Aşgabatda pudaklaýyn halkara maslahat geçirildi | TDH
Ykdysadyýet

Aşgabatda pudaklaýyn halkara maslahat geçirildi

опубликованно 31.03.2018 // 758 - просмотров
 

Paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda ýurdumyzyň himiýa senagatynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp, “Türkmenistanyň himiýa pudagy ösüş ýolunda” atly ilkinji halkara maslahat geçirildi.

Maslahata ýolbaşçy düzümiň agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, bu ugurda işleýän hünärmenler hem-de alymlar gatnaşdylar.

Maslahat Russiýa Federasiýasyndan, ABŞ-dan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Şweýsariýadan, Niderlandlardan, Daniýadan, Koreýa Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Türkiýeden, Owganystan Yslam Respublikasyndan, Litwadan we Gazagystandan himiýa pudagynda işleýän iri kompaniýalaryň 30-dan gowragynyň wekillerini ýygnady.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda himiýa senagatyny ýokary depginler bilen ösdürmek, berkarar döwletimiziň ykdysadyýetini halkara derejede berkitmek ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Watanymyzyň dürli künjeklerinde himiýa önümlerini öndürýän häzirki zaman kärhanalary yzygiderli gurulýar we ulanylmaga berilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde, pudagyň önümçilik kuwwaty yzygiderli artdyrylýar.

Maslahata gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, milli Liderimiziň alyp barýan syýasaty türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň bähbitlerine oýlanyşykly we netijeli peýdalanylmaga gönükdirilendir. Bu strategik ähmiýetli wezipeleriň oňyn çözülmegi netijesinde, diňe bir çig mallaryň gazylyp alnyşy artdyrylman, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary esasynda olar düýpli gaýtadan işlenilýär. Munuň özi içerki bazarda hem, daşarky bazarda hem uly islege eýe bolan dürli ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

Mineral dökünleriň öndürilmegine aýratyn üns berilýär, bu bolsa ýurdumyzda çig mal binýadynyň baýlygy hem-de önümleriň bu görnüşine islegleriň ýokarydygy bilen baglanyşyklydyr. Ýerli çig mal serişdeleriniň peýdalanylmagy oba hojalygynyň netijeliligini we girdejililigini köp esse ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Türkmenistanyň serişdeler mümkinçilikleri ýurdumyzyň içerki sarp edijileriniň islegini doly kanagatlandyrýan möçberde mineral dökünleriniň ähli görnüşlerini öndürmäge hem-de olaryň eksport möçberlerini ep-esli artdyrmaga şert döredýär.

Tebigy gazyň ägirt uly gorlarynyň bolmagy azot döküniniň, hususan-da, karbamidiň öndürilmegi boýunça täze önümçilikleriň gurulmagynyň geljeginiň uludygyny aňladýar. Türkmenistanyň çäklerinde Tejen we Mary şäherlerinde häzirki wagtda ammiak-karbamid toplumlary üstünlikli hereket edýär, bu kärhanalarda öňdebaryjy dünýä kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary peýdalanylýar.

Bu kärhanalaryň kuwwatlylygy ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini diňe bir gymmatly mineral dökünler bilen üpjün etmäge däl, eýsem, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen himiýa önümlerini eksport etmäge hem kömek edýär.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen Türkmenistanda amala aşyrylýan iri möçberli düýpli özgertmeler, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge tarap alnan ynamly ugur hem-de giň halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy daşary ýurt kompaniýalary bilen iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge barabar bolan iri ammiak-karbamid toplumynyň üçünjisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Şertnama boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ygtyýarlylandyrylan tehnologiýalary ornaşdyrylýan kärhananyň 2018-nji ýylyň ortalarynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär, onuň önümleri bolsa eksporta ugradylar.

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar kaliý dökünini öndürmek ulgamynda ýurdumyzda uly kuwwatyň bardygyna ünsi çekdiler. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kaliý duzlarynyň käninde Dag-magdan toplumynyň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň himiýa pudagynyň ösüşine belli bir derejede rowaçlyk getirdi.

Çig mal ätiýaçlyklarynyň uly goruna eýe bolan Garabil we Tübigatan känlerinde kaliý dökünini öndürmek boýunça täze önümçilikleriň gurulmagynyň uly geljegi bardyr.

Maslahata gatnaşyjylar fosfor döküni baradaky meselä degip geçip, 2016-njy ýylyň iýul aýynda Türkmenabadyň himiýa zawodynda kuwwatlylygy ýylda 500 müň tonna barabar bolan kükürt kislotasyny öndürmek boýunça täze bölümiň ulanylmaga berlendigini bellediler. Onuň işi ýurdumyzyň içerki sarp edilişini üpjün etmäge ýardam berdi.

Türkmenistan gidromineral çig malynyň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeläp, mineral duzlaryň, ýoduň dürli görnüşlerini hem-de beýlekileri öndürýär. Tehniki ýody “Hazar”, “Balkanabat” we “Bereket” zawodlary öndürýär. Ýakyn wagtda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni himiýa pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, Balkan welaýatynda ýod, brom we olaryň emeli görnüşlerini öndürmek boýunça kärhananyň gurluşygyna girişmegi maksat edinýär.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda himiýa pudagynyň işgärleriniň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek maksady bilen ýokary hilli himiýa önümleriniň önümçiligini artdyrmak babatda ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter