Türkmenistanda Wýetnamyň ilçisi işe başlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanda Wýetnamyň ilçisi işe başlady

опубликованно 26.04.2018 // 999 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ngo Dyk Mandan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärçilikli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmek işinde üstünlikler arzuw etdi. Wýetnamyň doly ygtyýarly wekili Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmelere ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçä döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi. Dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak şol syýasatyň esasy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Ilçi milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler we maksatnamalar bilen tanyşdyryldy.

Jenap Ngo Dyk Man Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere uly gyzyklanma bildirip, syýasy we durmuş-ykdysady ösüşinde uly üstünlikleri gazanan ylalaşdyryjy döwletde öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Türkmenistanyň we Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, ilçi öz ýurdunyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge ymtylýandygyny belledi.

Şeýle hem dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili türkmen parlamentiniň düzümi hem-de kanunçykaryjylyk işi, halkara gatnaşyklary ýola goýmak tejribesi bilen tanyşdyryldy.

Jenap Ngo Dyk Man öz ýurdunyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, türkmen-wýetnam gatnaşyklaryny üstünlikli ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň döwrüň ýagdaýlaryna hem-de özara bähbitlere laýyk gelýän täze derejä çykjakdygyna ynam bildirdi.

* * *

Ilçi Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Daşary işler ministrliginde kabul edildi, bu ýerde Türkmenistanyň we Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda giňeltmek mümkinçiligine seredildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter