Türkmenistanyň Prezidenti Onuň Alyhezreti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Onuň Alyhezreti jenap Muhammad Nawaz Şarifiň BILELIKDÄKI MAGLUMATY | TDH
Resminamalar

Türkmenistanyň Prezidenti Onuň Alyhezreti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Onuň Alyhezreti jenap Muhammad Nawaz Şarifiň BILELIKDÄKI MAGLUMATY

опубликованно 20.05.2015 // 822 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif 2015-nji ýylyň 20—21-nji maýynda Türkmenistana resmi sapary amala aşyrdy. Pakistanyň Premýer-ministriniň ýanynda ýokary derejedäki wekiliýet boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri 2015-nji ýylyň 20-nji maýynda Aşgabatda ikitaraplaýyn, sebit we halkara gatnaşyklary ulgamyndaky meseleler boýunça gepleşikleri geçirdiler.

Iki döwletiň ýolbaşçylary Türkmenistany we Pakistany halklaryň ýüreklerinde çuňňur orun alan ysnyşykly bitewülik we özara hormat goýmak ýörelgeleri bilen häsiýetlenýän aýratyn gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny bellediler. Iki Tarap öz halklarynyň arasyndaky dostluga we gatnaşyklary pugtalandyrmaga ilkinji derejede ähmiýet berýärler.

Uly mähir we dostluk ruhy bilen häsiýetlenen gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň ýolbaşçylary dürli meseleler boýunça giňişleýin gepleşikleri geçirdiler we pikir alyşdylar. Taraplar öz halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän we sebitleýin parahatçylygy, durnuklylygy ösdürmekde we sebitiň gülläp ösmeginde möhüm şert bolup durýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn kämilleşdirmäge çalyşýandyklaryny beýan etdiler.

Iki döwlet hem ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, ähli guramalarda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda, Goşulyşmazlyk hereketinde, 77-Toparynda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda sebit parahatçylygyna, ilerlemegine we gülläp ösüşine ýardam bermek maksady bilen, hyzmatdaşlygy ösdürmäge doly çalyşýarlar. Taraplar yzygiderli gepleşikleri ýola goýmagy we özara gyzyklanma bildirilýän sebit we ählumumy meseleleri boýunça geňeşmeleri hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi karar etdiler.

Premýer-ministr Türkmenistanyň gülläp ösmegini üpjün etmek boýunça Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyna ýokary baha berdi. Pakistanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň yglan edilmeginiň 20 ýyllygy bilen Türkmenistany gutlady we bu başlangyjy Pakistanyň goldaýandygyny tassyklady.

Taraplar ähli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliginiň bardygy bilen ylalaşdylar. Olar üpjünçilik ulgamlaryny, mineral serişdeleri, oba hojalygyny, multimediýa tehnologiýalaryny öndürmegi, bank işini, daşky gurşawy goramagy we energetikany höweslendirmek üçin söwda, ykdysady, maliýe we beýleki ugurlarda amatly şertleri döretmegi hem-de möhüm taslamalary amala aşyrmagy ylalaşdylar. Türkmenistan Pakistanyň energiýa ýetmezçiligini kanagatlandyrmak üçin ony energiýa serişdeleri bilen üpjün edip biler. Taraplar sebit we sebitüsti hyzmatdaşlygy bilelikde amala aşyrmagy ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Taraplar Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň ähmiýetini bellediler we bu möhüm sebit taslamasyny çalt amala aşyrmak üçin çäreleri görmegi karar etdiler.

Ulag we kommunikasiýa aragatnaşygyny döretmek arkaly ulag gatnaşyklaryny kämilleşdirmek barada karar kabul edildi. Iki döwletiň geoykdysady we geosyýasy taýdan ähmiýetini nazara almak bilen, Türkmenistan we Pakistan ileri tutmak esasynda howa, awtomobil we demir ýollaryny ýola goýmaga aýratyn üns bermegi karar etdiler.

Pakistanyň Premýer-ministri sebitde köp sanly döwletleri birleşdirýän örän möhüm demir ýol geçelgesiniň gurluşygy bilen Türkmenistanyň Prezidentini gutlady. Pakistan tarapy söwdany ösdürmek üçin Pakistanyň deňiz portlaryny Türkmenistanyň peýdalanmagyny goldady. Türkmenistan Gwadar deňiz portunyň üpjünçilik mümkinçiligi we suwuklandyrylan we komprimirlenen tebigy gazy suwuklandyrmak boýunça öz zawodlaryny döretmekde Türkmenistana elýeterli görnüşler bilen tanyşmak üçin bu ýere öz wekiliýetini iberip biler.

Türkmenistan hem terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşde Pakistanyň tagallalaryny goldaýandygyny beýan etdi. Taraplar howpsuzlyk, terrorçylyga garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy, şeýle hem neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga we beýleki howplara garşy göreşde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi karar etdiler.

Iki döwletiň ýolbaşçylary medeniýet, ylym, sungat, syýahatçylyk we sport babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada karar kabul etdiler.

Taraplar 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmek üçin ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar.

Onuň Alyhezreti Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif mähirli kabul edişlik üçin, Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Pakistan Yslam Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti çakylygy minnetdarlyk bilen kabul etdi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar boýunça ylalaşylar.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri
Muhammad Nawaz ŞARIF.

Aşgabat şäheri, 2015-nji ýylyň 20-nji maýy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter