Resmi habar 13-nji Iýun | TDH
Resminamalar

Resmi habar 13-nji Iýun

опубликованно 13.06.2015 // 987 - просмотров
 

Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň 361-sini Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy beýleki dahylly ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek barada ýüz tutan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek işlerini Türkmenistanyň Prezidentine degişli teklipleri bermek üçin dowam etdirmäge borçly edildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter