Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 20.01.2015 // 863 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Men hormatly Allan F.Mastardy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.

Ol biziň ýurtlarymyzyň özara bähbitleri barada habarly bolup, aramyzdaky uzakmöhletleýin dostlukly gatnaşyklary saklamak we ösdürmek baradaky isleg-meýlimi goldaýar. Onuň tutanýerliligi we şahsy häsiýetleri öz üstüne ýüklenen wezipeleri Size makul derejede ýerine ýetirjekdigine mende uly ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi, onuň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň adyndan aýtjak zatlarynyň ählisine, aýratyn hem meniň Türkmenistanyň rowaçlygy baradaky iň gowy arzuwlarymy ýetirende, oňa ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Barak Obama,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter