Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 30.05.2018 // 1199 - просмотров
 

“Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 41-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen polkownik Döwran Allaberdiýewiç Durdyýew Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary —– Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň başlygy wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş üpjünçilik we tyl müdirliginiň başlygy wezipesinden boşadyldy.

***

“Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 41-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen podpolkownik Bezirgen Annagylyçowiç Nazarow Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş üpjünçilik we tyl müdirliginiň başlygy wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş üpjünçilik we tyl müdirliginiň dolandyryş merkeziniň başlygy — Baş üpjünçilik we tyl müdirliginiň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, işgärleri saýlap-seçip almakda we ýerli-ýerinde goýmakda goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Baýramow Döwrangeldi Garýagdyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Gurdow Mergen Meretdurdyýewiçe käýinç yglan edildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter