Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän halkara sergi-ýarmarka hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly X halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara | TDH
Syýasat habarlary

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän halkara sergi-ýarmarka hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly X halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

опубликованно 26.04.2018 // 1363 - просмотров
 

Hormatly halkara sergi-ýarmarka hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän halkara sergi-ýarmarkanyň açylmagy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly X halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň nepis halysy, altyn-kümüş şaý-sepleri ýaly, onuň gamyşgulak bedew aty hem milli baýlyklaryň biri hasaplanýar. Ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buýsanjydyr we asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň naýbaşysydyr. Şoňa görä-de, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmäge döwlet tarapyndan uly üns berilýär, tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şonuň bilen birlikde, ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri täzeden dikeldilip, türkmeniň atşynaslyk sungaty täze rowaçlyklara eýe bolýar. Ýyndamlygy hem-de gözelligi bilen şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmekde merdana pederlerimiziň ýoly täzeden dabaralandyrylýar. Ahalteke bedewlerine dünýä ýüzünde uly gyzyklanma bildirilýändigi göz öňünde tutulyp, daşary ýurtlardaky ahalteke atçylyk assosiasiýalary bilen özara hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

Gözel paýtagtymyzdaky Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkunyň täzelenmegi, Ahal welaýatynda Köpetdagyň etegindäki Halkara atçylyk sport toplumynyň hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi hem-de atçylyk sporty boýunça okuw merkeziniň döredilmegi eziz Diýarymyzda atçylyk sungatynyň ösmegine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

Hormatly myhmanlar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, seýle hem Türkmen bedewiniň baýramyny we onuň çäginde baýramçylyk dabaralaryny, bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek ýurdumyzda indi asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl hem baýramçylyk mynasybetli atçylyk pudagy boýunça halkara sergi-ýarmarkanyň geçirilýändigini we oňa dünýäniň ençeme döwletlerinden köp sanly myhmanlaryň gatnaşýandygyny bellemek örän ýakymlydyr.

Şonuň bilen birlikde, bu baýram mynasybetli geçirilýän «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly X halkara ylmy maslahata daşary ýurtlardan belli alymlaryň, atşynaslaryň we bilermenleriň gatnaşmagy ençeme müňýyllyklaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen ahalteke bedewlerimiziň dünýäniň tohum atlarynyň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hökmünde halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilmeginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda geçirilýän bu halkara sergi-ýarmarkanyň we ylmy maslahatyň döwletimiziň atçylyk pudagynda gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri bilen halkara jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrmakda, dünýäniň tejribeli atşynaslary bilen özara tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän dürli kompaniýalar we hususy atşynaslar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly adamlar!

Ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, atşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen türkmen atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we atçylyk bilen meşgullanýan beýleki hünärmenleri dünýäniň atçylyk pudagy boýunça ösen döwletlerinde yzygiderli iş saparlarynda bolýarlar. Halkara sergilere, bäsleşiklere we maslahatlara işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň Watanynda hem halkara derejedäki çäreleriň giň gerimde geçirilmegine özüniň täsirini ýetirýär.

Biz türkmen halkynyň uçar ganaty bolan ýelden ýüwrük behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermek, atly sport bäsleşiklerini, at üstündäki dürli milli oýunlary, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiklerini geçirmek we seçgi-tohumçylyk işini gowulandyrmak hem-de atçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen utgaşdyryp, has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere hemişe üns bereris.

Gadyrly myhmanlar!

Hormatly halkara sergi-ýarmarka we ylmy maslahata gatnaşyjylar!

Sizi Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän halkara sergi-ýarmarkanyň hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly X halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, egsilmez bagt we atçylygy ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter