Türkmenistanyň Mejlisinde bolan duşuşyk | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Mejlisinde bolan duşuşyk

опубликованно 23.05.2018 // 1140 - просмотров
 

Şu gün Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ýörite wekili Peter Burianyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda myhman şu ýylyň martynda geçirilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasaty bilen baglanyşyklylykda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň täze tapgyry bolan Mejlisiň VI çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň ähmiýetlidigini belledi.

Jenap Peter Burian Ýewropa Bileleşigi ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmekde ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlaryny hem-de amala aşyrýan anyk işlerini tutuşlygyna goldaýandygyny belläp, Ýewropa jemgyýetçiliginiň Durnukly ösüşiň maksatlaryny milli şertlere uýgunlaşdyrmak boýunça maslahatlaşmaga başlan ilkinji döwletleriň biri bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýandygyny beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan, şol sanda raýat jemgyýetini berkitmek, bilim hem-de hususy ulgamlary kämilleşdirmek, multimodal ulag ulgamyny döretmek ugurlarynda ösdürmegi kanunçylyk-hukuk taýdan üpjün etmek boýunça deputatlaryň öňünde goýan wezipeleriniň ileri tutulýan jähetleri bellenildi.

Hususan-da, Gara deňiz ýakasyna, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş ummany sebiti ýurtlaryna çykmakda amatly şertleri döredýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Munuň özi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy düýpli işjeňleşdirmäge, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berer.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky anyk gepleşikleriň aýrylmaz bölegi bolan parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Bileleşigiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki täze strategiýasyny taýýarlamak işine türkmen parlamentarileriniň gatnaşmaklarynyň maksada laýykdygy barada pikir nygtaldy. Şeýle hem dürli ýurtlaryň parlamentleri bilen “Dostluk” toparlaryny döretmekde Mejlisde bar bolan tejribäniň möhümdigi bellenildi.

* * *

Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiniň iş saparynyň maksatnamasynda Daşary işler ministrliginde we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynda duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter