Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi

опубликованно 23.04.2018 // 994 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Ýokary derejede geçirilýän nobatdaky türkmen-özbek duşuşygy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, tutuş sebitiň abadançylygynyň maksatlaryna kybap gelýän deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini esasy ugur edinýän döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýar. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn saparlaryň we duşuşyklaryň hem-de daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy Türkmenistan bilen Özbegistanyň giň möçberli hyzmatdaşlyga we ikitaraplaýyn ýakyn gatnaşyklary berkitmäge hem-de çuňlaşdyrmaga gyzyklanmalaryny görkezýär.

Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Daşkendiň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna uçaryň ýanyndaky haly düşelen ýodanyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri hatara düzüldi. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Asylly myhmansöýerlik däbine laýyklykda, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Milli Liderimiziň awtoulag kerweni howa menzilinden “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna ugrady. Bu ýerde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi .

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylady.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Soňra Prezident Şawkat Mirziýoýew türkmen kärdeşini kabulhananyň öňündäki meýdança çagyrýar. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary ýörite gurnalan ýere geçdiler. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlandy. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary hatara düzülen esgerleriň öňünden geçdiler.

Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli türkmen myhmanyny öz ýurdunyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem öz gezeginde özbek Liderini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň Özbegistan Respublikasynda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen tanyşdy.

Soňra Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş bilen meýdançadan geçip gidýärler.

Iki ýurduň Liderleri “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna geçdiler. Bu ýerde ýokary derejedäki ikiçäk türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli türkmen myhmanyny özbek topragynda görýändigine şatdygyny belläp, türkmen Liderini Daşkentde garşylamagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Özbek Lideri döwlet Baştutanymyzyň Özbegistana bu saparynyň däp bolan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolundaky täze möhüm ädimdigini belläp, şu gezekki gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek üçin ygtybarly binýat boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana döwlet sapary bilen gelmäge iberen çakylygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürip, döwletlerimiziň binýatlyk ruhy we taryhy gymmatlyklara, halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk söýüjilik hem-de ynsanperwer ýörelgelerine ygrarlydygyny, munuň bolsa abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ýygjam gatnaşyklar üçin oňyn binýat bolup hyzmat edýändigini belledi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, ähli ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, maýa goýumlary çekmek, giň möçberli taslamalara çykmak, işewür gatnaşyklary berkitmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Bu ugurda öňde durýan wezipeleri çözmekde Bilelikdäki hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda Özbegistanyň senagat harytlarynyň milli sergisi boldy we häzirki döwürde Daşkentde Türkmenistanyň milli sergisi geçirilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Ynsanperwer gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Iki ýurduň halklarynyň köpasyrlyk taryhy-medeni umumylygy hyzmatdaşlygyň möhüm binýadyny emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin özbek kärdeşine minnetdarlyk bildirip, bu gezekki duşuşygyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyra öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Birek-birege düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew ozal gazanylan we uzakmöhletleýin ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň çäklerinde türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň netijeli döwletara syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, özara bähbitli söwda-ykdysady hem-de netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga üýtgewsiz ygrarlylygy tassyklanyldy.

Şeýle hem taraplar sebit we özara gyzyklanma eýe bolan ählumumy gün tertibiniň birnäçe möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti özbek kärdeşini özi üçin amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar boýunça ylalaşylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli türkmen myhmanyny özbek topragynda tüýs ýürekden mübärekläp, özüniň Türkmenistana bolan saparynda görkezilen myhmansöýerligi aýratyn mähirlilik we hoşallyk duýgusy bilen ýatlaýandygyny belledi.

Özbegistanyň Baştutanynyň belleýşy ýaly, onuň ýurdunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki döwlet saparyna netijeli türkmen-özbek gatnaşyklarynyň yzygiderli we kanunalaýyk dowamaty hem-de dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we bähbitleriň umumylygy ýörelgeleriniň esasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taraplaryň ikitaraplaýyn islegleriniň tassyklanmasy hökmünde garalýar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň öňünde söwda-ykdysady, ulag, medeni-ynsanperwerlik mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek, şeýle hem parahatçylygy, abadançylygy we tutuş sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin uly ähmiýete eýe bolan giň mümkinçilikler açylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan ägirt uly şahsy goşandy, şeýle hem Türkmenistanda Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärliginiň ebedileşdirilendigi üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi hem-de muňa özbek halkynyň hakyky dost-doganlygyň nyşany hökmünde garaýandygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, 2017-nji ýyl hakykatdan-da, türkmen-özbek gatnaşyklarynda düýpli öwrülişige beslendi, muňa geçen ýyl iki ýurduň arasynda Strategiki hyzmatdaşlyk hakynda Aşgabatda gol çekilen şertnama hem şaýatlyk edýär. Dürli derejelerdäki netijeli duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze tapgyra çykaryp, ony ähli ugurlar boýunça iş ýüzünde täze many-mazmun bilen doldurdy diýip, özbek Lideri belledi.

Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň, GDA-nyň, Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň we beýleki halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde özara goldawy dowam etdirmek barada ylalaşdylar, terrorçylyga, ekstremizme, neşe söwdasyna, guramaçylykly jenaýatçylyga we beýleki ählumumy howplara we wehimlere garşy durmakda ýakyn hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtadylar.

Özbegistan bilen Türkmenistan parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, sebit we ählumumy derejede özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny döretmek ugrunda çykyş edýärler.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Şawkat Mirziýoýew türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň ähmiýetini nygtady, onuň amala aşyrylmagy sebit hyzmatdaşlygynyň bar bolan ägirt uly kuwwatyny doly peýdalanmaga mümkinçilik berer. Aýratyn bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolup, Türkmenistanyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de belende göterilmegine ýardam berýär.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda däp bolşy ýaly ykdysady hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär, şunda anyk netijeler gazanyldy. Hyzmatdaşlygyň şeýle depginlerini saklamak we ösdürmek möhümdir, bu babatda biz kärhanalarymyzyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegine bil baglaýarys diýip, Özbegistanyň Baştutany sözüni dowam etdi. Gürrüň önümçilik pudaklarynda hyzmatdaşlyk, serhetýaka etraplaryň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak barada gidýär, bu ýerde munuň üçin uly mümkinçilikler bar.

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň birini kesgitläp, özbek Lideri bu strategiki ugurda netijeli başlangyçlaryň ençemesini öňe süren Türkmenistanyň Prezidentiniň sebit, ulag-üstaşyr düzümleriniň ösdürilmegine goşan uly şahsy hyzmatyny nygtady.

Prezident Şawkat Mirziýoýew ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň möhümdigi barada aýdyp, onuň türkmen we özbek halklarynyň köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklary bilen berkidilendigini belledi. Özbegistanda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň eserlerine belent sarpa goýulýar we ony bilýärler, Daşkendiň köçeleriniň biri beýik şahyryň adyny göterýär. Meşhur söz ussadynyň we türkmen edebiýatynyň beýleki wekilleriniň kitaplary özbek diline terjime edildi we köpsanly nusgada neşir edilýär. Şu gün şeýle hem Daşkentde ajaýyp seýilgäh açylar, ol iki ýurduň arasyndaky mizemez dostlugyň täze aýdyň nyşanyna öwrüler, Özbegistanyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç alýan söýgüli künjegi bolar, türkmen halkynyň baý taryhyna we medeniýetine has içgin aralaşmaga mümkinçilik berer diýip, dostlukly goňşy döwletiň Baştutany aýtdy. Özbegistanda doganlyk Türkmenistan bilen köp ugurly gatnaşyklaryň hem-de strategiki hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtap, Prezident Şawkat Mirziýoýew türkmen Lideriniň şu gezekki saparynyň jemleriniň döwletara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrjakdygyna, onuň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna we ösdürilmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimize söz berilýär. Milli Liderimiz ýurdumyzyň wekiliýetiniň adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine mähirli kabul edilendikleri we myhmansöýerlik hem-de bilelikde netijeli işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki döwlet saparyna ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklarda örän möhüm tapgyrlaýyn waka hökmünde garalýandygyny belledi. Onuň esasy maksady ähli ugurlardaky türkmen-özbek gatnaşyklaryny berkitmekden, ösüşiň täze ugurlaryny we ýörelgelerini nazara almak bilen, Merkezi Aziýa sebitinde, tutuşlygyna alanyňda bolsa, halkara giňişliginde döwletara gatnaşyklarynyň täze aýdyň ugurlaryny kesgitlemekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz döwletara syýasy gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mazmunynyň hem-de ugrunyň toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, hereketlerimiziň ylalaşylan strategiýasyna we ykjam sazlaşygyna esaslanjakdygyna, ozaly bilen bolsa, iki halkyň hem-de döwletiň uzakmöhletleýin bähbitlerine tabyn boljakdygyna ynam bildirip, bu wezipeleri durmuşa geçirmäge ähli esaslaryň bardygyny aýtdy.

Häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklary barha ýokary göterilýär. Soňky döwürde iki tarapyň tagallalary netijesinde, daşary söwda ulgamynda gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmakda anyk we işjeň ädimler ädildi, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ýörelgeleri ýola goýuldy. Ynsanperwer gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär. Döwletara gatnaşyklarynyň derejesi hem-de ynamdarlygy ýürekdeşligi we açyklygy ähli döreýän meseleleri netijeli ara alyp maslahatlaşmaga hem-de özara kabul ederlikli çözgütleri tapmaga mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistan hem-de Özbegistan sebit we ählumumy ösüşiň iň bir möhüm meselelerine çemeleşmelerini kemala getirmekde pikirdeşdir hem-de jogapkärçilikli hyzmatdaşlar hökmünde çykyş edýärler. Abraýly halkara guramalarynyň, birnäçe sebit düzümleriniň çäklerinde garaýyşlary utgaşdyrmagyň anyk gurallary işlenip taýýarlanyldy. Biziň ýurtlarymyzyň öňe sürýän tekliplerini we başlangyçlaryny özara goldamagyň iş usuly ýola goýuldy.

Türkmenistan BMG-de energiýa howpsuzlyk meselesini üpjün etmek, durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de sebit meseleleriniň möhüm ugurlary boýunça türkmen kararnamalarynyň taslamalaryny Özbegistan Respublikasynyň goldandygyny hoşallyk bilen belleýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynda Özbegistanyň eýeleýän hormat goýujylykly orny üýtgewsizdir.

Öz nobatynda, Türkmenistan goňşy döwletiň halkara meýdançalarynda BMG-niň saýlaw guramalaryna gatnaşmak baradaky başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Şeýle tejribeler öz miwesini berýär, bu mundan beýläk-de halkara giňişliginde biziň özara gatnaşyklarymyzy kesgitleýän usullaryň biri bolmalydyr.

Merkezi Aziýada pugta parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek iki ýurduň hyzmatdaşlygynda esasy ileri tutulýan ugurdyr. Türkmenistan hem-de Özbegistan sebit işlerinde, bu ýerde hakyky hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek ýagdaýyny döretmekde, bähbitleriň pugta deňagramlylygyny saklamakda, gapma-garşylyklara ýol bermezlikde özlerine nähili jogapkärçiligiň düşýändigine berk düşünýärler. Biziň ýurtlarymyz Merkezi Aziýada ykdysady ösüşi çaltlandyrmagyň iri möçberli halkara düzümleýin taslamalarynyň amala aşyrylmagynyň, söwda gatnaşyklaryny höweslendirmegiň, uzakmöhletleýin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň, sebiti yklymda ykdysady ösüşiň merkezleriniň birine öwürmegiň kepilini hem-de baş şertini hut şunda görýärler.

Häzirki wagtda bu wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ulgamlaýyn we uzakmöhletleýin esasda guraljak meňzeş syýasy gurallary, gatnaşyklaryň täze köptaraply görnüşlerini döretmek zerurdyr. Ýokary derejede Merkezi Aziýa döwletleriniň yzygiderli duşuşyklaryny guramak bu özara gatnaşyklaryň iň bir işjeň we netijeli durmuşa geçirilmesi bolup biler. Türkmenistan öz wagtynda hut şeýle teklibi öňe sürdi, şu ýylyň mart aýynda Astanada bolan sebitiň ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy bu taglymyň esaslydygyny görkezdi, onuň durmuşa geçirilmeginiň ugurlaryny aýdyňlaşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurda taýýarlyk işlerine başlamak babatda oýlanmagy, bilelikdäki anyk işleri ädimme-ädim ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi hem-de şolaryň anyk çözgütlerini kesgitlemegi mümkin iş hasaplaýandygyny belledi.

Öňi bilen bäştaraplaýyn bilermenler toparyny döretmek zerur. Ol ähli mazmunlaýyn we guramaçylyk işlerine öňünden garap biler. Nobatdaky tapgyrda gün tertibini işläp taýýarlamak we bäş ýurduň Prezidentleriniň duşuşyklaryny guramak boýunça degişli maslahatlary bermek üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň ýörite maslahatyny çagyrmak zerur. Şolaryň makullan halatynda hyzmatdaşlyk etmegiň täze görnüşini döretmek hakynda ýörite çözgüdiň kabul edilmegi üçin şeýle duşuşygy taýýarlamaga anyk girişmeli. Türkmen tarapy onuň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Maslahat beriji geňeşi diýlip atlandyrylmagyny teklip edýär. Ony maslahat beriş edarasy hökmünde görýär. Onuň mejlisi ylalaşylan gün tertibi esasynda sebitiň ýurtlarynyň paýtagtlarynyň her birinde nobatma-nobat geçirilip biler.

Merkezi Aziýada bolup geçýän ýagdaýlaryň möhümdigini, olaryň dünýädäki umumy ýagdaýa täsirini, dünýä jemgyýetçiliginiň sebitleýin işlere çekilişini nazara almak bilen, bu mejlislere BMG, ÝHHG, GDA ýaly iri halkara guramalarynyň, synçylar hökmünde birnäçe başga guramalaryň gatnaşmagyny mümkin iş diýip bilýäris.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu başlangyja garamagy we seljermegi teklip etdi. Türkmenistan iş ýüzünde makullanan ýagdaýynda ony durmuşa geçirmegiň anyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa döwletlerinde hyzmatdaşlyk etmegiň umumy we möhüm meseleleriniň bardygyna ynam bildirdi. Şolaryň halkara derejesinde gyzyklanýan hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda ýokary derejede, bäştaraplaýyn görnüşde, yzygiderli ulgamlaýyn derejede ara alyp maslahatlaşylmagy sebit ösüşiniň bütin barşyna iň oňyn täsir etmäge, ähli gatnaşyjylaryň bähbitlerini hasaba almak esasynda anyk ylalaşylan çözgütleri işläp taýýarlamak üçin täze mümkinçilikleri açmaga ukyplydyr.

Merkezi Aziýa döwletleriniň köptaraply hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hem suw we energetika meselesidir. Biziň ýurdumyz bu meselede anyk ornunyň barlygy, ýygy özara gatnaşyklara taýýarlygy üçin Özbegistana minnetdardyr. Türkmenistan hemişe sebitde suw, energetika meselesiniň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, her bir ýurduň bähbitlerini hasaba almagyň hem-de halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň gatnaşmagy esasynda çözülmelidigini beýan edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy sebitiň döwletleriniň arasynda netijeli gepleşik gurallarynyň ýola goýulmagy, ylalaşyklaryň, garaýyşlaryň işlenip taýýarlanylmagy üçin yzygiderli çykyş edýär. Diňe şeýle edilende, bu ugurda oňyn netijeler gazanylar hem-de berk we durnukly sazlaşyk üpjün ediler.

Türkmenistan Aralyň meselelerini çözmekde hem hut şeýle maksatlardan ugur alýar. Ýurdumyz Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk ediji hökmünde, gaznanyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak, onuň işini pugtalandyrmak we kämilleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Bu ugurda biz Özbegistan Respublikasy, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletler, halkara ýöriteleşdirilen düzümler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Awgustyň soňky ongünlüginde Aşgabatda gaznany esaslandyryjy ýurtlaryň sammiti geçiriler. Bu duşuşyga çözgütleriň anyk esasy taslamalary bilen barmak üçin ykjam taýýarlyk işleriniň geçirilmegi maksadalaýyk bolar.

Şol bir wagtyň özünde, suw hojalyk meseleleri boýunça Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary güýçlendirmegi zerur hasaplaýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda 1996-njy ýylda şertnama baglaşylandyr, şonuň esasynda iki döwletiň çäklerinden geçýän suw serişdeleri 50-50 ýörelgesi esasynda bölüşilýär. Türkmen tarapy bu resminamanyň ruhuna we mazmunyna anyk eýerilýändigi üçin özbek tarapyna minnetdardyr. Suw serişdeleri ýaly örän möhüm we jogapkärli ulgamda hyzmatdaşlyk etmekde bu iş örän möhüm pursat hasaplanýar. Munuň üçin Türkmenistan suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki Hökümetara toparyny döretmegi teklip edýär. Şeýle hem Amyderýanyň suwuny rejeli peýdalanmak hakyndaky ikitaraplaýyn Ylalaşygyň üstünde işläp geçmäge garamagy wagty gelen iş hasaplaýaryn. Bu çäreleriň hemmesiniň bu ulgamdaky türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny täze hil derejesine çykarmaga mümkinçilik berjekdigine ynanýaryn diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçmek bilen, Özbegistanyň Türkmenistanyň möhüm ykdysady hyzmatdaşydygyny belledi. Dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýetilen derejesine, hökümet we pudaklaýyn ugurlarda özara gatnaşyk etmekde toplumlaýyn tejribelere ýokary baha berilýär. Şunuň bilen birlikde, biz iki tarapda bar bolan kuwwatly mümkinçilikleriň söwdada, maýa goýumynda, senagatda, beýleki ugurlaryň birnäçesinde doly derejede işe girizilmändigini görýäris. Hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi bermek, öz iş düzümlerimizi, önüm öndürijilerimizi hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini gözlemäge, bilelikdäki taslamalary, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň ugurlarynda işläp taýýarlamaga gönükdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňky ýyllarda bu ugurlardaky tagallalaryň artandygyny, söwda-ykdysady gatnaşyklardaky işleriň işjeňleşendigini aýtmaly. Mart aýynyň başynda Daşkentde Bilelikdäki hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi. Onda özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Iki ýurduň önüm öndürijileriniň sergisi yzygiderli esasda geçirilip başlandy. 29 — 31-nji martda Aşgabatda geçen Özbegistanyň Milli senagatynyň sergisinde özbek kärhanalarynyň 60-dan gowragynyň önümleri görkezildi. Häzirki saparyň barşynda bolsa, Türkmenistanyň milli sergisi we türkmen-özbek işewürler maslahaty geçirilýär.

Geçen ýylyň mart we maý aýlarynda Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana saparynyň barşynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňyn esasdyr. Şu gün hem taraplar möhüm ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çeker, şolaryň öz wagtynda anyk durmuşa geçirilmegi indi biziň umumy wezipämiz bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm strategiki ugrudyr. Geçen ýylyň martynda Türkmenabat hem-de Farap şäherleriniň arasynda Amyderýanyň üstünde gurlan demir ýol we awtomobil köprüleriniň ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň netijeleriniň biridir. Tutuşlygyna alanyňda, ulag ulgamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy Merkezi Aziýada we çäkleşýän sebitlerde ösüşiň hereketlendiriji güýçleriniň biri, Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlarynda üstünlikli ykdysady goşulyşmagyň hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Bu ýerde gürrüň diňe bir gury ýol ugurlary barada gidenok. Biz Özbegistana Ýewropa hem-de Ýakyn Gündogar bazarlaryna, Gara we Orta ýer deňizleriniň sebitlerine çykmak üçin Türkmenistanyň Hazaryň kenaryndaky häzirkizaman port düzümlerini peýdalanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip edýäris. Hususan-da, türkmen tarapy Gruziýanyň, Türkiýäniň, Rumyniýanyň we beýleki döwletleriň Gara deňiz portlaryna çykmaga mümkinçilik berjek Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi — Günorta Kawkaz geçelgesini döretmek baradaky bilelikdäki işe girişmäge taýýar.

Şu ýylyň 2-nji maýynda Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portunyň dabaraly açylyşy bolar. Ol yklym ähmiýetli ulag-logistiki merkez bolmalydyr. Bu wakanyň öňüsyrasynda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejedäki halkara maslahaty geçiriler. Ertesi güni, 3-nji maýda bolsa şol ýerde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna girýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahaty bolar. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň wekillerini bu çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistan özbek tarapynyň “Orta Aziýa — Ýakyn Gündogar” (Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman) ulag üstaşyr geçelgesini döretmäge işjeň gatnaşmaga taýýarlygyna ýokary baha berýär. Bu baradaky Ylalaşyga 2011-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda gol çekildi. Bu ylalaşygy ýerine ýetirmekde tagallalary işjeňleşdirmek üçin bu taslamany durmuşa geçirmegiň gönüden-göni ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi zerur hasaplaýaryn. Onuň möhletleri hem-de ölçegleri barada Türkmenistanyň we Özbegistanyň eýeleýän orunlary örän möhümdir. 2-nji maýda Türkmenbaşy şäherinde bu taslama gatnaşýan ulag kompaniýalarynyň işewürler forumyny geçirmegi göz öňünde tutýarys. Oňa türkmen tarapy özbek hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagyna garaşýar.

Yklymara ulag gatnawlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen baglylykda, Türkmenistan Özbegistan bilen Merkezi Aziýa, Hytaý ugry boýunça demir ýol gatnawyny ýola goýmagyň anyk işlerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.

Türkmen elektrik energiýasyny Türkmenistan — Özbegistan —Täjigistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ibermegiň taslamasyny amala aşyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Bu taslamalar boýunça türkmen-özbek hyzmatdaşlygy düýpli esaslandyrylandyr. Ol Ýewraziýada täze ulag-aragatnaşyk gatnawlaryny we energetika ugurlaryny kemala getirmekde iki ýurduň eýeleýän düýpli ornuny aýdyň görkezýär. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bu ugurlardaky hereketlerimizi utgaşdyrmak zerur bolup durýar, ol ýa-da beýleki meseleleri boýunça bitewi garaýyşlary sazlaşdyrmak we işläp taýýarlamak gerek. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bellenen taslamalaryň ähli sanawy boýunça ikitaraplaýyn maslahatlaryň tapgyryny geçirmegi hem-de mundan soňraky ädimlerimiziň ylalaşylan we jikme-jik seljerilen ýagdaýda bolmagy üçin sazlaşykly hereket etmegi öňe sürýändigini aýtdy.

Bu başlangyçlary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, olaryň Owganystan üçin hem ähmiýetlidiginiň üstünde durup geçesim gelýär. Bu ýurt Türkmenistanyň we Özbegistanyň umumy goňşusydyr, biz ony abadan, gülläp ösýän döwlet hökmünde görmek isleýäris. Bu maksatlara ýetmek üçin owgan tarapynyň düzümleýin taslamalara gatnaşmagy möhüm şertleriň biridir. Hut şeýle bolanda, Owganystan sebitdäki goşulyşmak arabaglanyşyklarynyň doly derejeli gatnaşyjysy, halkara söwda, ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň möhüm hem-de aýrylmaz halkasy bolup biler diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Türkmenistan bu işlere Owganystanyň doly derejede çekilmegi ugrunda çykyş edýär. Şu ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyry işe girizildi. Türkmenistan —Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň we Türkmenistan —Owganystan — Pakistan optika süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbi tutuldy, Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) ugry boýunça demir ýoly açyldy. Bu desgalardaky işler Owganystany ykdysady we durmuş taýdan täzeden dikeltmek işiniň, ýurtdaky ýagdaýlary parahatçylykly, döredijilikli ugra geçirmegiň möhüm tapgyrydyr. Owganystandaky ýagdaýlary syýasy taýdan kadalaşdyrmak barada aýdanyňda, Türkmenistan oňa diňe parahatçylykly, gepleşikler ýoly bilen ýetilip boljakdygyna ynanýar. Öz özbek hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde bu ugurda işlemäge taýýardyrys diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri yzygiderli esasda duşuşýar. Dürli maslahatlar we forumlar geçirilýär. Geçen ýyl Özbegistanda türkmen kinosynyň günleriniň we ýurdumyzda Özbegistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi şanly wakalar boldy. Şu ýyl hem bilelikdäki çäreleri geçirmek bellenilýär. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň Ylymlar akademiýasynyň arasynda däp bolan gatnaşyklar ösdürilýär.

Sportda hyzmatdaşlyk etmekde ajaýyp mümkinçilikler açylýar. 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna Özbegistanyň uly wekiliýetiniň gatnaşandygyny bellemeli. Bu bäsleşikler yklymda sport hereketiniň ösdürilmegine güýçli depgin berdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de ýurtlarymyzyň bu hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmalydygyny belledi.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhetdeş welaýatlarynyň arasyndaky gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär. Wekiliýetleriň alyş-çalşygy dowam edýär. Şeýle özara gatnaşyklar has-da giňeldiler.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmagyň we deňhukuklylygyň berk binýadyna esaslanýar. Hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýady işlenip taýýarlanylýar. Ähli döreýän meseleleri oňyn esasda çalt çözmäge mümkinçilik berýän duşuşyklar we maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Biz öz gatnaşyklarymyzda köpasyrlyk, taryhy-doganlyk arabaglanyşyklaryna, bizi birleşdirýän gymmatlyklara we ruhy baýlyklara, medeniýetimiziň, dilimiziň hem-de däp-dessurlarymyzyň umumylygyna daýanýarys. Şol birwagtyň özünde, biz netijeli ykdysadyýetiň, häzirkizaman düzümleriniň, tehnologik binýatlaryň we innowasiýalaryň döredilmeginiň döwletiň üstünlikli ösmeginiň kepili bolan häzirkizaman dünýäsiniň hakykatyna içgin düşünýäris. Türkmenistan we Özbegistan öz hyzmatdaşlygynda hut şu ýoldan aýgytly barýar.

Ikitaraplaýyn ysnyşykly hyzmatdaşlyk, halkara giňişligindäki işjeň özara gatnaşyk, ulag ulgamynda we energetikada bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi — bularyň hemmesi ýurtlarymyzyň aýdyň gazananlarydyr. Ählumumy abadançylyga we howpsuzlyga, sebitleýin ýagdaýlaryň durnuklylygyna, halklarymyzyň we döwletlerimiziň rowaçlygyna we gülläp ösüşine goşýan saldamly goşandydyr.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

2018 — 2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2019 — 2021-nji ýyllarda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk barada Maksatnama; Serhetýaka sebitlerde ýerleşen hojalyk desgalaryna hyzmat edýän adamlaryň türkmen-özbek serhedinden geçmegi hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky 2004-nji ýylyň 19-njy noýabryndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Teswirnama; «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda çagalaryň şypahana-sagaldyş bejergisi hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Ammiak selitrasyny üstaşyr geçirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda sebitara hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2019-njy ýylda hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasyna; Türkmenistanda we Özbegistan Respublikasynda Söwda öýlerini döretmek hakynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary söwda ministrliginiň arasynda Ylalaşyga; Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ösümlikleriň karantini boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ösümlikleriň karantini boýunça döwlet inspeksiýasynyň arasynda Ylalaşyga; Işewürler geňeşini döretmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Özbegistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda Ylalaşyga; «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy bilen «Uzstandart» agentliginiň arasynda 2018-nji ýylda hyzmatdaşlyk etmegiň çäreleriniň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Özbegistanyň Kärdeşler arkalaşyklary Federasiýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen Özbegistanyň Zenanlar komitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Özbegistanyň Ýaşlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Bu uly resminamalar toplumynyň şu gün döwlet Baştutanymyzyň goňşy ýurda bolan döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilen beýleki resminamalaryň üstüni ýetirendigini bellemek gerek. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň radio gulluklary tarapyndan ulanylýan 29,7 — 960,0 MGs radioýygylygy zolagynda alnan radioýygylyklary sazlamagyň tehniki esaslary boýunça Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalaryny ösdürmek we kommunikasiýalar baradaky ministrliginiň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistanyň Milli teleradiokompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama bar.

Resminamalaryň birnäçesi bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga degişlidir, has takygy olar iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny öz içine alýar. Ol resminamalar Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Buhara inžener-tehnologiýalar institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Islam Karimow adyndaky Daşkent döwlet tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty bilen Awtomobil ýollaryny taslamak, gurmak we ulanmak boýunça Daşkent institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Daşkent döwlet agrar uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Daşkent irrigasiýa we meliorasiýa institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmen oba hojalyk instituty bilen Daşkent döwlet agrar uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmen oba hojalyk instituty bilen Samarkant oba hojalyk institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Daşkent döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Daşkent döwlet tehniki uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmen döwlet maliýe instituty bilen Daşkent maliýe institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen Buhara döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Özbek döwlet dünýä dilleri uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Jemagat hojalygy instituty bilen Daşkent binagärlik-gurluşyk institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamadyr.

Şunuň bilen baglylykda, bu gezekki ikitaraplaýyn gepleşikleriň çäklerinde ilkinji gezek ýaşlar, kärdeşler arkalaşyklary, zenanlar guramalary hem-de teleýaýlymlar derejesindäki resminamalara gol çekilendigini aýratyn bellemeli. Ýokary okuw mekdepleriniň derejesindäki birnäçe Ylalaşyklara we Ähtnamalara hem gol çekildi. Munuň özi köpugurly türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň täze usullaryny we ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin pugta binýadyň döredilmegine ýardam edýär hem-de goňşy ýurtlaryň doganlyk haklaryny has-da ýakynlaşdyrar.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanansoň, iki ýurduň döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Gepleşikleriň jemini jemläp, Preziden Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli myhmana we türkmen wekiliýetiniň agzalaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Özbegistanda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine, amala aşyrylýan iri, giň möçberli maksatnamalara we ykdysady-durmuş ulgamyndaky taslamalara guwanylýar. Şunlukda, özbek Lideri görnükli syýasatçy we döwlet işgäri, goňşy döwletiň Baştutany — Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa möhüm orun degişlidigini belledi. Özüniň türkmen kärdeşine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirýän şahsy tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Özbegistanyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, geçen ýylyň iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryna has-da ösüşli bolandygyny we bu babatda çözülmedik meseläniň galmandygyny nygtady.

Özbek Lideriniň belleýşi ýaly, ol 2017-nji ýylda Türkmenistanda üç gezek saparda boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna bolan bu gezekki sapary taryhy waka bolmak bilen, ol ozal gazanylan ylalaşyklaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.

Şu gün uzak geljegi nazarlaýan, şol sanda ulag-aragatnaşyk, logistika ýaly möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri we taslamalary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Özbegistanyň Baştutany sözüni dowam etdi. Ýokary derejedäki ikitarapaýyn duşuşyklar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň, ähli pudaklardaky strategik esasdaky hyzmatdaşlygyň ösüşine kuwwatly itergi berer. Geçirilen gepleşikler onuň işjeňleşmegini şertlendirer.

Döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini nygtap, özbek Lideri şu ýylyň birinji çärýeginde iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 55 göterim ýokarlanandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Şawkat Mirziýoýew özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Geçirilen gepleşikleriň jemlerine doly kanagatlanma bildirip, Özbegistanyň Baştutany Türkmenistan bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy. Daşkentde şu gün açylýan “Aşgabat” seýilgähi munuň aýdyň nyşanydyr.

Telekeçilik ulgamy boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek hakynda gazanylan ylalaşyklar barada aýdyp, özbek Lideri iki ýurtda işewür maslahatlary we sergileri geçirmegiň däbe öwrülendigini nygtady.

Şeýle hem taraplar howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zamanyň wehimlerine garşy durmak, şeýle hem suw hojalyk meseleleri boýunça özara gatnaşyklary ýola goýmak we degişli topary döretmek ulgamynda halkara guramalarynyň çäklerinde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşdylar. Owgan meselesi gepleşikleriň aýratyn mowzugyna öwrüldi. Şunlukda Özbegistanyň Türkmenistanyň öňe sürýän işjeň başlangyçlaryny hemişe we mundan beýläk-de goldajakdygy bellenildi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň netijeli duşuşyklary hakyndaky özbek tarapynyň başlangyçlaryna goldaw berýändigi üçin özüniň türkmen kärdeşine hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde özara hyzmatdaşlygyň täze görnüşini döretmek hakyndaky teklibiniň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Şeýle hem Özbegistanyň Baştutany şu gün gol çekilen we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin pugta binýady emele getiren resminamalar toplumynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar öňde durýan wezipeleri çözmekde Bilelikdäki hökümetara toparynyň işini yzygiderli ösdürmek hakynda ylalaşdylar.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň belleýşi ýaly, ol döwlet Baştutanymyzy Owganystana parahatçylygy we durnuklylygy getirýän TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga berilmegi bilen gutlady. Şeýle hem Özbegistanyň bu taslama gatnaşmagy hakyndaky ylalaşygyň gazanylandygyny nygtady.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, özbek Lideri gepleşikleriň jemleri boýunça özbek çagalarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şypahana-sagaldyş meseleleri bilen baglanyşykly gol çekilen resminamalaryň biri barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Şawkat Mirziýoýew bu oňaýly deňiz şypahanasynda ähli zerur şertleriň döredilendigini belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Özbegistanyň çagalarynyň bu ýerde dynç almak mümkinçiligine eýe bolandygyny we olaryň mähirli kabul edilendigini uly guwanç bilen belledi.

Özbegistanyň Baştutany iki halkyň taryhynyň, ruhy-medeni kökleriniň we gadymy däpleriniň umumydygyny nygtady. Häzirki döwürde bu asylly däpler täze derejede dowam edýär we ol anyk meýillerde öz beýanyny tapýar. Magtymguly Pyragynyň eserleri we beýleki türkmen şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň kitaplary özbek diline terjime edilýär. Özbegistandaky mekdepleriň birnäçesinde türkmen dili öwredilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde türkmen filologiýasy okadylýar.

Geçirilen gepleşikleriň işjeň we netijeli häsiýete eýe bolandygyny belläp, Prezident Şawkat Mirziýoýew döwlet Baştutanymyzyň bu saparynyň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda şanly waka öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede geçirilen duşuşygyň jemleri barada aýdyp, gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljekki anyk ugurlarynyň kesgitlenendigini aýtdy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy beýan edildi. Iki ýurduň işewürler toparlarynyň ugry, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlyk tassyklanyldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ulag, aragatnaşyk, energetika ýaly strategiki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy. Iki tarapyň hem tagallalary netijesinde bu ugurlarda eýýäm uly işler durmuşa geçirildi. Geçen ýylyň mart aýynda Türkmenabat we Farap şäherleriniň arasynda Amyderýanyň üstünden demir ýol we awtomobil köprüleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleriniň biridir.

Ýurdumyz Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi — Günorta ugry boýunça ýewropa we ýakyn gündogar bazarlaryna çykmak üçin geçelgäni döretmek boýunça bilelikdäki işlere girişmäge taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz özbek tarapyna Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky häzirki zaman port düzümlerini peýdalanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip edendigini, Özbegistanyň wekillerini şu ýylyň 2-nji maýynda Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň açylyş dabarasyna hem-de Ulag meseleleri boýunça ýokary derejeli halkara maslahatynyň işine gatnaşmaga çagyrandygyny aýtdy.

Şeýle hem biz Merkezi Aziýa —Ýakyn Gündogar ulag geçelgesini döretmek boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmeginiň zerurdygy ugrunda çykyş edýäris. Elektrik energiýasy we energetika ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna umyt edýäris. Bu ugurlarda hereketlerimiziň utgaşdyrylmalydygy barada ylalaşyklar gazanyldy diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Gepleşikleriň dowamynda ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýeti, medeniýet, ylym, bilim we sport ulgamynda gatnaşyklaryň giňelýändigi bellenildi. Soňky döwürde Türkmenistanyň we Özbegistanyň goňşy sebitleriniň arasynda serhetýaka gatnaşyklary işjeňleşdirildi. Taraplar bu gatnaşyklary döwlet derejesinde has giňden goldamak barada ylalaşdylar.

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mazmuny barada aýdyp, ozaly bilen, bu gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we geljegi babatynda hem-de sebit we halkara ösüşiniň meýilleri babatynda garaýyşlaryň doly gabat gelýändigi bilen şertlendirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Türkmenistan bilen Özbegistan ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy saklamak, halkara terrorçylygyna, ekstremizme garşy durmak, ýaragsyzlanmak meseleleri, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ýaly ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça birmeňzeş ýa-da ýakyn garaýyşlary hemişe öňe sürüp gelýärler. Biziň ýurtlarymyz abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde --Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk edýärler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýişi ýaly, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk häzirki döwürde Merkezi Aziýa giňişliginde durnuklylygyň we oňyn ösüşiň strategiki şerti bolup durýar. Gürrüň, ozaly bilen, ýurtlarymyzyň bu sebite dawalardan we çaknyşyklardan erkin zolak, Aziýada uzakmöhletleýin durnuklylygyň ygtybarly bölegi, giň halkara hyzmatdaşlygyň meýdançasy hökmünde garaýar.

Türkmenistan bilen Özbegistan sebitdäki ähli meseleleriň diňe parahatçylykly serişdeler, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda çözülmelidigine ynanýar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Owganystandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdy. Bu ýurtda ýagdaýyň parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly kadalaşdyrylmagyna ygrarlydygy tassyklanyldy. Şunda Owganystanyň iri energetika, ulag-aragatnaşyk taslamalarynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmagy arkaly goňşy ýurduň halkara ykdysady işlerine doly goşulyşmagynyň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň çekilip başlanmagynyň, Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) ugry boýunça demir ýoluň gurluşygynyň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda we baştutanlyk etmeginde, umumymilli owgan gepleşiklerini guramak üçin syýasy giňişligini hödürlemäge taýýardygyny hem tassyklaýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Taraplar sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen Merkezi Aziýada täze, döwrüň talabyna we emele gelen ýagdaýlara laýyk gelýän yzygiderli hem-de uzakmöhletleýin esasda guralýan köptaraplaýyn syýasy gepleşikler üçin şertleriň döredilmegine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan sebitiň gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin yzygiderli duşuşyklar görnüşinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli maslahat, geňeş edarasyny döretmek baradaky teklibi öňe sürýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Gepleşikleriň dowamynda Merkezi Aziýada suw-energetika meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistan bu meseleleriň umumy ykrar edilen halkara kadalary, özara hormat goýmak we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini hasaba almak bilen halkara guramalaryň gatnaşmagy esasynda çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Biz Özbegistana bu meselede oňyn orny eýeleýändigi, ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardygy üçin minnetdarlygymyzy beýan etdik diýip, milli Liderimiz belledi.

Ikitaraplaýyn derejede hem, halkara derejede hem türkmen-özbek hyzmatdaşlygynda ekologiýa meselesi boýunça gatnaşyklar örän möhüm häsiýete eýedir. Taraplar Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de pugtalandyrmak we kämilleşdirmek boýunça bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar, bu gazna Aral sebitinde ekologiýa hem-de durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak ugrunda hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm sebit düzümi bolup durýar. Awgust aýynda Türkmenistanda gaznany esaslandyryjy ýurtlaryň sammiti geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz maý-iýun aýlarynda Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň degişli toparlarynyň mejlisini guramagy teklip edýär, şonda suw serişdeleriniň peýdalanylmagyna jogapkär ýolbaşçylaryň derejesinde Merkezi Aziýa döwletleriniň aýratyn duşuşygyny geçirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Özbegistan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň, geçirilen gepleşikleriň netijelerine çuňňur kanagatlanma bildirýändigini belledi. Bu gepleşikler türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetini, ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ägirt uly bilelikdäki kuwwatynyň bardygyny hem-de şolaryň doly derejeli peýdalanylmagyna uly gyzyklanmany tassyklady. Ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk meselelerine hemişe üns berýän Özbegistanyň Prezidentiniň ägirt uly şahsy goşandyny aýratyn nygtap, özbek kärdeşine tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi hem-de dostlukly özbek halkyna parahatçylyk we abadançylyk, döredijilikli zähmetinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri Daşkendiň Mustakillik meýdançasynda bina edilen Garaşsyzlyk we ynsanperwerlik binasyna ugradylar. Bu toplum iki sany heýkel kompozisiýasyny, ýagny Garaşsyzlygy hem-de Bagtyýar enäni şekillendirip, döwletiň özygtyýarlylygynyň, nurana geljegiň, özbek halkynyň parahatçylygyň we rowaçlygyň ýolundaky döredijilikli başlangyçlarynyň nyşanyny alamatlandyrýar.

Bina tarap barýan basgançagyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri hatara düzüldi. Harby orkestriň ýerine ýetirýän dabaraly sazynyň astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň etegine ajaýyp gül desselerini goýup, Özbegistan Respublikasynyň milli mukaddesligine hormatyň nyşany hökmünde tagzym etdi.

Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň awtomobil kerweni Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň hormatyna gurlan binalar toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde görnükli syýasatçy, watansöýüji, döwlet garaşsyzlygynyň döredilmeginiň gözbaşynda duran özbek halkynyň wepaly ogluna ýadygärlik oturdylypdyr. Ýadygärlige barýan basgançagyň ýanynda Hormat garawulynyň esgerleri hatara durlar.

Özbegistanyň ilkinji Prezidentiniň köp ýyllaryň dowamynda işlän “Oksaroý” kabulhanasynyň öňünde ýerleşýän ýadygärligiň açylyş dabarasy geçen ýylyň awgust aýynda geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda ýadygärligiň etegine ajaýyp gül dessesini goýdy we däp bolan dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşant goşan görnükli döwlet işgäriniň ýagty ýadygärligini hatyralady.

Soňra bilelikdäki awtoulag kerweni Daşkendiň merkezindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine ugrady.

Mälim bolşy ýaly, beýik şahyr we akyldar Magtymgulynyň adyny göterýän köçäniň ugrunda ýerleşýän bu ýadygärlik 2017-nji ýylyň 18-nji maýynda, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana iş saparynyň öňüsyrasynda açyldy.

Özbek heýkeltaraşynyň bürünçden taýýarlan ýadygärligi iki goňşy döwletiň halklarynyň medeni we ruhy gatnaşyklarynyň öz köküni gadymdan alyp gaýdýandygyny alamatlandyrýar.

Magtymguly Pyragynyň eserleri ynsanperwer ýörelgelere eýlenip, nesilleri ruhy, ahlak we medeni taýdan terbiýelemek, adamlaryň kalbynda hoşniýetli duýgulary oýarmak wezipelerini ýerine ýetirýär. Hut şonuň üçin hem asyrlar geçse-de, bu eserler öz ähmiýetini ýitirmän, diňe bir watandaşlarymyzyň däl, eýsem, bu eserlere biparh bolmadyk adamlaryň aňyna we kalbyna täsir ýetirmegini dowam edýär. Magtymgulynyň goşgulary agzybirlige, bitewülige, ynsanperwerlige çagyrýar. Onuň watançylyk ündewleri tutuş adamzadyň, şol sanda Özbegistanyň halkynyň gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri döredijilik mirasy dünýäniň ruhy hazynasynyň esasy bölegine öwrülen türkmen şahyryny hatyralap, ýadygärlige ajaýyp gül desselerini goýdular.

Soňra iki ýurduň Liderleri “Aşgabat” seýilgähiniň açylyş dabarasynyň geçýän ýerine ugrady.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabat we Daşkent doganlaşan şäherlerdir. Aşgabat (Türkmenistan) şäheriniň häkimligi bilen Daşkent (Özbegistan Respublikasy) şäheriniň häkimligi 2017-nji ýylyň 20-nji maýynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana iş saparynyň dowamynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk gazandylar. Hut şonuň üçin hem seýilgähiň açylmagy goňşy halklaryň gatnaşyklarynda nobatdaky tapgyryň başlangyjyny alamatlandyryp, ruhy ýakynlyk we hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçiligi açdy.

Seýilgäh Magtymguly köçesinden uzak bolmadyk künjekde 10 gektar meýdana uzap gidýär. Seýilgähiň gurluşygynda häzirki zaman tehnologiýalary we döwrebap serişdeler ulanylypdyr. Onuň binagärlik keşbinde türkmen paýtagtynyň özboluşly ýörelgesi görünýär.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew “Aşgabat” seýilgähiniň toý bagyny kesdiler. Şeýlelikde, seýilgäh resmi taýdan açyldy.

Onuň girelgesiniň ýanyndaky ajaýyp suw çüwdüriminiň tolkunlarynyň ýokarsynda ahalteke bedewleriniň altynsow keşbi janlandyrylypdyr. Buýsançly bedewleriň toýnaklarynyň astyndan okgunly hereketi alamatlandyrýan suw çüwdürimleri döreýär.

Türkmen milli nyşanlary bilen bezelen ak reňkli ötükden geçip, iki ýurduň Liderleri seýilgähiň desgalary we gurluş aýratynlyklary bilen tanyşdylar.

Uçup barýan laçynyň görnüşinde gurlan amfiteatr seýilgähiň has täsirli desgalarynyň biridir.
Aşgabadyň Halkara howa menziliniň baş nyşany bolan bu şekil seýilgähiň binagärlik çözgüdini emele getirýär. Bu ýerde dürli konsertleri, sahnalaşdyrylan çykyşlary we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin zerur şertler bar.

Seýilgähiň düzümindäki amatly çaýhanada dynç almak üçin möhüm şertler üpjün edilipdir. Mundan başga-da, köp sanly göçme söwda dükanlary göz öňünde tutulypdyr.

Şeýle hem seýilgähiň çäginde çagalar üçin medeni-dynç alyş merkezi bar. Bu ýerde körpeler üçin dürli görnüşdäki sallançaklar, hiňňildikler, birnäçe oýunlara niýetlenen meýdançalar bar. Bularyň hemmesi körpeleriň wagtyny şadyýan we gyzykly geçirmegine niýetlenendir.

Bu ýerdäki awtodromda ulaglaryň köplüginde olara erjellik bilen erk etmek özboluşly şatlykly pursatlary döredýär.

Seýilgähiň merkezinde äpet syn ediş çarhy hereket edýär. Ýörite künjekde ägirt uly küşt tagtasy bolup, onda paýhas oýnunda ukybyňy synap görmek mümkinçiligi bar. Şeýle hem bu ýerde häzirki zaman tehniki serişdeleriň üsti bilen çagalaryň wagtyny şadyýan geçirmekde aýratyn orun eýeleýän birnäçe gyzykly we başdan geçirmeli oýunlar toplumy bar.

Seýilgähiň ylgaw we welosiped ýodalary sportuň bu görnüşleriniň muşdaklaryna niýetlenendir. Umuman, seýilgähde wagtyňy şadyýan we gyzykly geçirmek hem-de sport bilen meşgullanmak üçin zerur mümkinçilikler üpjün edilipdir.

Seýilgähiň maşgala bolup dynç almagy halaýanlar üçin ähmiýetlidigini bellemeli. Bu ýerde körpeleriň, ýetginjekleriň hem-de özbaşdak hereket etmegi gowy görýän oglanlaryň we gyzlaryň gyzyklanmalaryna kybap gelýän şertler bar. Ene-atalar üçin hem zerur şertler döredilipdir. Bu ýerde çagalar bilen bir hatarda, ulular hem örän gyzykly we işjeň dynç alyş wagtlaryny şadyýan geçirip biler.

Daşkendiň “Aşgabat” seýilgähinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny, pagtaçylygyny, türkmen dutaryny we ahalteke bedewini alamatlandyrýan heýkeller hem-de kompozisiýalar bar. Hazar deňziniň, ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyplygy Türkmenistana mahsus bolan ruhy güýji, ösüşi, döredijiligi we sagdyn durmuş ýörelgelerini görkezýär.

Toplumyň diňe bir birnäçe dynç almaga niýetlenen desgalarynyň däl, eýsem, onuň her bir künjeginiň degişli ähmiýeti bolup, seýilgäh aýratynlyklarynyň tutuş zolagynyň birleşdirilendigini aýratyn bellemeli. Tebigy aýratynlyklaryň netijeli peýdalanmagy bu ýerde rahat gezelenç etmek we işjeň dynç almak üçin zerur şertleri üpjün edýär.

Seýilgähiň merkezinden ýöräp baryşlaryna iki ýurduň Prezidentleri belende göterilýän suw çüwdürimlerini, bezeg agaçlaryny, gülleri we kölçeleri, sekizburçly ýyldyzyň görnüşindäki howdanlary synladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow seýilgäh bilen tanyşlygy tamamlap, “Aşgabat” seýilgähiniň Özbegistanyň paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin söýgüli dynç alyş künjegine öwrüljekdigine ynam bildirdi hem-de hemmeleri seýilgähiň açylmagy bilen ýene bir gezek gutlap, Özbegistanyň halkyna we Daşkent şäheriniň ýaşaýjylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Soňra iki döwletiň Liderleri iki ýurduň we halkyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde ýaş agaç nahallaryny oturtdylar.

Agşam belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Özbegistanyň Prezidenti resmi agşamlyk naharyny berdi. Onuň dowamynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary söz sözlediler.

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter