Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyna gynanç bildirdi | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyna gynanç bildirdi

опубликованно 23.01.2015 // 810 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Salman Ben Abdul Aziz Al-Sauda Saud Arabystany Patyşalygynyň milli lideri, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, diňe musulman ymmatynyň däl-de eýsem bütin dünýäniň görnükli syýasatçysy Abdalla Ben Abelaziz Al Saudyň biwagt aradan çykmagy zerarly, gynanç hatyny iberdi.

“Türkmen halky Saud Arabystanynyň doganlyk halkynyň gynanjyna goşulýar. Onuň Alyjenaby Abdalla Ben Abdelaziz Al Saudyň aradan çykmagy iki ýurt üçin hem örän gynançly wakadyr. Onuň Alyjenaby hakyndaky ýagşy ýatlamalaryň häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda hemişelik galjakdygyna ynanýaryn” diýlip, gynançda aýdylýar.

Türkmen döwletiniň Baştutany merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Saud Arabystany Patyşalygynyň ähli doganlyk halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan edip, Saud Arabystanynyň Patyşasyna we Patyşalygyň ähli halkyna ruhy durnuklyllyk we mertlik dileg etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter