Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresine gatnaşyjylara | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresine gatnaşyjylara

опубликованно 23.05.2018 // 1223 - просмотров
 

Halkara Gaz kongresine gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!

Ilki bilen siziň ähliňizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda dokuzynjy gezek geçirilýän halkara Gaz kongresiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, kongresiň işine bolsa üstünlik arzuw edýärin.

Türkmenistan dünýäniň uglewodorod serişdelerine baý döwletleriň hataryna girmek bilen, özüniň bu amatly ýagdaýyny türkmen halkynyň hem-de Ýer ýüzüniň beýleki halklarynyň bähbitlerine gönükdirmäge çalyşýar. Bu babatda Türkmenistanda her ýylyň maý aýynda geçirilýän halkara Gaz kongresiniň ähmiýetiniň uludygyny bellemek isleýärin. Soňky ýyllarda Garaşsyz Watanymyzda ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleri, gazanylýan üstünlikleri belläp geçmek has-da buýsançlydyr.

Hormatly watandaşlar!
Hanymlar we jenaplar!

Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň depginini ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny bilelikde özleşdirmäge maýa goýumlaryny çekmek, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde halkara Gaz kongresiniň ähmiýeti örän uludyr.

Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresine gatnaşýan hünärmenler bu ýerde başga-da ençeme derwaýys meseleler bilen birlikde tebigy gazyň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa etmek, sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny we gaz geçirijileriň eksport mümkinçiliklerini, gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa ulgamyna maýa goýumlaryny çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek barada pikir alşarlar. Biz bu kongresiň işinden ençeme derwaýys meseleleriň çözgüdiniň tapylmagyna garaşýarys.

Dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna ynamly girýän Türkmenistan baý uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda geljekde-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr. Gaz pudagyny ösdürmek, şeýle hem nebithimiýa we gazhimiýa önümçiligini doly ýola goýmak, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, bu ugurlarda özara bähbitli sebit we dünýä derejesindäki halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek eziz Watanymyzyň ykdysady binýadyny has-da berkitmäge, dünýäde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmaga hyzmat edýär.

Türkmenistanyň amatly geosyýasy ýagdaýda ýerleşmegi uly halkara taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin oňyn şertleri döredýär. Türkmenistandan goňşy döwletleriň ençemesine tarap uzap gidýän magistral gaz geçirijiler munuň aýdyň subutnamasydyr. Gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy hem ýakyn ýyllarda şolaryň hataryna goşular we ýangyç-energetika pudagynyň mundan beýläk hem ösmegine, kämilleşmegine öz mynasyp goşandyny goşar.

Hormatly ildeşler!
Gadyrly myhmanlar!

Türkmen topragy — tebigy baýlyklaryň hazynasy. Diňe ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň özi-de munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Türkmenistan häzirki wagtda energetika pudagynda öňden däp bolup gelýän strategik hyzmatdaşlar bilen bir hatarda öz energiýa hyzmatdaşlygyny Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar we günorta-günbatar ugurlary boýunça giňeltdi. Dünýäniň öňdebaryjy meşhur maliýe we nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

Soňky döwürde tebigy gazy gözläp tapmak, çykarmak we senagat taýdan gaýtadan işlemek bilen bagly meseleler tutuş dünýäde derwaýys bolup durýar. Türkmenistan bu wezipeleriň çözgüdine işjeň gatnaşýar. Şeýle meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, başga-da ençeme döwletleriň ykdysady ösüşiniň esasyna öwrüler.

Hormatly halkara kongrese gatnaşyjylar!

Sizi türkmen topragynda geçirilýän Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Dünýä tejribesini paýlaşmakda we gaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde bu halkara forumyň işiniň netijeli boljakdygyna berk ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter