Oraza aýy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlaglar gelip gowuşýar | TDH
Syýasat habarlary

Oraza aýy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlaglar gelip gowuşýar

опубликованно 17.05.2018 // 1299 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli, ägirt uly şatlyk bilen Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan edýärin.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk hem-de bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa ähli gowulyklary we abadançylyk hem-de gülläp ösüş, tutuş musulman ymmatyna bagtyýarlyk dileg edýärin.

Meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy, dostlugymy we belent hormatymy kabul ediň.

Siziň doganyňyz,

Halyfa bin Zaýed AL NAHAÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Müsüriň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli, tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Beýik Biribardan türkmen halkynyň ähli doga-dileglerini kabul etmegini, bütin musulman ymmatyna ösüş we abadançylyk dileg edýärin.

Jenap Prezident we gadyrly doganym, Size mübärek Oraza aýyny arzuw edýärin.

Abdel Fattah AL SISI,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli, Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýollaýaryn.

Size berk jan saglyk we bagt, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň.

ABDULLA II,
Iordaniýanyň Patyşasy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli, Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Beýik Biribardan Size ähli gowulyklary hem-de abadançylyk, tutuş musulman ymmatyna bolsa ösüş we rowaçlyklar dileg edýärin.

Meniň tüýs ýürekden gutlaglarymy, mähirli dostlugymy we hormatymy kabul ediň.

Siziň doganyňyz,

Mohammed bin Raşid AL MAKTUM,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti,
premýer-ministri,
Dubaýyň häkimi.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli, Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Beýik Biribardan Size ähli gowulyklary we abadançylyk, bütin musulman ymmatyna bolsa ösüş hem-de rowaçlyklary dileg edýärin.

Meniň mähirli gutlaglarymy, dostlugymy we hormatymy kabul ediň.

Siziň doganyňyz,

Mohammed bin Zaýed AL NAHAÝAN,
Abu-Dabiniň Mirasdüşer şazadasy,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter