Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdelerine, esgerlerine, gullukçylaryna we harby talyplara | TDH
Prezidentiň poçtasy

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdelerine, esgerlerine, gullukçylaryna we harby talyplara

опубликованно 26.01.2015 // 1123 - просмотров
 

Hormatly Watan goragçylary!

Sizi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 23 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Goý, bu baýram Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylygynyň, mähriban halkymyzyň asuda, abadan durmuşynyň goragynda berk duran Ýaragly Güýçlerimiziň merdana harby gullukçylarynyň şan-şöhratyny, abraý-mertebesini has-da dabaralandyrsyn!

Bu baýram döwletimiziň öz Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylaryna örän jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde bildirýän uly ynamynyň we olar hakda edýän aladasynyň nyşanydyr. Siziň harby borjuňyzy hemişe päk ýürek bilen ýerine ýetirjekdigiňize, Watana wepalylygyň, harby kasama ygrarlylygyň belent nusgasyny görkezjekdigiňize, ýurt asudalygyny, döwlet Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny gözüňiziň göreji ýaly gorajakdygyňyza berk ynanýaryn!

Eziz Watanymyzyň wepaly ogullary!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatyny yzygiderli ýöredýär. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan özbaşdak döwlet hökmünde öz Ýaragly Güýçleriniň ýokary goranyş kuwwatyny saklamaga, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamaga gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamany yzygiderli durmuşa geçirýär.

Milli goşunymyzyň harby kuwwaty parahatçylygyň, ýurdumyzyň howpsuzlygynyň bähbitlerine, halkymyzyň abadan durmuşyny we döredijilikli zähmetini goramaga hyzmat etmelidir. Bu ýörelgeler oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynda aýdyň beýanyny tapdy.

Şonuň üçin hem siz ýurdumyzyň howpsuzlygyny we çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň ýörelgelerini, maksatlaryny we wezipelerini gündelik harby gullugyňyzda birkemsiz berjaý etmelisiňiz. Harby ylmyň hem-de harby sungatyň toplanan tejribesini yzygiderli özleşdirmelisiňiz, watansöýüjiligiňiz, harby kasama we harby borja wepalylygyňyz hem-de akýürekliligiňiz bilen uly at-abraýa, belent mertebä mynasyp bolmalysyňyz.

Berkarar döwletimiziň edermen gerçekleri!

Türkmen halky gaýduwsyzlygy we edermenligi hemişe ynsanyň iň gowy häsiýetleri hasaplapdyr. Bu ajaýyp ýol-ýörelgeler häzir hem mynasyp dowam etdirilýär. Täze taryhy döwürde milli goşunymyz merdana ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini, harby däp-dessurlaryny dowam edip, kämilleşdirip, goranyş häsiýetli goşuna öwrüldi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredileninden bäri geçen 23 ýylyň dowamynda iri möçberli harby özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirildi. Häzirki döwürde Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş ukybyny, harby kuwwatyny we söweşjeň taýýarlyk derejesini artdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, milli harby hünärmenleri taýýarlamak, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek meselelerine uly üns berilýär. Harby gullukçylaryň iş, gulluk, durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, täze binalar we desgalar gurlup, ulanmaga berilýär.

Döwletimiz geljekde hem milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge we döwrebaplaşdyrmaga, harby işgärleri taýýarlamaga, şeýle hem berkarar Watanymyzyň edermen goragçylarynyň göwnejaý gulluk etmegi we olaryň maşgala agzalary üçin amatly durmuş şertlerini döretmäge aýratyn üns berer.

Mukaddes Watanymyzyň merdana goragçylary!

Sizi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 23 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, mukaddes we jogapkärli harby gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly Berdimuhamedow.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter