Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresi netijelerini jemledi | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresi netijelerini jemledi

опубликованно 24.05.2018 // 775 - просмотров
 

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda IX halkara Gaz kongresi işini tamamlady. Ol gaz pudagynda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitledi hem-de geljek üçin bilelikdäki meýilnamalaryň utgaşdyrylmagyna ýardam berdi. Ozal habar berlişi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserni we Gollandiýanyň «KNW Holland» kompaniýasy şu ýyl geçirilen bu iri ýöriteleşdirilen forumyň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

30-dan gowrak ýurtdan hökümet guramalarynyň, nebitgaz kompaniýalarynyň, pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, esasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini goşmak bilen dört ýüzden köpräk adamy bir ýere jemläp, Türkmenistan halkara derejede pikir alşylýan merkeze öwrülen derejesini nobatdaky gezek tassyklady. Bu ýerde energiýany ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlar, milli we sebit gaz ulag düzümlerini ösdürmek, ýokary hünär derejeli ussat işgärleri taýýarlamak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kongrese bildirilýän ýokary gyzyklanma köp babatda häzir dünýäde uglewodorodlaryň sarp edilişiniň düzüminde beýleki energiýa serişdelerinden tapawutlylykda “mawy ýangyjyň” udel agramynyň yzygiderli artýandygy bilen şertlenendir. Şoňa görä-de, gaz pudagynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýurdumyz bilen ýakyndan gatnaşyk etmegi ýola goýmaga ymtylýandyklary kanunalaýykdyr. Türkmenistan bolsa dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini iberiji iri ýurtlaryň arasynda geljegi uly hyzmatdaşlaryň biri hökmünde özüni ynamly tanatdy.

Eýýäm dokuzynjy gezek geçirilen forum şu ýyl hem ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň köp sanlysyny jemledi. Olaryň hatarynda şu forumyň hemaýatkärleri bolan “Bir Dünýä” we “Gazyk” kompaniýalary bar. Olar sebitde alyp barýan işleriniň gerimini ynamly giňeldýärler. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hususy ulgamy goldamaga hem-de işewürligiň ösdürilmegi üçin hemme mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilen syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň tassyknamasyna öwrüldi.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda oňaýly maýa goýum ýagdaýy döredildi, salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy hem-de beýleki kepillikler ýola goýuldy, bular döwlet tarapyndan üpjün edilip, täze gaz känlerini enjamlaşdyrmakda, hereket edýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmakda we olaryň täzelerini döretmekde, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda hem-de pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Forumyň işiniň ikinji gününde oňa gatnaşyjylar tebigy gazyň paýlanylyşynda we peýdalanylyşynda işewürligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, türkmen “mawy ýangyjynyň” iberilişiniň gerimini giňeltmek ýaly meselelere garadylar hem-de Türkmenistanyň pudaklaýyn konsernleriniň täze gazhimiýa taslamalary bilen tanyşdylar.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň anyk kesgitlenilen maksatlara tarap pragmatik hereket etmäge esaslanan, türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrýan depginli ösüşini bütin dünýä görkezýändigi nygtaldy. Ýurdumyz egsilmez tebigy serişdelere eýe bolup, ählumumy energetika bazarynda uly orunlaryň birini eýeleýär hem-de köp ugurlar boýunça energiýa serişdeleriniň durnukly iberilmegini üpjün etmäge ukyplydyr.

Şunuň bilen baglylykda, täze maýa goýum taslamasy barada habar berildi. Onuň amala aşyrylmagy tebigy gazyň Türkmenistandan birnäçe goňşy ýurtlara iberilmegini artdyrmaga ýardam berer. Bu bolsa sebit we ählumumy energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna binýat bolar. Taslama gazy ibermegiň mümkin bolan birnäçe ugurlarynyň görnüşini göz öňünde tutýar hem-de ygtyýarly wekilleriň sözlerine görä, turbageçirijileri çekmegiň esasy ölçeglerini göz öňünde tutýan işleriň deslapky meýilnamalary eýýäm işlenilip taýýarlanyldy.

Gün tertibiniň meseleleriniň ýene-de biri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan polimerleri we suwuk ýangyjy almak babatda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak bilen, tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemek boýunça bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilişine degişli boldy. Çykyş edenler ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy tarapyndan çykarylýan harytlaryň görnüşlerini artdyrmagyň wajypdygyny aýratyn nygtap, Ahal welaýatynda, Owadandepede GTG tehnologiýasy boýunça tebigy gazdan ýokary hilli benzin öndürjek zawodyň, Gyýanlyda ýokary dykyzlykly polietilen we polipropilen öndürmek boýunça iri gazhimiýa toplumynyň gurluşygy ýaly iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişiniň barşy barada gürrüň berdiler.

Şunuň bilen birwagtda, Türkmenistanyň pudaklaýyn konsernleri tarapyndan uglewodorod serişdelerini gözläp tapmak we gazyp almak babatda bolşy ýaly, olary toplumlaýyn gaýtadan işlemekde hem täze uzak möhletleýin taslamalary amala aşyrmak üçin göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça gyzyklanma bildirýän nebitgaz kompaniýalary bilen deslapky ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi.

Geljekde ýurdumyzda ýokary islegli önümleri almak maksady bilen, tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemek boýunça dürli kuwwatlykly ençeme zawodlaryň gurluşygy meýilleşdirilýär. Bu toplumlaryň ýokary düşewüntlidigi, Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar üçin şertleri döredýän ygtybarly kadalaýyn-hukuk binýadynyň bardygy barada aýdyp, foruma gatnaşyjylar bu taslamalaryň maýa goýum babatda örän özüne çekijidigini bellediler.

Şeýle hem kongrese gatnaşyjylar Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň açylmagy bilen ýurdumyzda dünýä bazarlaryna Türkmenistanda öndürilen nebitgazhimiýa önümlerini ibermek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň goşmaça mümkinçilikleriniň peýda bolandygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Beýik Ýüpek ýoly — ösüşiň täze sepgitlerine tarap” diýen at bilen şu aýyň başynda geçen halkara forumda nygtaýşy ýaly, täze port iri möçberli ýük akymlarynyň ýolda bolmagynyň wagtyny hem-de aralygyny ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik berip, Gara deňziň ýakasyna, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryna çykmak üçin has oňaýly şertleri döredýän deňiz gatnawlarynyň ulgamyny kemala getirmegiň möhüm halkasy bolmaga gönükdirilendir.

Häzirki zamanyň gazhimiýa senagatynyň binýadynyň düýbi tutulýan ýurdumyzyň örän depginli ösýän sebitleriniň birinde, Türkmenbaşy şäherinde bina edilen Halkara deňiz porty ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini halkara bazarlaryna eksport etmek ulgamynda ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga ukyplydyr.

Kongresde Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebit känleri barada-da çykyş edildi. Şol ýerlerde häzirki wagtda känleriň otuzysynda işler geçirilip, olaryň oýlanyşykly hem-de ýokary netijeli işlenilip taýýarlanylmagy geologik gurluşyň ähli aýratynlyklarynyň doly nazara alynmagy bilen şertlenendir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça satyn alnan dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň täze buraw tehnikalary we enjamlary örän çuň gatlaklarda ýerleşen uglewodorod känlerini tapmak üçin 7 müň metrden gowrak çuňlugy bolan guýulary burawlamaga mümkinçilik berýär.

Ine, ýurdumyzyň günorta-günbatarynda Uzynada meýdançasynda 7 müň 150 metr çuňlukda gözleg guýusy burawlandy, ol synalyp görlende uglewodorodyň senagat akymy alyndy. Häzirki günde onuň çykymy bir gije-gündizde 200 tonna golaý nebite hem-de 150 müň kub metr ugurdaş gaza barabardyr. Burawlamakdan alnan oňyn netije, gürrüňsiz suratda, diňe bir kenarýaka zolagyň däl, eýsem, umuman, Hazaryň türkmen böleginiň nebite we gaza baý kuwwatyny artdyrýar diýip, foruma gatnaşyjylar nygtadylar.

Bu meýdançanyň uly geljegini nazarda tutup, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan gözleg-barlag guýularynyň ýene-de ikisinde bu käniň suduryny kesgitlemäge gönükdirilen buraw işlerine başlanyldy. Şeýle hem konsern Hazar deňziniň türkmen böleginiň suwunyň çuň ýerlerindäki känleri özleşdirmek boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmegi maksat edinýär, onuň mümkin bolan serişdeleri nebit babatda 18,2 milliard tonna möçberde bahalandyrylýar.

IX halkara Gaz kongresiniň çäklerinde daşary ýurt işewürleri bilen Türkmenistanyň nebitgaz edaralarynyň we konsernleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda köp sanly işewür duşuşyklary geçirildi. Daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri birnäçe maýa goýum tekliplerini aýtdylar. Şol teklipler nebitgaz senagatynyň dürli pudaklarynda iň täze tehnologiýalaryň, ylmy işläp taýýarlamalaryň hem-de öňdebaryjy tejribäniň peýdalanylmagyny göz öňünde tutýar.

Forumyň ahyrynda kongrese gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Ýüzlenmede ählumumy energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň wajyp meseleleri boýunça netijeli gepleşikleri geçirmek mümkinçiliginiň döredilendigi üçin hoşallyk bildirilip, bularyň şu ulgamda bar bolan işewür gatnaşyklary giňeltmäge hem-de täze gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berjekdigi nygtaldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter