«Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri» atly halkara ylmy maslahata we festiwala gatnaşyjylara | TDH
Medeniýet

«Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri» atly halkara ylmy maslahata we festiwala gatnaşyjylara

опубликованно 18.04.2018 // 994 - просмотров
 

Hormatly alymlar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri» atly halkara ylmy maslahatyň we festiwalyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Aýdym-saz sungatyny öwrenmäge hem-de dünýä ýaýmaga bagyşlanan bu halkara ylmy maslahatyň hem-de festiwalyň örän ähmiýetli we netijeli boljakdygyna berk ynanýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkara derejede şeýle medeni çäräniň geçirilmegi aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmelerini çuňňur öwrenmekde, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Biz ýurdumyzda 2018-nji ýyly “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan etdik. Beýik Ýüpek ýoluny düýpli öwrenmek we onuň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmek babatda alnyp barylýan işler Bitarap döwletimiziň dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde giňden dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan düýpli ösdürmek, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy has-da berkitmek biziň öňe sürýän döwlet maksatnamalarymyzyň esasy meselesi bolup durýar.

Hormatly adamlar!

Gadyrly myhmanlar!

Biz häzirki döwürde türkmen halkynyň dünýä medeniýetinde özboluşly orun alan aýdym-saz sungatyny, gadymy medeni mirasyny düýpli öwrenmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýarys. Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri türkmen halkynyň medeni mirasynda, halk döredijiliginde, nusgawy edebiýatynda özboluşly orny eýeleýär. Şöhratly ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten aýdym-saz sungatymyzyň taryhyny, özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmek, dünýä ýaýmak we geljekki nesillere ýetirmek sungaty öwrenijiler we mirasgärler üçin esasy wezipeleriň biridir.

«Görogly» şadessany, «Leýli — Mejnun», «Saýatly — Hemra», «Hüýrlukga — Hemra», «Şasenem — Garyp», «Nejep oglan», «Ýusup — Ahmet», «Ýusup — Züleýha», «Asly — Kerem» ýaly ençeme dessanlarymyz türkmen aýdym-saz sungatynyň köpasyrlyk taryhyny, inçe syrlaryny, halkymyzyň milli ruhuna mahsus öwüşginlerini özünde jemleýän, dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öwrülen milli mirasymyzdyr. Çuňňur many-mazmuna ýugrulan dessanlarymyz, halk döredijiligimiz halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryny, milli watançylyk ýörelgelerini, ýagşy gylyk-häsiýetlerini özünde jemleýän, nesilleriň kalbynda ata-babalarymyzyň şöhratly däplerine buýsanç döredýän bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklarymyzdyr.

2015-nji ýylda Görogly dessançylyk sungatynyň, 2017-nji ýylda bolsa halkymyzyň Küştdepdi aýdym we tans dessurynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi türkmen aýdym-saz sungatynyň taryhynda uly waka boldy.

Hormatly halkara ylmy maslahata we festiwala gatnaşyjylar!

Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä bileleşiginde eýeleýän mynasyp orny we belent abraýy diňe bir onuň ykdysady kuwwaty bilen däl-de, eýsem, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni gymmatlyklary bilen hem kesgitlenýär. Müňýyllyklaryň dowamynda toplanan baý taryhy-medeni mirasymyz eziz Watanymyzyň dünýäniň medeni giňişliginde eýeleýän ornunyň uludygyny doly subut edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz geçmiş mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy öwrenmek, kämilleşdirmek, onuň gadyr-gymmatyny dünýä ýaýmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýäris. Biz geljekde hem bu örän möhüm işleri üstünlikli dowam ederis.

Hormatly alymlar!

Gadyrly myhmanlar!

«Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri» atly halkara ylmy maslahatyň we festiwalyň aýdym-saz sungatyny wagyz etmäge, dünýä döwletleriniň medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň arasyndaky dostluk we döredijilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, Ýer ýüzüniň halklarynyň aýdym-saz mirasy hem-de sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga uly ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Sizi halkara ylmy maslahatyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür we alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter