Şanly sene mynasybetli konsert | TDH
Medeniýet

Şanly sene mynasybetli konsert

опубликованно 18.05.2018 // 1068 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzyň owadan künjekleriniň birinde ýerleşen açyk sahna meýdançasynda geçirilen sungat ussatlarynyň konserti ählihalk baýramçylygynyň - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň ajaýyp döredijilik waspnamasy bolup ýaňlandy.

Bu baýramçylyk halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan gadymy däpleriniň - parahatçylyk döredijiligiň, dostanalygyň we ynsanperwerligiň dabaralanýandygyny alamatlandyrýar, demokratik hukuk döwletiň mizemez esaslaryny, jemgyýetiň jebisligini hem-de ählumumy ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk etmek üçin ýurdumyzyň açykdygyny ýüze çykarýar.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy erkinligiň, türkmen halkynyň azatlygynyň we gülläp ösmeginiň, Watanymyzyň ajaýyp häzirki gününiň we röwşen geljeginiň nyşany bolup, ýaşyl Tugumyz buýsanç bilen pasyrdaýan mähriban topragymyzda durnuklylygyň we ylalaşygyň kepilidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasat ugrunyň netijesinde biziň Döwlet baýdagymyz dünýäde örän bellidir. Ol abraýly halkara guramalaryň baýdak sütünlerinde parlap, türkmen halkynyň belent ynsanperwer maksatlara ygrarlydygyny, onuň parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga hem-de netijeli gatnaşyk etmäge tarap yzygiderli ymtylmalaryny alamatlandyrýar. Watanymyzyň mukaddes ýaşyl Tugy biziň türgenlerimiziň ýeňişleriniň hormatyna dünýäniň iri sport forumlarynda barha köp belende galdyrylýar.

“Biz jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragyny kepillendirýän Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanyp, milli guwanjymyza öwrülen ýaşyl Tugumyzyň astynda Türkmenistanyň iň täze taryhyny döredýäris. Eziz Watanymyzyň ykdysady, durmuş-medeni ösüşi babatda dünýäniň iň ösen döwletleriniň derejesine çykmagyna, ilkinji nobatda bolsa, halkymyzyň asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalarymyzy we özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys” diýlip, milli Liderimiziň baýramçylyk güni mynasybetli Gutlagynda bellenilýär.

Biziň Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanç duýgymyz, türkmen jemgyýetiniň ýokary ruhy göterilişi Garaşsyzlyk şaýoly bilen Gypjak köçesiniň aralygyndaky meýdançada hem dabaralandy. Baharyň bu mylaýym agşamynda bu ýere köp sanly aşgabatlylar hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar.

Şu ýylyň ähli medeni çäreleri «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygary astynda geçýär. Bu şygar ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň maksatnamasyny şöhlelendirýär. Ol bolsa köpasyrlyk taryhy tejribä, medeni däplere hem-de umumadamzat gymmatlyklaryna daýanýar.

Hut şu pikir häzirki konsertiň sazlaşyklylygyny kesgitledi. Türkmenistanyň Döwlet horunyň, folklor toparlaryň we meşhur aýdymçylaryň gatnaşmagynda baýramçylyk konsertini “Ýaşyl Tugly Türkmenistan!” diýen kompozisiýa açdy.

Milletimiziň mukaddes nyşanlarynyň hormatyna geçirilen dabaralarda kuwwatly ruhy mazmun jemlendi, ol belent raýatlylygy we watançylygy terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir, bu bolsa baýramçylyk konsertiniň maksatnamasynda öz beýanyny tapdy. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk, ynsanperwerlik we döredijilik syýasaty netijesinde gazanylan iri möçberleri özgertmeleri hem-de üstünlikleri wasp edýän watançylyk eserleri, şeýle hem tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşýan söýgi aýdymlary sazlaşykly utgaşdy.

Etnografik çykyşlar aýratyn öwüşgin bilen tapawutlandy. Olarda halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gelip ýeten däp-dessurlary janlandyryldy.

Meşhur aýdymçylar we sazandalar, ýurdumyzyň belli döredijilik toparlary, şeýle hem abraýly döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri bolan ýaş ýerine ýetirijiler tomaşaçylara öz zehinlerini görkezdiler. Bu bolsa milli sungatyň iň oňat däpleriniň nesilden-nesle geçýändiginiň deňsiz-taýsyz ähmiýetini äşgär edýär.

Konsertiň ahyrynda küştdepdi ýerine ýetirildi. Milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy däp-dessurlary görkezýän bu şowhunly tans biziň günlerimizde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň welaýatlarynyň folklor-tans toparlary ony ajaýyp ýerine ýetirip görkezdiler.

“Ýaşa sen, Arkadag!” diýen aýdym konsertiň jemleýji joşgunly aýdymy bolup ýaňlandy. Ol halkymyzyň öz milli Lideriniň töweregine jemlenen mizemez agzybirligini we jebisligini wasp etdi.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaralar paýtagtymyzyň kinokonsert merkezlerinde, şeýle hem depesinde ýurdumyzyň Tugy parlaýan belent baýdak sütünleri oturdylan welaýat merkezleriniň meýdançalarynda geçirildi. Ähli şäherlerde we obalarda, teatrlarda, döwrebap medeniýet öýlerinde, açyk sahna meýdançalarda edebi-sazly kompozisiýalar ýerine ýetirildi, Garaşsyz Watanymyzy, ýurdumyzyň mukaddes nyşanlaryny, döredijiligi we ylhamy wasp edýän ajaýyp aýdymlar ýaňlandy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter