Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň VIII gurultaýyna gatnaşyjylara | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň VIII gurultaýyna gatnaşyjylara

опубликованно 02.04.2018 // 1425 - просмотров
 

Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar!
Mähriban watandaşlar!

Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ata Watanymyzda bolup geçýän uly syýasy-jemgyýetçilik waka — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň VIII gurultaýynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we gurultaýyň işine üstünlik arzuw edýärin!

Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz dünýäde çalt depginler bilen ösýän, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly goşant goşýan, parahatçylygyň we durnuklylygyň ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Gazanylýan üstünliklerde, ýetilen sepgitlerde ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik güýçleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalarynyň, işjeňleriniň mynasyp goşandynyň bardygyny bellemek gerek. Biziň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli maksatnamalarymyzy, amala aşyrýan özgertmelerimizi syýasy taýdan goldamakda, jemgyýetde agzybirligi we jebisligi üpjün etmekde ýurdumyzyň syýasy partiýalaryna hem-de jemgyýetçilik guramalaryna uly orun degişlidir.

Gadyrly partiýa agzalary!

2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlary ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri kämilleşdirmekde, raýat jemgyýetini ösdürmekde, döwletimiziň syýasy, hukuk binýadyny pugtalandyrmakda özgertmeler syýasatymyzyň ýerine düşýändigini ýene-de bir ýola aýdyň görkezdi. Bu saýlawlaryň jemleri we halkara synçylarynyň milli saýlaw ulgamynyň işine oňyn baha bermekleri Türkmenistanyň syýasy we demokratik ösüşleriniň ýokary netijelerine şaýatlyk edýär.

Konstitusion özgertmelere laýyklykda, bu saýlawlary guramakda, geçirmekde, oňa gözegçiligi amala aşyrmakda we saýlawçylaryň syýasy işjeňligini gazanmakda ýurdumyzda tejribeli syýasy gurama hökmünde tanalýan Demokratik partiýanyň alyp baran işleri bellenmäge mynasypdyr. Demokratik partiýa tarapyndan hödürlenen we raýatlaryň ynamyna mynasyp bolup, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlanan partiýa agzalarynyň geljekde-de mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, ykdysadyýetde, senagatda, medeniýetde, ylym-bilim, sport ulgamlarynda has uly öňegidişlikleriň gazanylmagy ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işlere goşant goşmakda gujur-gaýratyny we başarnygyny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn.

Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ilkinji wezipesi «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda gazanan üstünliklerimizi berkitmekden we demokratik jemgyýetimiziň syýasy manysyny ähli işleriňiziň esasynda goýmakdan hem-de giň halk köpçüligine ýaýmakdan ybaratdyr. Berkararlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, bagtyýarlygymyzy, ýagty geljege bolan ynamy pugtalandyrmakda täze başlangyçlar bilen çykyş edýän Demokratik partiýa ýurdumyzyň esasy syýasy-jemgyýetçilik güýji bolmalydyr.

Şu şatlykly günde men sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň we gülläp ösüşiň merkezi bolan Bitarap döwletimiziň ynsanperwer içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmek we düşündirmek işine goşýan saldamly goşandy üçin ähli partiýa agzalaryna minnetdarlyk bildirýärin.

Eziz Diýarymyzda mähriban halkymyzyň hemişe bagtyýar, eşretli durmuşda bolelin ýaşamagy, raýatlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli bolmagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler açylýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli meselelerini öz içine alýan döwlet syýasatymyz ildeşlerimizde mähriban Watanymyza bolan çuňňur söýgini, beýik buýsanjy ösdürýär. Hut şu nukdaýnazardan, Demokratik partiýa beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde durmuşyň ähli ugurlarynda demokratiýany ýaýbaňlandyrmaga we şonuň esasynda bolsa ýurdumyzda geçirilýän özgertmeleri has-da işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşmalydyr.

Hormatly partiýa agzalary!

Biz ata-babalarymyzyň ynsanperwer, milli demokratik ýoluny mynasyp dowam etdirýän gujurly partiýa agzalarymyzdan we jemgyýetçilik işgärlerinden has netijeli işlere garaşýarys. Berkarar Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň, bagtyýar şu gününiň we beýik geljeginiň hatyrasyna, halkymyzyň we dünýä halklarynyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň bähbidine hyzmat etmek, yhlasly işlemek, maksatly ýaşamak, netijeli döretmek, gujurly gurmak siziň üçin baş ýörelge bolmalydyr.

Biziň binýady berkden tutulan sarsmaz döwletimiziň at-abraýyny äleme meşhur etjek beýik işleri durmuşa geçirmäge siziň işjeň gatnaşyp, täze döredijilik başlangyçlary bilen yzygiderli çykyş edip, hemişe öň hatarda boljakdygyňyza pugta ynanýaryn.

Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar!

Sizi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň VIII gurultaýynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny hem-de işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter