Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna | TDH
Syýasat habarlary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna

опубликованно 29.04.2018 // 1347 - просмотров
 

Eziz watandaşlar!
Hormatly atşynaslar!

Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda behişdi bedewlerimiziň şanyna giňden we uly dabara bilen bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize halkymyzyň milli buýsanjy bolan türkmen bedewlerini ösdürip kemala getirmekde we ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atşynaslyk we seýisçilik işleriňizde bitirýän hyzmatlaryňyz üçin çäksiz minnetdarlyk bildirýärin!

Hormatly atşynaslar!

Aslyýeti merdanalyga, gahrymançylyga ýugrulan türkmen halkynyň ýaşaýşynyň ähli döwürlerinde gamyşgulak bedewlerimiz şan-şöhratly taryhymyzy bezäp gelipdir. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşysy hasaplanýan ahalteke bedewleri halkymyzyň genji-hazynasydyr, köňül buýsanjydyr we milli mirasydyr. Behişdi bedewlerimiz gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, toý gününde ýürekdeş syrdaşy bolupdyr. Ahalteke bedewleri özüniň owadanlygy, gylyk-häsiýeti we düşbüligi bilen bütin dünýäde giňden tanalypdyr.

Halkymyz mukaddeslik derejesine ýetiren bedewlerini ajaýyp şaý-sepler, altyn-kümüş esbaplary bilen bezäpdir. Ata-babalarymyzyň şeýle ajaýyp ýörelgeleri häzirki döwrüň zergärçilik sungatynda hem giňden dowam etdirilýär.

Şeýle hem eziz Diýarymyzda tutulýan toý-baýramlarda türkmen ýigitleriniň ýerine ýetirýän at üstündäki oýunlary toýlara gatnaşýan ildeşlerimizde we daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak uly täsirleri galdyrýar.

Hormatly atşynaslar!

Ýurdumyzda atçylyk sungatyny we atçylyk sportuny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň bilen birlikde, atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça dünýäniň dürli döwletleri bilen alnyp barylýan ýakyn hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňelýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy we olaryň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe atçylyk sungatynyň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzda atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Ussat atşynaslary, seýisleri we çapyksuwarlary taýýarlamak boýunça ýörite okuw merkezleri döredilýär. Aşgabat atçylyk sport toplumynda gurlan bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiklerini guramak üçin açyk manežiň ýurdumyzda atly sporty ösdürmäge uly itergi berjekdigine berk ynanýaryn!

Gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna atlaryň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň girizilmegi hem ýaşlarymyzda atly sporta söýgini has-da ösdürýär. Türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende göterýär.

Türkmen atşynaslary tarapyndan behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak we olaryň baş sanyny artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Geljekde hem ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge, bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli tejribeleri alyşmaga, netijeli hyzmatdaşlyk etmäge hem-de atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini has-da gowulandyrmaga döwletimiz tarapyndan uly goldaw berler.

Hormatly atşynaslar!

Gadymy döwürlerden bäri türkmen topragynda ösdürilip kemala getirilen we umumadamzat gymmatlygyna öwrülen nurana bedewlerimiz dünýäniň arassa ganly, tohum atlarynyň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Eýesine wepadarlygy, ýyndamlygy bilen türkmen halkynyň buýsanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň köňül zynaty, uçar ganaty hasaplanýar.

Türkmen ýigitleri bilen bedew atyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary ajaýyp nusgawy eserlerimizde hem giňden şöhlelendirilýär. Muňa türkmen halk döredijiliginde çuň many-mazmunly, ynsanyň dünýägaraýşyny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe bolan nakyllardyr atalar sözleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. «At agynan ýerde toý bolar», «Irden tur, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «Aty baryň ganaty bar», «Ýüwrük ata baha bolmaz» ýaly ençeme nakyllary döreden merdana halkymyz özüniň ýaşaýyş-durmuşyny atsyz göz öňüne getirip bilmändir. Sebäbi, ahalteke bedewleri türkmen topragynyň gudratydyr, türkmeniň ganatydyr, buýsanjydyr!

Eziz watandaşlar!
Hormatly atşynaslar!

Sizi bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň şanyna uly dabaralara beslenip bellenip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek we ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter