Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

опубликованно 29.04.2018 // 1007 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirliginiň başlygy W.Woronkow bilen duşuşdy. Myhman ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanylan halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Myhman bu şanly waka bilen gutlap, Türkmenistanyň Baştutanyna adamzat ösüşiniň altyn gaznasyna giren türkmen halkynyň gymmatly mirasy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny bütin dünýäde artdyrmak hem-de wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işlerde üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen BMG-niň gatnaşyklarynyň ösýän depginini kanagatlanma bilen nygtady. Muny bolsa hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti tassyklaýar. Häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi munuň netijeleridir.

BMG-niň ýokary wezipeli wekili Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde özüni tanadan ýurt bolan Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmak mümkinçiligine örän şatdygyny belläp, döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça halkara gatnaşyklarda Türkmen döwletiniň tutýan işjeň ornuny nygtady. Munuň özi örän gymmatly tejribedir, ýeke-täk maksat bolan Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ylalaşygyň bähbidine bilelikdäki hereketleriň köptaraply guraly hökmünde oňa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly isleg bildirilýändigi gürrüňsizdir.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Bu bolsa milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hem-de Müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalarda öz beýanyny tapar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter