Döwrüň binagärlik keşbi: durmuşyň täze hili we ýörelgeleriň mynasyp dowamy | TDH
Jemgyýet

Döwrüň binagärlik keşbi: durmuşyň täze hili we ýörelgeleriň mynasyp dowamy

опубликованно 17.04.2018 // 1121 - просмотров
 

«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň nobatdaky sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şähergurluşyk syýasatyny durmuşa geçirmegiň tapgyrlaryny şöhlelendirmegi dowam edýär. Onda tutuş ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň baş bezegine öwrülen, halkymyzyň durmuşynyň täze hilini özünde jemleýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurulýan binalarda we desgalarda döwrüň keşbi emele gelýär.

Oňaýlylyk, rejelilik, amatlylyk, gözellik, ygtybarlylyk we öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, ekologiýa ülňüleri Watanymyzda gurulýan ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, edara binalarynyň, senagat desgalarynyň, sport we beýleki durmuş maksatly binalaryň, ulag düzüminiň esasy ugurlary bolup durýar. Žurnalyň täze sany bu ulgamdaky ylmy we amaly işleriň esasy meýillerini, milli binagärligiň taryhyny, däplerini we häzirki döwrüni, ýurdumyzyň gurluşyk serişdeleri senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny, täzeçil ýörelgeleri girizmegiň hem-de ýokary hünärli ugurdaş işgärleri taýýarlamagyň meselelerini we beýlekileri öz içine alýar.

“Aşgabady ösdürmegiň taslamalary — toplumlaýyn şähergurluşygynyň nusgasy” atly makala žurnalyň başynda ýerleşdirilip, ol paýtagtymyzy ösdürmegiň geljekki meýilnamalaryna bagyşlandy. Onda milli Liderimiziň ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça öňde goýýan esasy wezipeleri, bu ugurda kabul edilen täze binagärlik çözgütleri barada gürrüň berilýär. Olaryň amala aşyrylmagyna ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalary girişdiler. Olaryň hatarynda düzüminde işewürlik merkezleri bolan kaşaň myhmanhanalar bar.

Dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri kabul etmek hem-de ara alyp maslahatlaşmak üçin onlarça ýurtdan köp sanly wekilleri özünde jemleýän işjeň gepleşikler, sergiler, maslahatlar ýaly halkara durmuşynda möhüm orun eýeleýän çäreleriň sanynyň artmagy paýtagtymyzda myhmanhana ulgamynyň giňeldilmegine şert döredýär. Mundan başga-da, Türkmenistan özüniň taryhy-medeni we arheologiýa ýadygärlikleri bilen soňky ýyllarda daşary ýurtly syýahatçylar üçin özüne çekiji ýurda öwrüldi we olaryň häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýändigi üçin aýratyn uly gyzyklanma eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu ugur döwrebap derejede dikeldilýär. Paýtagtymyz iri sebitara we yklymara ulag ýollarynyň çatrygyna öwrülýär. Häzirki döwürde bu gatnaşyklara ýurdumyzyň beýleki şäherleri hem işjeň goşulýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Gündogdy” hususy kärhanasynyň Türkmenabatda guran howa menzili barada žurnalyň nobatdaky makalasy gürrüň berýär. Onda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Halkara howa menziliniň we onuň tehnologiýa üpjünçiliginiň binagärlik aýratynlyklaryna ähmiýet berilýär.

Türkmenabadyň täze howa menzili diňe bir Lebap welaýatynyň awia gatnawlara bolan ösen islegini kanagatlandyrmaga däl, eýsem, Amyderýanyň ýakasyndaky şäheriň sebitiň edara ediş merkezi hökmündäki derejesini kesgitleýär. Ol häzirki döwürde Türkmenistanyň iri senagat künjeginiň we syýahatçylyk merkezleriniň birine öwrülýär.

“Uçar angarlarynyň görnüşleri” atly makala ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynda türkmen hünärmenleriniň dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek arkaly özleşdiren esasy ugurlarynyň ösüşi barada gürrüň berýär. Bu ýörelge ýurdumyzyň awiaparkynyň ýerüsti tehniki hyzmatlary üçin inženerçilik desgalarynyň sowatly ulanylmalydygyny öňe sürýär.

Žurnalyň täze sanynda ýurdumyzyň jemagat hojalygynyň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň işini kämilleşdirmek hakyndaky material hem ýerleşdirildi. Ilatly ýerleriň arassaçylygy, olaryň abadanlaşdyrylyşy, gök zolaklaryň döredilişi, arassaçylyk-ekologiýa ýagdaýy we şäher ulgamynda ähli düzümleriň bökdençsiz hereketini, ahyrky netijede bolsa türkmenistanlylaryň döwrebap durmuşy üçin amatly şertleriň döredilmegini nazarlaýar. Şunlukda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gurluşyk we ýaşaýyş-durmuş hyzmatlary ulgamlarynyň öňde goýýan baş talaplary Diýarymyzyň ekologiýa derejesiniň gowulanmagyny üpjün edýär.

Işewürlik gurşawy ýaly şäher giňişligini ösdürmegiň ugurlary täze edara ediş künjegi hakynda taýýarlanylan makalada agzalýar. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň fewral aýynda bu binalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşandygyny bellemeli. Ýüze golaý binadan durýan söwda-edara ediş toplumy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň guran binalarydyr. Olar işewürlik-parkynyň konsepsiýasyny özünde jemläp, lomaý we bölek söwda, işewür durmuş ýaly esasy ugurlaryň birine öwrülýär. Şeýle hem öz çägini giňeldýän paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde şäher dörediji ugur bolup hyzmat edýär.

Aşgabadyň yzygiderli ösmegi, gün-günden öz çäklerini giňeltmegi, sazlaşykly ösýän şähere öwrülmegi onuň edara ediş-çäk bölünişigini alyp barmagy we üýtgetmeleri girizmegi talap edýär. “Ýurdumyzyň sazlaşykly ösýän baş şäheri” atly makalada bu ugurdaky düzümleriň üýtgedilişi barada gürrüň berilýär.

Aşgabat binagärlik gözelligi we köpöwüşginli şähergurluşyk çemeleşmeleri bilen haýrana galdyrýar. Belent ýaşaýyş jaýlaryny gurmak bilen bir hatarda şäheriň çäklerinde kottej toplumlarynyň gurluşygy täze ugur bolup durýar. Munuň özi şäher ilatyna ýaşaýyş jaýlarynyň görnüşlerini öz islegine görä saýlamaga mümkinçilik döredýär. Ýakynda paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde bina edilen desgalar toplumy ulanmaga berildi. Häzirki döwürde 16-njy nobatdakysynyň taslamalary boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Türkmenistanyň gurluşyk toplumy ýokary maýa goýum işjeňligi bilen tapawutlanýan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň maýa goýum serişdelerini talap edýän pudaklarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde gurluşyk milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halk hojalygyny mundan beýläk-de senagatlaşdyrmak, ulag-aragatnaşyk ulgamyny giňeltmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksportlyk önümleri öndürýän önümçilik kuwwatlyklaryny, eksport harytlaryň möçberlerini artdyrmak boýunça öňde goýan möhüm wezipelerini çözýär.

Şunuň bilen bir hatarda pudagyň ylmy-tehniki kuwwatlyklary artýar, ýerli serişdelerden ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň görnüşleri giňelýär. Žurnalyň “Zerur bolan gurluşyk materiallaryny ösdürmek — Türkmenistanyň senagatyny ösdürmegiň bir ugry” atly makalasy hut şu meselä bagyşlanypdyr.

Ahal welaýatynda gurlan aýna kärhanasy tehnologik täzeçillik usullar ornaşdyrylan düzümleriň biri bolup durýar. Owadandepede ýerleşýän bu zawod ýylda 7,2 million inedördül metr önüm öndürip, ol ýedi görnüşli aýna önümçiligine niýetlenendir. Olaryň hatarynda aýnanyň ýagty, reňklenen, şeýle hem başga-da birnäçe görnüşleri bar. Desganyň işe girizilmegi bu ugur boýunça daşary ýurtlardan satyn alynýan önümleriň möçberlerini azaltmaga we aýna önümlerini eksport etmäge mümkinçilik berdi.

Häzirki döwürde Lebap welaýatynyň Magdanly şäherçesinde bezeg serişdeleriniň önümçiligi boýunça nobatdaky kärhananyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu ýerde her ýylda gipsokartonyň 12 million inedördül metri, jaý bezemek üçin gury garyndylaryň 100 müň tonnasy öndüriler.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan neşir edilýän žurnalyň “Beýik miras hakynda kitap” diýen sözbaşy astynda berilýän makalalarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby hakyndaky makala ýerleşdirilipdir. Onda şöhratly pederlerimiziň binagärlik däpleri, türkmen binagärliginiň usullary we aýratynlyklary ýaly ugurlar barada gürrüň berilýär. Milli Liderimiz kitabynda kerwensaraýlaryň gurluşygy boýunça tejribeler, geçen asyrlarda zehinli ussalaryň guran şäherleri hakyndaky taryhy we edebi maglumatlar barada gürrüň berýär.

“Orta asyr ýazuw çeşmelerinde Beýik Ýüpek ýolunyň ýadygärlikleri” atly makalada türkmen we daşary ýurt alymlarynyň dürli döwürlerde bu ugurda geçiren ylmy barlaglaryna syn berilýär. Dehistanyň, Horezmiň, Horasanyň we beýleki taryhy welaýatlaryň şäherlerindäki desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly maglumatlary özünde jemleýän birnäçe golýazmalaryň ylmy taýdan öwrenilmändigi bellenilýär. Bu maglumatlaryň hemmesiniň anyklygy biziň sebitimiziň gurluşyk medeniýetiniň taryhyny öwrenmek üçin örän wajyp bolup durýar we bu ugurdaky işler dowam edýär.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän žurnalyň nobatdaky sanynda binagärlik taslamalaryndaky maglumatlaýyn tehnologiýalar hakynda makalalar bar. Bellenilişi ýaly, şeýle ýörelgeler häzirki döwürde kompýuter bezeg, ugurlara bölmek boýunça birnäçe maksatnamalarynda peýdalanylýar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary şol ýörelgeleri üstünlikli özleşdirýärler.

“Milli binagärlik-gurluşyk adalgasynyň standartlaşdyrmak meseleleri” atly material hünärmenlere niýetlenendir. Onda pudagyň dünýäniň ugurdaş düzümine goşulmagyny we halkara ülňülerine laýyklykda, türkmen diliniň adalgalar ulgamyny kadalaşdyrmagyň zerurlygyny nazara almak bilen, pudagy netijeli dolandyrmak üçin möhüm hasaplanýan wezipeler barada aýdylýar.

“Ýokary tehnologiýalar, döwrebap serişdeler” bölüminde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde gurlan gazbeton önümlerini we gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän iri önümçilik toplumy hakynda makala ýerleşdirildi. Bu toplumy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümine girýän “Ukyply kärdeşler” hususy kärhanasy bina etdi. Bu kärhananyň taslama kuwwaty diňe bir içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmaga däl, eýsem önümleri eksport etmäge hem mümkinçilik berer.

Şeýlelikde, ägirt uly tebigy serişdelerine eýe bolmak bilen, Türkmenistan gurluşyk materiallarynyň önümçiligi boýunça kuwwatly senagaty emele getirýär we onuň önümleriniň görnüşlerini yzygiderli artdyrýar.

Türkmenistany 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Prezident maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, gurluşyk toplumy üçin ägirt uly mümkinçilik açylýar. Ýakyn ýedi ýylda durmuş-ykdysady pudaga 240 milliard manat serişde gönükdirmek meýilleşdirilýär. Müňlerçe önümçilik we durmuş maksatly binalar, millionlarça inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirildi. Bu giň möçberli işleriň baş maksady bolsa mähriban halkymyzyň durmuş derejesini we abadançylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter