Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärlerine | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärlerine

опубликованно 29.05.2018 // 1926 - просмотров
 

Hormatly içeri işler edaralarynyň işgärleri, gullukçylary, serkerdeleri, hatarçylary, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymlary we talyplary!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň hünär baýramyňyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň milli senenamasynda möhüm orun eýeleýän we ýokary derejede bellenip geçilýän baýramlaryň birine öwrüldi. Hünär baýramynyň bellenýän gününde siziň ýurdumyzda tertip-düzgüni gorap saklamak bilen, jemgyýetimizde syýasy, ykdysady, medeni we ruhy durnuklylygy üpjün etmäge, ýaýbaňlandyrylan ählumumy özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşýan goşandyňyz aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ata Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda, tutumly işleriň amala aşyrylmagynda Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärlerine hem möhüm ornuň degişlidigini bellemek aýratyn ýakymlydyr.

Hormatly içeri işler
edaralarynyň işgärleri!

Siz dünýewi, demokratik, hukuk döwletimiziň Garaşsyzlygynyň gazananlarynyň, parahatçylygyň hem-de milli agzybirligiň esaslarynyň barha pugtalandyrylmagyny, halkymyzyň asudalygynyň üpjün edilmegini, jenaýatlaryň we kanun bozulmalaryň öňüni alyp, hukuk we jemgyýetçilik tertibiniň ýokary derejede goralmagyny, kanunçylyk-hukuk binýadynyň berkidilmegini üpjün etmekde arman-ýadaman gulluk edýärsiňiz. Munuň özi siziň gulluk wezipäňiz bolmak bilen bir hatarda, ýurt öňündäki perzentlik borjuňyzdyr.

Soňky ýyllarda eziz Watanymyz halkara derejede sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä ýaryşlarynyň we halkara ähmiýetli çäreleriň yzygiderli geçirilýän ýurduna öwrüldi.

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi geçiriler. Şeýle hem awtoralli bilen utgaşyklylykda şol ugur boýunça ylgaw ýaryşynyň hem-de welosipedli ýörişiň geçirilmegi, ýurdumyzda sporta höwesjeň ýaşlaryň sanynyň artmagy Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň sazlaşykly ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Geçen ýyl paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli we guramaçylykly geçmegi, onda türkmen türgenleriniň gazanan ýeňişleri bizi guwandyrýar. Türkmen sportunyň halkara abraýynyň belende galmagyny üpjün eden şol üstünliklerde Türkmenistanyň içeri işler edaralaryna degişli türgenleriň bolmagy siziň umumy ýeňşe bolan goşandyňyzy aýdyň görkezýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmeginde, ähli ugurlar boýunça belent derejelere ýetmeginde öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy möhüm talap bolup durýar. Bu bolsa, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, içeri işler edaralarynyň işgärlerini beýik maksatlara ýetmek ugrunda has yhlasly we tutanýerli işlemäge borçly edýär.

Hormatly asudalygyň
goragçylary!

Türkmenistan Watanymyz ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça täze ýörelgeleriň we milli däpleriň utgaşdyrylyp, beýik işleriň amala aşyrylýan ýurduna öwrüldi. Döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralary, şol sanda içeri işler edaralary häzirki zaman kämil tehniki serişdeler, döwrebap enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Bu bolsa alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň ýokarlanmagynyň baş şerti bolup durýar. Siziň işleýän edaralaryňyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň we iň kämil enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, şol bir wagtyň özünde ministrligiň şahsy düzüminiň hünär taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagy öňde durýan wezipeleriň abraý bilen berjaý edilmegini şertlendirýär.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler netijesinde, milli ykdysadyýetimizde, medeniýetde, sungatda we halkara gatnaşyklarda täze sepgitlere ýetilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň talabalaýyk gulluk etmekleri we oňat dynç almaklary üçin hem ähli şertler döredilýär. Olar üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Biz bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdireris.

Ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň esasy ulgamlarynyň biri bolan içeri işler edaralarynyň dürli ugurlarynda gulluk edýän işgärleriň her biri kalby päkligi, watansöýüjiligi, ukyp-başarnygy hem-de belent adamkärçiligi bilen hemmelere nusga bolmalydyr.

Hormatly içeri işler
edaralarynyň işgärleri!

Sizi döwlet derejesinde bellenýän Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň asudalygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan mukaddes hem-de jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter