Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

 

Ozal habar berlişi ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň Ykdysadyýet we tehnologiýa uniwersitetiniň alymlar geňeşiniň çözgüdine laýyklykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýokary okuw mekdebiniň Hormatly doktory adyna mynasyp boldy. Bu waka biziň ýurdumyzda uly joşgun bilen garşylandy. Diýarymyzyň ähli künjeklerinden hormatly Prezidentimiziň adyna köp sanly gutlag hatlary we telegrammalary gelip gowuşýar. Olarda döwlet Baştutanymyza şol hormatly adyň dakylmagy milli Liderimiziň türkmen we türk halklarynyň arasyndaky dostlukly doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge ägirt uly goşandynyň, ylym we bilim babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde bitiren hyzmatlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň günsaýyn artýan halkara abraýynyň subutnamasy bolup durýar diýlip bellenilýär. Hatlary we telegrammalary iberenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu waka bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we türkmen halkynyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň Ykdysadyýet we tehnologiýa uniwersitetiniň Hormatly doktory adynyň dakylmagy bilen hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Artykow, Ş.Durdylyýew, A.Goçyýew, B.Ereşow, B.Hojamuhammedow, R.Meredow, S.Satlykow, P.Taganow, S.Toýlyýew, A.Ýazmyradow, M.Ýazmuhammedowa tüýs ýürekden gutladylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy A.Nurberdiýewa gutlady.

Milli Liderimize mähirli gutlaglaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri Ş.Durdylyýew, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Žadan, Y.Paromow ýolladylar.

Hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow, Daşoguz welaýatynyň häkimi E. Orazgeldiýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly waka bilen Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K. Babaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy R.Bazarow, Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Nepesow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradow, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary A. Täşliýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary M. Abilow, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler gutladylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter