Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 16.03.2015 // 894 - просмотров
 

Jenap Prezident,

Polşa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda bar bolan dostlukly gatnaşyklaryny goldamak we ösdürmek maksady bilen, men jenap Mark Salkany
Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemegi karar etdim.

Jenap Mark Salkanyň şahsy häsiýeti we onuň bitiren hyzmatlary biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ýaly möhüm wezipäni üstünlikli ýerine ýetirip, Siziň Alyhezretiňiziň goldawyna mynasyp boljakdygyna ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçimizi özüňize mahsus hoşniýetlilik bilen kabul etmegiňizi hem-de Siziň Alyhezretiňize biziň adymyzdan aýtjak ähli zatlaryna, aýratyn-da, meniň Size belent hormat goýýandygym, Türkmenistanyň halkyna abadançylyk baradaky arzuwlarymy beýan edende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Bronislaw Komorowski,
Polşa Respublikasynyň Prezidenti

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter