Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna | TDH
Prezidentiň poçtasy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

опубликованно 06.04.2015 // 1056 - просмотров
 

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Parahatçylygy, ynsanperwerligi, döredijiligi we ruhubelentligi dabaralandyrýan bu halkara baýramçylygynyň şanyna geçiriljek çäreleriň beýik geljegimize uly ynam bilen barýan merdana halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary galdyrjakdygyna berk ynanýaryn!

Hemişelik oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň barha ýokarlanýan häzirki döwürde milli we halkara baýramçylyklary, şanly seneler mynasybetli köpçülikleýin medeni-sport çärelerini geçirmek ajaýyp däbe öwrüldi. Ynsanperwerligiň, dostlugyň we parahatçylygyň ýörelgelerine ygrarly halkymyzyň jebisligini we agzybirligini has-da pugtalandyrýan halkara baýramlarynyň biri hem Bütindünýä saglyk günüdir. Milli senenamamyza özboluşly bezeg berýän bu halkara baýramynyň şanyna kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraý-mertebesi has-da ýokarlanýan Türkmenistan Watanymyzda dürli çäreler geçirilýär. Sagdynlyk we bagtyýarlyk biraýlygynyň çäklerinde iri sport toplumlarynda, stadionlarda, Saglyk ýollarynda güýji, çeýeligi, çalasynlygy, ruhubelentligi we paýhasy terbiýeleýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri, milli aýdym-sazly dabaralar guralýar, sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary we milli bäsleşikler geçirilýär.

Bularyň ählisi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň esasy gymmatlygy bolan adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri dünýä medeniýetiniň örän möhüm gymmatlyklarydyr. Bu gymmatlyklar her bir jemgyýetiň we döwletiň durmuş-ykdysady we medeni taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün edýän esasy görkezijiler bolup durýar. Bedenterbiýe we sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän we ösüşe ruhlandyrýan güýçdür. Şu nukdaýnazardan, päk ahlaklylygyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde doly ykrar edilýän eziz Watanymyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, halkymyzyň saglygy, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly özgertmeleri durmuşa geçirýäris. Milli we döwlet maksatnamalarymyzyň çäklerinde ýurdumyzda halkara derejeli iri sport toplumlary bina edildi, ýöriteleşdirilen bedenterbiýe we sport edaralarynyň hem-de guramalarynyň ulgamy döredildi. Çagalary we ýaşlary beden we ruhy taýdan sagdyn terbiýelemek wezipelerinden ugur alnyp, şäherdir obalarymyzda sport zallaryny, ýüzüş howdanlaryny, sport meýdançalaryny hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga niýetlenen beýleki desgalary öz içine alýan ýaşaýyş jaý toplumlary, bilim edaralary, şypahanalar guruldy.

Häzirki döwürde güneşli Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýokary netijeler sportuny we Olimpiýa hereketini has-da ösdürmäge, sport ulgamynda Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny pugtalandyrmaga ýardam etjek ägirt uly taslamanyň — Orta Aziýadaky iň iri Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy ýokary depginler bilen dowam etdirilýär.

Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Olimpiýa suw sport toplumy, Milli Olimpiýa sport köşgi, Gyşky oýunlar sport toplumy, köpugurly «Aşgabat» stadiony, şeýle hem welaýatlarymyzdaky beýleki köp sanly häzirki zaman iri sport desgalary beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, türkmen sportuny hem-de sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ösdürmäge we kämilleşdirmäge ýardam edýär.

Eziz watandaşlar!

Sport dostlugyň we halkara hyzmatdaşlygyň esasydyr. Şonuň üçin biz Olimpiýa hereketiniň asylly maksatlaryny we ýörelgelerini doly goldaýarys. Biz dürli derejelerde, aýratyn-da, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi bilen parahatçylygyň we ynsanperwerligiň pugtalandyrylmagyny şertlendirýän hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly ähmiýet berýäris. Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky ýörite çözgüdi biziň döwletimiziň olimpiýa taglymatlaryna we ýörelgelerine laýyk gelýän ösüş we parahatçylyk, dostluk we agzybirlik, döredijilik we ynsanperwerlik ýaly başlangyçlarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy — Bütindünýä saglyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter