Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşyjylara | TDH
Prezidentiň poçtasy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşyjylara

опубликованно 26.01.2015 // 900 - просмотров
 

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu dabara gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtly myhmanlarymyza myhmansöýer Türkmen topragyna «Hoş geldiňiz!» diýýäris!

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy Merw dürli müňýyllyklarda özboluşly medeniýetleriň merkezine öwrülipdir. Bu toprakda uly kerwensaraýlar, bazarlar, mähelleli çaýhanalar, metjitler, medreseler bolup, olar öz döwründe jemgyýetçilik pikiriniň emele gelmegine uly täsirini ýetiripdirler. Orta asyrlarda Maryda ajaýyp ylmy ojaklar hasaplanylan we umumadamzat ylmyna uly goşant goşan örän iri kitaphanalar bolupdyr.

Bu kitaphanalaryň hyzmatyndan jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň erkin peýdalanyp bilmegi türkmen topragynda kitaba, ylma, medeniýete örän uly sarpa goýýan, onuň gadyr-gymmatyny bilýän adamlaryň ýaşandygyna şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçin hem, bu şäher 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilen bolsa, onuň 2015-nji ýylda Türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň hem özboluşly manysy bardyr.

Çünki bu ýerde, gadymy döwürlerdäki ýaly, häzirki döwürde hem halklaryň medeniýetlerini özara baýlaşdyrýan möhüm merkez emele geldi. Munuň şeýledigini 2015-nji ýylyň dowamynda Mary şäheriniň türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek ýigrimä golaý çäräniň mazmuny hem doly subut edýär. 2015-nji ýylda ýurdumyzda Türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça halkara guramasyna agza döwletleriň, şeýle hem Türkmenistanyň alymlarynyň, taryhçylarynyň, muzeý işgärleriniň, medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda halkara derejesindäki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler häzirki zaman dünýäsinde türki halklaryň medeniýetiniň we sungatynyň milli aýratynlyklary, şeýle hem olaryň ylymda gazanan üstünlikleri bilen giňden tanyşmaga doly mümkinçilik berer.

Hormatly adamlar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösmegi milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmegi üçin hem binýatlyk esaslary döredýär.

Soňky ýyllarda Mary şäherinde gurlup, ulanmaga berlen dünýä ölçeglerine laýyk gelýän Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň, Ruhyýet köşgüniň we döwrebap myhmanhananyň, bazaryň ajaýyp binalary şäheriň görküne görk goşýar. Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli bu ýerde ýylyň dowamynda geçiriljek çäreler sebitiň halklarynyň arasyndaky dost-doganlygyň, agzybirligiň has-da berkemegine uly itergi berer.

Hormatly adamlar!

Sizi Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde bolsa, uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter