Sebit işçi toparynyň mejlisi | TDH
Jemgyýet

Sebit işçi toparynyň mejlisi

опубликованно 16.05.2018 // 1204 - просмотров
 

Paýtagtymyzyň “Grand Türkmen” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda “Aral deňzi sebitindäki ýurtlara ýardam etmek boýunça hereketleriň maksatnamasyny” (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça Sebit işçi toparynyň birinji mejlisi geçirildi, ol Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna (AHHG) başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralýar.

Duşuşyk “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak” atly halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň maksatnamasynyň (GIZ) ýardam etmeginde AHHG-niň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guraldy. Oňa Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetindäki, Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyndaky (DÖDT), Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparyndaky (DUSHT) wekilleri, ADSM-4-i işläp taýýarlamak hem-de AHHG-niň işiniň düzümleýin-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek boýunça iş toparlaryň düzümine girýän bilermenler, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň (CAREC) hem-de Bütindünýä bankynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Duşuşyga gatnaşyjylar bu ugurda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli syýasatyna ýokary baha berdiler. Milli Liderimiz Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG) işini has-da berkitmek we kämilleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Ady agzalan gurama möhüm sebit düzümi bolup, Aral ýakasynyň ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak babatda hyzmatdaşlygy üpjün etmegi ugur edinýär.

Duşuşygyň gün tertibine laýyklykda, bu ýere ýygnananlar ADSM-4-iň maksatlaryny, wezipelerini, düzümini we esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ol Aral meselesiniň netijeleriniň hötdesinden gelmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we olaryň halkara hyzmatdaşlarynyň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk maksatnamasy bolmalydyr.

Bu maksatnamanyň esasy ugurlary — sebitiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam etmek, Aral deňzi sebitinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak, AHHG-niň çäklerinde düzümleýin-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek bolup durýar. Olaryň her biri boýunça AHHG-ni esaslandyryjy döwletler we onuň iş guramalary tarapyndan anyk teklipler aýdyldy.

ADSM-4-e giriziljek hem-de üçünji müňýyllygyň durnukly ösüşiniň ählumumy maksatlaryna laýyk gelmeli milli we sebit taslamalarynyň ölçegleri babatda pikir alşyldy. ADSM-4-i ýerine ýetirmegiň, gözegçilik etmegiň we netijelerine baha bermegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem täze maksatnamany taýýarlamagyň esasy döwürleri we möhletleri bellenildi.

Mejlisde “Suw — energiýa — azyk” özara baglanyşygyny güýçlendirmek arkaly köpugurly maliýeleşdirmegiň mümkinçiliklerini peýdalanmak boýunça Merkezi Aziýa gatnaşyklary” (Nexus) taslamasy hakynda maglumat berildi. Ol Merkezi Aziýanyň sebit ekologiýa merkezi tarapyndan Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşigi bilen bilelikde, Ýewropa Bileleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde amala aşyrylýar. Bu taslama suw, energetika we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny berkitmegi ugur edinýär, munuň özi ekologiýa özeni bilen berk baglydyr. AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň hem-de CAREC-niň arasynda geçen ýylyň güýzünde gol çekilen hyzmatdaşlyk hakynda ähtnama laýyklykda oňa Türkmenistan hem gatnaşýar.

Ertir, 17-nji maýda duşuşyga gatnaşyjylar AHHG-niň şertnamalaýyn-hukuk binýadyna we hereket edýän düzümine geçirilen seljermäniň esasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň düzümleýin-hukuk gurallaryny has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter