Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli marafon we konkur bäsleşikleri | TDH
Jemgyýet

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli marafon we konkur bäsleşikleri

опубликованно 25.04.2018 // 1473 - просмотров
 

Şu gün Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň günorta künjegindäki Köpetdag şaýolunyň ugry boýunça däp bolan marafon bäsleşigi boldy. Onda saýlama bedewler 60 kilometrlik aralyk boýunça güýç synanyşdylar. Şeýle hem Aşgabadyň açyk manežli atçylyk sport toplumynda päsgelçiliklerden bökmek bäsleşigi boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli aladasy netijesinde Türkmenistanda atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň wagyz edilmegine uly üns berilýär. Olaryň biri bedewleriň dürli tebigy we howa şertlerinde uzak aralygy geçmek boýunça çydamlylygyny kesgitlemek üçin gadymy döwürlerden bäri geçirilýän marafon ýaryşlarydyr.

Häzirki döwürde ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň taryhy mekany bolan Türkmenistan halkara bileleşik üçin dünýä atşynaslygynyň iri merkezine öwrülýär. Bu ýerde “ganatly bedewleri” köpeltmek we ösdürip ýetişdirmek boýunça gadymy däpler döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde döwrebap ösüşe eýe boldy.

“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň guran marafon ýaryşyna ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan janköýerleriň köp sanlysy gatnaşdy. Olaryň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisine, Halkara sergi-ýarmarkasyna hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly X halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar bar.

Ir bilen ýaryşa gatnaşyjylar we tomaşaçylar paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjegindäki Halkara atçylyk sport toplumynyň ýanyndaky ajaýyp künjege ýygnandylar. Dag eteginiň gözel ýerleriniň birinde ak öýler dikildi. Folklor toparlarynyň, estrada aýdymçylarynyň we bagşylaryň çykyşlary şu günki wakalara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Alypbaryjy Türkmenistanda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen hemmeleri gutlap, bu günki ýaryşyň eminler toparynyň düzümini yglan etdi. Olaryň hatarynda türkmen atşynaslary bilen bilelikde daşary ýurtly hünärmenler hem bar.

Uzak aralyga geçirilýän ýaryş iki tapgyrdan ybarat bolup, şolaryň her biri 30 kilometre barabardyr. Onuň ugry Köpetdag şaýolunyň ugrundan geçýär. Marafon ýaryşyna 4 ýaşardan 14 ýaşara çenli bolan ahalteke bedewleriniň 30-a golaýy gatnaşdy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna, Milli atçylyk sporty merkezine we “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň welaýatlardaky athanalaryna hem-de Türkmenistanyň Içeri işler we Goranmak ministrliklerine, hususy atşynaslara degişli bedewler bar.

Bu ugurda “ganatly bedewler” diňe bir ýyndamlyk däl, eýsem, ýaryş mahaly çydamlylyk taýdan hem özlerini görkezmelidir. Bäsleşige gatnaşýan bedewler iki gezek lukmançylyk gözegçiliginden geçirildi. Çünki olaryň saglyk görkezijileri ykrar edilen halkara kadalaryna laýyk gelmelidir.

Bu ýaryşlar türkmen halkynyň ganaty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň beden taýýarlygyna, çydamlylygyna ýene bir ýola göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Çapyksuwarlar bedewleriň uzak aralyga bolan mümkinçiliklerini dürs hasaba alyp, öz ussatlyklaryny görkezýärler. Munuň özi ýurdumyzyň seçgiçileriniň we seýisleriniň ýeten derejesini äşgär edýär.

Marafon ýaryşynda ýeňiji bolanlara Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralýan dabaralarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan baýraklar gowşurylar.

Günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary Aşgabatdaky açyk manežli atçylyk sport toplumyna ýygnandylar, bu ýerde sportuň olimpiýa görnüşleriniň biri bolan konkur (päsgelçiliklerden geçmek) boýunça ýaryşlar geçirildi.

Däp bolan at çapyşyklary halkymyzyň arasynda asyrlaryň dowamynda meşhur bolupdyr. Şeýle-de bolsa, türkmen çapyksuwarlary gadymy atşynaslyk ýörelgelerine ygrarly bolup, sportuň täzeräk görnüşleriniň biri — konkur boýunça hem ýokary netijeleri gazanmagy başarýarlar.

Bu günki bäsleşiklere Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna, Milli atçylyk sporty merkezine we ýurdumyzyň Goranmak ministrligine degişli bedewleriň 20-ä golaýy gatnaşdyrylýar.

Ýaryşyň öňdebaryjylarynyň biri Toýçy atly bedewde çykyş edýän Nikolaý Beglarýan boldy. Ol Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçen ýylyň sentýabrynda Aşgabatda üstünlikli geçen V Aziýa oýunlarynda ähli päsgelçiliklerden dürs geçip, altyn medaly eýeläpdi. Mälim bolşy ýaly, konkur hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ilkinji gezek Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleriniň atçylyk sportundaky şöhratly ýoluny mynasyp dowam etdirmäge, sportuň şu görnüşi boýunça ukyplaryny doly açmaga mümkinçilik döretdi.

Şu günki ýaryşlaryň kadasyna laýyklykda, çapyksuwar bu ýerde oturdylan päsgelçilikleriň 12-sini iki tapgyrda geçmeli. Şolaryň birinji tapgyrdaky beýikligi 1 metr 10 santimetre, ikinji tapgyrdaky beýikligi bolsa 1 metr 20 santimetre barabardyr. Ikinji tapgyrda jerime utuklaryny az gazanan we ýokary tizligi görkezen ýeňiji bolýar.

Bäsleşikler çapyksuwarlaryň bedewlere erk etmekdäki ýokary ussatlygyny görkezdi. Munuň özi ahalteke bedewleriniň diňe bir ajaýyp beden taýýarlygyna eýedigini däl, eýsem, olaryň päsgelçiliklerden bökýän pursatlarynda deňagramlylygy saklamaga bolan ukyplylygyny äşgär edýär. Şu ýerde hem ahalteke bedewleriniň “asman” atlary diýlip atlandyrylmagynyň ýöne ýerden däldigine göz ýetirýärsiň.

Konkur bäsleşiginiň ýeňijileri Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralarda yglan ediler.

Şu gün Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň fotosuratçylaryň, neşirýatlaryň işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda, metbugat önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli öňde boljak çäreleriň barşynda geçiriler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter