Parlamentara Birleşigiň wekiliýetiniň sapary | TDH
Syýasat habarlary

Parlamentara Birleşigiň wekiliýetiniň sapary

опубликованно 30.05.2018 // 1012 - просмотров
 

Mejlisde Parlamentara Birleşigiň Baş sekretary Martin Çungongyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza iş sapary bilen gelen Parlamentara Birleşigiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Wekiliýetiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, wekiliýetiň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeler we demokratik reformalar amala aşyrylýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň üstünliklerini ýerinde görmäge döredilen mümkinçiligi uly kanagatlanma bilen kabul etdiler. Bu özgertmeler ýurdumyzyň dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna girmegine ýardam etdi. Dünýäde parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde Türkmenistanyň öňe sürýän anyk başlangyçlary we durmuşa geçirýän çäreleri halkara jemgyýetçiliginde uly hormata hem-de ykrar edilmegine mynasyp bolýar.

Parlamentara Birleşigiň baştutany şu duşuşygyň maksadynyň Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan, özara gatnaşyklaryň täze derejelerine çykmakdan ybaratdygyny aýdyp, Birleşigiň döwletleriň 173-sini we parlamentara guramalarynyň 11-sini özüne birleşdirýändigini hem-de parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, milletleriň arasynda parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, halkara howpsuzlygyň saklanylmagyna, adam hukugynyň berjaý edilmegine ýardam berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu abraýly guramanyň 2017-nji ýylyň oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen 137-nji assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Parlamentara Birleşigiň agzalygyna kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Bu maglumatlar umumy kabul edilen kadalara laýyklykda, milli kanunçylygy kämilleşdirmekde düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýän, raýat edaralarynyň we demokratik gymmatlyklaryň berkidilmegi boýunça oňyn syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýan ýurdy hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýär.

Söhbetdeşligiň barşynda myhmanlar Mejlisiň esasy işleri we wezipeleri, gurluşy hem-de iş ugurlary bilen tanyşdylar. Bu gün ýurdumyzda kanun döredijiligiň dünýä tejribesini hasaba almak bilen berk kanunçylyk-hukuk binýady döredildi. Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm Konwensiýalaryna goşulmak bilen bir hatarda, amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň halkara hukuk giňişligine netijeli goşulyşmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berýär.

Parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi Türkmenistanyň dünýäde alyp barýan syýasy-diplomatik işiniň netijeliligine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä ähmiýetli meseleleri çözmek boýunça öňe sürýän täze hem-de parahatçylyk döredijilikli başlangyçlarynyň düşündirilmeginiň we wagyz edilmeginiň biziň parlamentarilerimiziň möhüm işi bolup durýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan dürli ýurtlaryň parlamentleri bilen döredilen dostluk toparlarynyň sanynyň artmagy, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen guramalary we beýleki halkara düzümleri bilen ýola goýlan özara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi hem parlament diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň netijeli işe girizilýändigine şaýatlyk edýär.

Şu gün Parlamentara Birleşigiň wekiliýeti Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter