Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerine we «Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kepilidir» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylara | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerine we «Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kepilidir» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylara

опубликованно 17.02.2015 // 961 - просмотров
 

Hormatly diplomatik gullugynyň işgärleri!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni, şeýle hem bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän «Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kepilidir» atly halkara maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Parahatçylyk, hoşniýetlilik we dostluk ýörelgelerimizi rowaçlandyrýan baýramçylyk dabaralarynyň siziň kalbyňyzda we ýüregiňizde berkarar döwletimizde gazanylýan üstünliklere guwanç we buýsanç duýgularyny has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn!

Türkmen halky müňýyllyklara uzaýan taryhynyň dowamynda özüniň parahatçylyk söýüjiligi we hoşniýetliligi bilen tanalyp gelýän halkdyr. Umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýän bu ýörelgeler demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň milli, sebit we dünýä ösüşiniň bähbitlerine gönükdirilen daşary syýasatynyň hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarydyr. Biz Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň halkara syýasy, durmuş-ykdysady we medeni giňişligindäki täsirini ýokarlandyrmaga, dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, dost-doganlygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmaga aýratyn ähmiýet berýäris.

Dünýäde uly abraýa eýe bolan Garaşsyz, Bitarap döwletimiz Ýuwaş ummany we Aziýa sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika ýurtlary, şeýle hem abraýly halkara we sebit guramalary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň gerimini has-da giňeldýär.

Hormatly diplomatik gullugynyň işgärleri!
Gadyrly myhmanlar!

Türkmenistanyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ähli döwletler bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim ulgamlarynda we beýleki ugurlarda giň gerimli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde örän möhüm ähmiýete eýedir. Bitaraplyk syýasaty bu biziň üçünji müňýyllygyň möhüm maksatlaryna — deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe, syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, medeniýetleriň sazlaşykly utgaşmagyny gazanmaga gönükdirilen döwlet syýasatymyzyň binýatlaýyn esaslarydyr. Hut şonuň üçin ýurdumyzda «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip yglan edilen 2015-nji ýylda halkara ähmiýetli şanly wakany Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk baýramyny halkara derejesinde giňden belläp geçýäris.

Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy mundan beýläk-de parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdiriler. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygyna we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň ýörelgelerine esaslanýan, bütin adamzadyň bähbitlerine we aýdyň maksatlaryna hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeldilmegine gönükdirilen durnukly daşary syýasaty we diplomatiýasy diňe bir Orta Aziýa sebitinde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň dabaralanmagyna hyzmat edýär.

Türkmenistanyň daşary syýasatyny we diplomatiýasyny mundan beýläk-de parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine netijeli durmuşa geçirmek örän möhüm wezipeleriň biridir.

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň we wekilhanalarynyň işiniň gerimini giňeltmek, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerimizi dabaralandyrmak, Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013—2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we diplomatik gullugynyň işgärlerinden, Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlaryndan we talyplaryndan netijeli işleri alyp barmagy talap edýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durnukly ösüşi üçin oňaýly şertleri döretmek, ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak we ählumumy ösüş üçin amatly mümkinçilikleri döretmek, ilkinji nobatda bolsa, döwletimiziň geosyýasy we geoykdysady giňişlikdäki ornuny has-da pugtalandyrmak üçin türkmen diplomatlarynyň mundan beýläk-de gujur-gaýratyny, ukyp-başarnygyny gaýgyrman, ak ýürekden, arassa we halal zähmet çekjekdigine berk ynanýaryn!

Hormatly diplomatik gullugynyň işgärleri!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni we «Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kepilidir» atly halkara maslahatynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter