Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Annameredow Baýram Gurbandurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Babaýew Maksat Mämmetsaparowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Amangeldiýew Dädebaý Saparowiçe duýduryş yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Durdymyradow Kerim Hajyýewiçe duýduryş yglan edildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter