Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 02.04.2018 // 1426 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Onda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň häzirki wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýyna hem-de döwlet durmuşynyň birnäçe beýleki möhüm meselelerine, şol sanda öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmäge degişli meselelere garaldy.

Ilki bilen, wideoşekilli göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew çagyryldy. Häkim paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak hem-de şäher etraplarynyň çäklerinde bezeg agaç nahallaryny ekmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Aşgabatda desgalary mundan beýläk-de gurmagyň taslamalarynyň amala aşyrylyşynyň barşy barada habar aýdyldy. Şol taslamalarda dürli ähmiýetli desgalaryň, şol sanda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy hem-de paýtagtyň düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Häkim şeýle hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmäge örän jogapkärli we hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, täze binalaryň ýokary hilini üpjün etmek hem-de olary ulanmaga bermegiň möhletlerini berjaý etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şunda hormatly Prezidentimiz adamlaryň durmuşy üçin has amatly şertleri döretmegiň paýtagtymyzda amala aşyrylýan düzümleýin taslamalaryň ileri tutulýan wezipesi bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny aýratyn nygtady.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň etraplaryny abadanlaşdyrmak barada aýdyp, gözellik we ekologiýa taraplaryna uly üns bermek bilen, ähli işleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi amala aşyrmagy talap etdi.

Milli Liderimiz öňde duran dabaralary ýokary derejede geçirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berip, olaryň ýurdumyzyň sportda gazananlaryny beýan etmelidigini, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna ýardam bermelidigini belledi.

Soňra wideoşekilli aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew çagyryldy. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy, şol sanda oba hojalyk ulgamyndaky işleriň barşy barada hasabat berdi. Gowaça ekişini bellenilen möhletlerde hem-de ýokary hilli geçirmek, meýdanlary ekinleriň zyýankeşlerinden goramagy üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler, oba hojalyk tehnikalarynyň, awtoulag serişdeleriniň we ammarlaryň galla oragyna taýýarlanylyşy barada hasabat berildi.

Welaýatyň häkimi Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde bina edilýän dürli ähmiýetli desgalardaky gurluşyklaryň barşy, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreleriň meýilnamasy barada-da hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk derejede wagtynda geçirmek hem-de oba hojalygynda beýleki bir möhüm möwsüm bolan galla oragyna taýýarlyk görmäge degişli ähli guramaçylyk meseleleriniň öz wagtynda çözülmegine uly üns bermegiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz häkime güýzlük bugdaýyň hasylyny ýygnamak işine kombaýnlaryň, awtoulaglaryň hem-de beýleki degişli tehnikalaryň, elewatorlaryň we galla saklamak üçin ammarlaryň doly taýýarlygyny öz wagtynda üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň durmuş desgalarynyň hem-de beýleki düzümleriň gurluşyklarynyň ýokary hiliniň we möhletleriniň berjaý edilmegi baradaky mesele babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, halkara sport baýramçylygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi.

Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow çagyryldy. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy, oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekişiniň barşy hem-de olaryň zyýankeşlerden goralyşy, galla oragyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Welaýatyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň depginleri barada hasabat berildi, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bina edilýän desgalara aýratyn üns çekildi.

Mundan başga-da, welaýatyň häkimi Bütindünýä saglyk güni mynasybetli baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agrotehnikanyň kadalarynyň hem-de ekinleriň zyýankeşlerine garşy göreşmek boýunça çäreleriň berk berjaý edilmeginde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň bol hasyl almagyň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtap, gök-bakja ekinleriniň ýaz ekişini bellenilen möhletlerde geçirmegi, şeýle hem galla oragyna degişli ähli işleriň sazlaşykly we yzygiderli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi talap etdi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde bina edilýän desgalardaky işleriň ýagdaýyny hemişe üns merkezinde saklamagy, Awazanyň kenaryndaky dynç alyş zolagyny mundan beýläk-de gurmagyň çäklerinde taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň meselelerine uly üns bermegi tabşyrdy. Olaryň her biri gurluşygyň ýokary hiline we ekologiýa taýdan howpsuzlyga degişli bildirilýän talaplaryň berjaý edilmegi bilen bellenilen möhletlerde amala aşyrylmalydyr.

Milli Liderimiz welaýatyň ilatyny, aýratyn-da, ýaşlary geçiriljek sport dabaralaryna giňden çekmegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada aýdyp, gowaça ekişiniň depginlerini artdyrmak, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler, şol sanda maýsalara ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de zyýankeşlere garşy göreşmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, güýzlük galla oragyna däne kabul ediş bölümlerini, däne orujy kombaýnlary, awtoulaglary taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Häkim Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde bina edilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin meýdan işlerini bellenilen tertibe we bildirilýän talaplara laýyklykda guramaçylykly geçirmek baradaky meselelere ünsi çekip, bar bolan ähli tehnikalary zerur ulanyş ýagdaýynda saklamagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz kombaýnlaryň, degişli mehanizmleriň we awtoulaglaryň galla oragyna taýýarlyk derejesini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Gallany hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerini zyýankeşlerden goramak serişdeleri bilen daýhanlary üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Döwlet Baştutanymyz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky meselä degip geçip, sebitiň senagat pudagyny döwrebaplaşdyrmaga we kuwwatyny artdyrmaga, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen meýilnamalaryň ählisiniň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň hasabaty diňlenildi. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy hem-de geçirilýän oba hojalyk işleri, şol sanda gowaça ekişiniň depginlerini güýçlendirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler, galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek, geljekki hasyly zyýankeşlerden goramak, şeýle hem obasenagat toplumynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, sebitde gurulýan desgalardaky işleriň barşy, gurluşygyň hil talaplaryny berjaý etmek bilen, binalary öz wagtynda ulanmaga bermek boýunça amala aşyrylýan çäreler hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Oba milli maksatnamasynda hem-de welaýaty hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz gowaça ekişiniň ýokary depginlerini üpjün etmegiň ähmiýeti hem-de ýakynlaşyp gelýän galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmek barada aýdyp, bu jogapkärli oba hojalyk möwsümlerine gatnaşýan ýer eýeleriniň — kärendeçileriň hem-de mehanizatorlaryň sazlaşykly işlemegi üçin hemme şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy. Oba hojalyk ekinlerini zyýankeşlerden goramak meselelerine aýratyn üns berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz täze desgalaryň, ilkinji nobatda, medeni-durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň hiline we möhletleriniň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, häkime bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Bütindünýä saglyk güni mynasybetli medeni-köpçülikleýin çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmek baradaky meselä degip geçip, Türkmenistanyň döwlet syýasatynda, şol sanda ilatyň saglygyny goramak, türkmenistanlylaryň beden we ruhy taýdan sagdyn neslini terbiýelemek boýunça syýasatynda durmuş wezipeleriniň amala aşyrylmagynyň ileri tutulýandygyny nygtady hem-de bu şanly baýramçylyk mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitde işleriň ýagdaýy, hususan-da, häzirki oba hojalyk işleriniň barşy, oba hojalyk ulgamyny ösdürmek babatda alnyp barylýan işler, gowaça ekişiniň depginlerini güýçlendirmek, tehnikalary, elewatorlary we ammarlary galla oragyna taýýarlamak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem ekinlere ideg etmek we olary zyýankeşlerden goramak babatda görülýän işler barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, welaýatda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde bina edilen desgalardaky gurluşyk işleri hem-de öňde boljak baýramçylyk mynasybetli dabaralar barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň häzirki tapgyrynda ilkinji nobatdaky wezipelere — welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, gowaça ekişiniň öz wagtynda tamamlanmalydygyna degişli hem-de oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine garşy göreşmek boýunça hemme zerur çäreleriň ýerine ýetirilmegi babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz gallanyň daşalmagyny we ýygnalan bugdaý hasylynyň göwnejaý saklanylmagyny hem-de kärendeçiler bilen özara hasaplaşyklaryň guralmagyny nazara almak bilen, bugdaý oragyna toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de medeni-durmuş ähmiýetli beýleki desgalaryň gurluşygyna yzygiderli gözegçiligi üpjün etmegi tabşyryp, ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin hem ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter