Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 21.04.2018 // 966 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda baglaşylan geleşikleriň jemi 134-e deň boldy.

Daşary ýurt puluna Russiýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan, Owganystandan, Panamadan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen we umumy bahasy ABŞ-nyň 107 million dollaryndan gowrak bolan uçar kerosinini, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, nebit bitumyny, parafinli gaçy satyn aldylar.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakum gaz ýagyny BAE-den we Lýuksemburgdan gelen telekeçiler, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen hlorly magnini bolsa Özbegistandan gelen işewürler satyn aldylar. Russiýaly, türkiýeli we gyrgyzystanly telekeçiler nah ýüplügini satyn almaga isleg bildirdiler.

Milli manada Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan we Pakistandan gelen telekeçiler jemi bahasy 12 million manada golaý bolan pagtanyň çig ýagly kislotasyny we nah ýüplük satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter