, kämil bilim derejäňiz, ýokary hünär ussatlygyňyz we öz wezipe hem-de gulluk borçlaryňyzy birkemsiz ýerine ýetirmegiňiz döwletimiziň hukuk bähbitlerini hem-de abadan jemgyýetimiziň asudalygyny goramagyň ygtybarly kepili bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kabul eden ähli maksatnamalarymyzyň bellenen möhletlerde we üstünlikli durmuşa geçirilmegine öz mynasyp goşandyňyzy goşjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Hormatly adalat edaralarynyň işgärleri!

Sizi Türkmenistanyň Adalat edaralarynyň işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, milli kanunçylyk ulgamyny ösdürmekde alyp barýan jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter