Fransiýanyň saz gurallary toparynyň konserti | TDH
Medeniýet

Fransiýanyň saz gurallary toparynyň konserti

опубликованно 26.05.2018 // 692 - просмотров
 

Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda saz gurallaryny jübüt bolup çalýan “Menç” fransuz toparynyň konserti boldy. Joşgunly döredijilik baýramy Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Fransiýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň howandarlygynda geçirildi.

Ýurdumyzda daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň yzygiderli guralýan konsertleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk döredijilik syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Şol syýasat dünýäniň halklarynyň özara düşünişmegine hem-de ýakynlaşmagyna, şol sanda medeniýeti bilen tanyşmak arkaly ýakynlaşmagyna gönükdirilendir.

Sahnada ýokary derejeli ussat fransuz sazandalary — akkordeonçy Aleksis Kýun we klarnetçi Samýuel Maken ussatlyklaryny görkezdiler.

Konsert ady belli fransuz kompozitory Erik Satiniň «Gnossienne No.4” atly ajaýyp eseri bilen başlandy. Ilkibaşdan fortepiano üçin ýazylan eser akkordeonda we klarnetde ýerine ýetirilip, tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Sazandalaryň bütin dünýä belli “Pariž asmanynyň astynda” atly meşhur eseri ýerine ýetirmegi bu agşamyň merjenine öwrüldi.

Ussatlarça ýerine ýetirilen dürli saz eserleri konsertiň jemleýji böleginde gaýtadan ýaňlandy. Tomaşaçylar artistlere ussatlygy we zehini üçin joşgunly el çarpdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter