Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

опубликованно 02.06.2018 // 1080 - просмотров
 

Aşgabat, 2-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň esaslandyran we 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bu çözgüt sport bileleşigi tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edildi diýip, Igor Makarow belledi hem-de özi üçin welosipedçileriň Halkara bileleşiginiň ýolbaşçy komitetine agza hökmünde we Aşgabatda doglan hem-de ömrüni welosporta bagyşlan adam hökmünde şanly günde bu ýerde bolmagyň özi üçin örän ýakymlydygyny nygtady.

Dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrülýän türkmen paýtagtyna uly höwes bilen gelýändigini belläp, “ARETI” kompaniýasynyň baştutany ykdysady taýdan sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de artdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň dünýä işewürliginiň, şol sanda Russiýanyň öňdebaryjy wekilleri bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz we beýleki pudaklarda köpýyllyk bilelikdäki iş boýunça oňyn tejribe toplanan “ARETI” kompaniýasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda dürli pudaklardaky täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini nazara alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Sport ulgamynda, şol sanda ýurdumyzda ýyl-ýyldan uly meşhurlyga eýe bolýan welosiped sporty ugrunda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň özenini düzdi. Ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda giň möçberli sport çäresi bolan köpçülikleýin welosipedli ýörişiň guralmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda, hususan-da, 2019-njy ýyldan başlap, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde welosport boýunça iri halkara ýaryşlary geçirmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow özara bähbitleri nazara almak arkaly ýola goýulýan hem-de anyk netijelere gönükdirilýän işjeň hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter