Ýurdumyzyň ýaşlarynyň «Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar» atly maslahatyna gatnaşyjylara ÝÜZLENME | TDH
Prezidentiň poçtasy

Ýurdumyzyň ýaşlarynyň «Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar» atly maslahatyna gatnaşyjylara ÝÜZLENME

опубликованно 29.03.2015 // 2521 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň ruhubelent we bagtyýar ýaşlary!
Beýik geljegimiz bolan ýigitler we gyzlar!

Ynsanperwer ýörelgelerimiziň giňden dabaralanýan, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk garaýyşlarymyzyň hem-de meýillerimiziň has-da rowaçlanýan Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň şanly wakasy — Türkmenistanyň Ýaşlarynyň maslahatynyň geçirilmegi mynasybetli kalbynda berkarar döwletimize buýsanç duýgulary joş urýan bagtyýar ýaşlarymyz! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda mähriban ýaşlarymyzyň agzybirlik we ruhubelentlik bilen amala aşyrýan beýik işlerinde siziň aýratyn paýyňyz bardyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň iň täze taryhynda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, dostlugy we hoşniýetliligi ýörelge eden ýaşlarymyzyň başlangyçlary esasynda geçirilýän bu maslahat barha kämilleşýän we özgerýän jemgyýetimiziň demokratik ýörelgelerini hem-de milli agzybirligimizi berkitmegiň ýolundaky oňyn ädimdir. Men bütin durky bilen Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi we dostlugy özlerine ýörelge edinen mähirli we göwnaçyk ýaşlarymyzyň döwletimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşýandyklaryny, çuňňur taryhy ähmiýetli jemgyýetçilik başlangyçlaryny doly goldaýaryn hem-de bu başlangyçlara ýokary baha berýärin.

Bu maslahatyň ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgelerini, zähmet däplerini, asylly milli häsiýetlerini mynasyp dowam edýän häzirki nesilleriň beýik geljegi gurmakda, eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltmekde uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmenistan dünýäniň kuwwatly we berkarar döwletleriniň biridir. Biziň baş syýasatymyz - parahatçylyk, dostluk, doganlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlykdyr! Biz dünýäniň halklarynyň dostluga, abadançylyga, parahatçylyga ymtylýan döwründe diňe bir milli bähbitlerimize däl, eýsem halkara bileleşiginiň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýän giň hyzmatdaşlyk syýasatyny ýöredýäris. Hususan-da, dünýä döwletleri, iri halkara guramalary bilen energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag geçelgelerini döretmek, täze dünýä medeniýetini emele getirmek arkaly parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam berýäris. Şonuň bilen birlikde, içeri syýasaty durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlary bilen gönüden-göni bagly wezipeleri — ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan güýçli depginler bilen ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýäris. Bu ugurda ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän täze senagat pudaklaryny döretmek we pugtalandyrmak, umumydöwlet we dünýä ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Biziň mukaddes Watanymyzyň — berkarar döwletimiziň iň gymmatly hazynasy — adam, baş maksady — abadançylyk we bagtyýarlyk, esasy ýörelgesi bolsa, ynsanperwerlik, adalatlylyk we ruhubelentlikdir! Bularyň ählisi häzirki zaman, ösen, demokratik raýat jemgyýetimizi kämilleşdirmek üçin ajaýyp mümkinçiliklere ýol açýar. Raýat jemgyýetinde bolsa, adamyň sarpasy, sylag-hormaty hemişe belentde tutulýar.

Eziz ýaşlar!

Türkmenistanyň beýik geljegi ýaşlarymyzyň bagtyýarlygy we kadaly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmek babatda beýik işleri amala aşyrmakda mähriban ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýşyna, gujur-gaýratyna, döredijilikli we tutanýerli zähmetine daýanýandygymyz uly buýsanç duýgusyny döredýär. Şunuň bilen baglylykda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, ylym we hünär öwrenýän, senagatda, oba hojalygynda we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda joşgunly zähmet çekýän merdana ýaşlarymyz, ata Watanymyzyň goragynda durýan gerçeklerimiz hakynda alada döwlet syýasatynda aýratyn üns berilýän ugurlarymyzyň biridir.

Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty kabul edilen we hereket edýän milli kanunçylyk namalaryna we ýaşlara niýetlenen ýörite ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlarymyzyň doly hukukly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleri döretmek hem-de ýaş nesillerde ruhy-ahlak we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek maksadyndan ugur alyp, golaýda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015—2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» kabul etdik.

Maksatnamada ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, milli däp-dessurlary wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini, zähmete söýgini terbiýelemek, döwlet we jemgyýetçilik bähbitleri bilen ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny utgaşdyrmak, olaryň jemgyýetçilik we şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek, ýaşlar toparlarynyň isleglerini öwrenmek, hasaba almak we olary kanagatlandyrmak ýaly, döwletimiz hem-de jemgyýetçilik üçin örän möhüm wezipeleri çözmek göz öňünde tutulýar.

Ýaşlarymyz bu gün döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hem-de ulgamlarynda milli we döwlet maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ynamly we netijeli zähmet çekýärler. Telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýarlar hem-de eziz Watanymyzyň kuwwatyny pugtalandyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, halkara derejesindäki bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň işini utgaşdyrmak we goldamak, şeýle hem ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär.

Bilim täzelenişiň we döredijiligiň çeşmesidir. Biz ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet berýäris. Ýaşlarymyzyň bilim we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmegi gazanmak üçin, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýarys, täze bilim edaralaryny döredýäris. Bu bolsa, ýaşlarymyzyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän, döwrebap bilim almagyna, saýlap alan hünärleri boýunça bilimleriniň has-da artdyrylmagyna, ylym we döredijilik işlerinde höwesiniň döremegine, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýär.

Beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berip gelýän ýörelgesidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz asyrlardan aşyp gelýän bu ýörelgäni mynasyp dowam edýäris. Ynsan saglygy manyly ömrüň girewidir. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi, adamyň ruhy taýdan kämil we beden taýdan sagdyn bolmagyny sazlaşykly utgaşdyrmagy döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur hökmünde saýlap aldyk. Häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alyp, sportuň berk binýatly, ösen ulgamyny döredýäris. Bu gün Türkmenistan halkara bileleşigi tarapyndan sport syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet hökmünde ykrar edildi. 2017-nji ýylda Watanymyzyň paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler.

Ýaşlarymyzyň halkara derejesindäki bu sport ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmäge hem-de ýurdumyzyň sport abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynanýaryn!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kämil ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň ajaýyp zamanasydyr. Geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym — sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň we hyjuwlylygyň gözbaşydyr! Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir!

Beden we ruhy taýdan sagdyn bolmak adamda ýaşaýşa bolan ynamy has-da güýçlendirýär. Päk göwünli, arassa bedenli, maksatlary aýdyň ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň ýaşlykdan sporta bolan endigi özlerinde terbiýelemegi olaryň uzak hem-de sagdyn ömür sürmegi üçin zerurdyr. Sport siziň beden we ruhy gözelligiňiziň sazlaşmagy, jemgyýetimiziň sagdynlygy üçin örän möhümdir. Biz beýik maksatlarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlarymyza bil baglaýarys. Beýik maksatlara diňe oýlanyşykly we döredijilikli işler, bedeniň we ruhuň kämilligi, ýeňişlere we üstünliklere bolan uly ynam bilen ýetip bolar. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller bilen ýetilmejek menzil, bitirilmejek iş ýokdur! Bu ýörelgeler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde örän jogapkärçilikli hem-de oýlanyşykly çemeleşilýändigine şaýatlyk edýär.

Watanymyzyň geljegi bolan gurujy we dörediji mähriban ýaşlar!

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri nesilleriň sazlaşykly gatnaşygyna aýratyn ähmiýet beripdir. Hoşniýetlilik, açyklyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik halkymyza mahsus özboluşly aýratynlyklardyr. Milli gylyk-häsiýetler, Watana, il-güne, peder ojagyna bolan beýik duýgular, ak ýüreklilik, lebzi halallyk, zähmetsöýüjilik, belent ahlaklylyk, enä we ýaşuly nesle sarpa goýmak — sagdyn nesilleri terbiýelemegiň esasy ýörelgeleridir. Her bir maşgaladaky asudalyk, agzybirlik hem-de rahatlyk jemgyýetimiziň abadançylygynyň girewidir. Adamzat üçin gymmatly akyl-paýhas mirasy döreden Musa Horezmi, Mäne baba, Ibn Sina, Mahmyt Kaşgarly, Mahmyt Zamahşary, Hoja Ahmet Ýasawy,

Soltan Sanjar, Alp Arslan, Malik şa, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetlerimiz hem maşgala üçin ilkinji terbiýe mekdebi bolupdyr.

Watançy nesillerimiz maşgala ojagynyň asylly däp-dessurlaryny —agzybirligimiziň, bütewiligimiziň hem-de pähim-paýhaslylygymyzyň binýady bolup hyzmat edýän milli ýörelgelerimizi dowam etmelidirler.

Ýaşlar milli ýörelgelerimize berk eýermelidir. Milli edep-terbiýämizde gadymy döwürlerden bäri dünýäniň syýasy, medeni-ruhy we ykdysady ösüşine ummasyz goşant goşup gelýän halkymyzyň ynsanperwerlik, ruhubelentlik, kiçigöwünlilik, mertlik, dogry sözlülik, päk ahlaklylyk ýörelgeleri jemlenendir. Bu gün müňýyllyklardan gözbaş alýan edep mekdebiniň çägi giňäp, gymmatly mazmuny dünýä dolýar. Edep-terbiýe biziň durmuş ýörelgämiz, ruhy tugumyz, ýaşaýşymyzyň manysy, röwşen geljegimize öçmez nur saçýan şugladyr. Gadymy döwürlerden bäri rowaç bolan paýhasly ýörelgelerimizi dünýä ýüzünde giňden dabaralandyrmak, okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýmak biziň mähriban ýaşlarymyzyň esasy maksady bolmalydyr. Watan, ynsanperwerlik, mertlik hakdaky beýik ýörelgeler ilkinji nobatda durmuşa gadam basýan nesillerimiz üçin geçmişi, şu güni we bagtyýar geljegimizi özünde jemleýän nusgawy mekdepdir.

Mähriban ýaşlar!

Ynsanyň mertebesi, abraýy, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Zähmetsöýerlik milletimiziň, jemgyýetimiziň, her bir maşgalanyň agzybirlikde we jebislikde berkarar Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmaga gönükdirilen beýik ýörelgesidir. Zähmetsöýüjilik biziň döwletliligimiz we bagtyýarlygymyzdyr! Beýik maksatlara ýetmek üçin, her bir adam zähmeti özüne hemra edinmelidir. Ruhy we beden taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýän taryhy döwürde Garaşsyzlygymyzyň mukaddes gazananlaryny gorap saklamak, jemgyýetiň sagdynlygyna zyýan ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda bolmak, ýurdumyzyň dünýä ýüzünde iň bir abadan hem-de kuwwatly döwlete öwrülmegi üçin gujur-gaýrat bilen döredijilikli zähmet çekmek ýaşlaryň mukaddes borjudyr.

Goý, nesilleriň arasyndaky üznüksizligi üpjün edýän halallyk, arassalyk, kalby päklik, zähmetsöýüjilik we watansöýüjilik durmuşda ýaşlarymyzyň baş ýörelgesi bolsun! Türkmenistanyň ýaşlarynyň öz borjuny berjaý etmek üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerjekdigine, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişjekdigine, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdigine berk ynanýaryn.

Watansöýüjilik, mertlik, edermenlik halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan wagyz-nesihatlarydyr. Watan hormaty, ýurt goragy üçin gahrymançylygyň ebedi nusgalaryny döreden merdana pederlerimiziň bu günki nesilleri Watan öňündäki öz mukaddes borjuny abraý bilen berjaý etmelidirler.

Türkmenistanyň ruhubelent we bagtyýar ýaşlary!

Döretmek, gurmak bilen adamzadyň durmuşy has-da gözelleşýär. Biziň bagtyýar ýaşlarymyz hem durmuşymyzy gözelleşdirýän şahsyýetler — jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň gymmatly hazynasy bolup durýar. Okamak we öwrenmek, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, bagtyýar we abadan durmuşyň hatyrasyna kämillige gadam urmak watansöýüji, ynsanperwer, zähmetsöýer, maksada okgunly, belent ahlakly bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr! Mähriban ýaşlarymyz özleşdiren çuňňur ylymlary we bilimleri, eziz Diýarymyzyň beýik daglaryna, tereň derýalaryna, giň sähralaryna, küren oba-şäherlerine, mähriban halkyna bolan beýik söýgüsi, mähri, buýsanjy bilen berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltmelidirler!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, ýurt parahatçylygyny, Garaşsyz, Bitarap Watanymyz eziz Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter