Himiýa senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän «Türkmenistanyň himiýa pudagy ösüş ýolunda» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara | TDH
Syýasat habarlary

Himiýa senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän «Türkmenistanyň himiýa pudagy ösüş ýolunda» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

опубликованно 31.03.2018 // 1551 - просмотров
 

Hormatly myhmanlar!

Gadyrly himiýa senagatynyň işgärleri!

Hormatly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar!

Sizi ýurdumyzda ilkinji gezek bellenilýän Himiýa senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli, şeýle hem Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň himiýa pudagy ösüş ýolunda» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara ylmy maslahatyň özara tejribe alyşmakda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynanýaryn.
Häzirki döwürde Türkmenistanda himiýa senagatyny ýokary depginler bilen ösdürmek, berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny halkara derejede berkitmek ugrunda uly işler alnyp barylýar hem-de belent sepgitlere ýetilýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň iri pudaklarynyň biri bolan himiýa senagatynda gazanylýan her bir üstünligiň, zähmet ýeňşiniň aňyrsynda, ilkinji nobatda, himiýa senagaty pudagynyň işgärleriniň, degişli ugur boýunça hünärmenleriň, alymlaryň irginsiz we döredijilikli zähmetiniň, yhlasynyň bardygyny aýdyň duýmak bolýar. Pudagyň zähmetkeşleri ýadawsyz hem-de halal zähmeti bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna uly goşant goşýar we buýsançly netijeleri gazanýar.

Gadyrly maslahata gatnaşyjylar!

Türkmen topragynyň tükenmez ýerasty baýlyklary ýurdumyzyň genji-hazynasydyr, milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň binýadydyr. Sahawatly türkmen topragyndaky baý we gymmatly çig mal serişdelerimiz himiýa senagatyny batly depginler bilen ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki döwürde adamlaryň gündelik durmuşyny, döwletiň ykdysady ösüşini himiýa senagatynyň önümlerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Şoňa görä-de, pudagyň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny nazara almak bilen, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk işlemegi üçin, ilkinji nobatda, iri döwrebap kärhanalary döretmek we bar bolan önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak babatda döwlet tarapyndan uly tagallalar edilýär.

Pudagyň kärhanalarynyň öndürýän esasy önümleri ýurdumyzyň obasenagat toplumy üçin niýetlenendir. Sebäbi, oba hojalygyny ösdürmäge ýardam etmek himiýa pudagynyň ileri tutulýan wezipesidir. Türkmenistanda öndürilýän mineral dökünleriň we himiýa önümleriniň halkara ölçeglere doly laýyk gelýändigi bizi hem guwandyrýar.

Ýurdumyzyň himiýa senagatyny halkara derejede ösdürmek maksady bilen, döwlet tarapyndan uly serişdeler goýberilýär. Garaşsyz Watanymyzyň dürli ýerlerinde himiýa önümlerini öndürýän döwrebap kärhanalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Olarda dünýäniň kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly pudagyň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şeýle hem himiýa önümlerini we çig maly öndürýän hususy kärhanalary gurmak we olaryň işini ýola goýmak, telekeçiligi ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçilik kärhanalary bolan hem-de döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan Türkmenabatdaky himiýa zawodynyň, «Tejenkarbamid», «Marykarbamid», «Hazar» himiýa, «Balkanabat» we «Bereket» ýod zawodlarynyň, «Guwlyduz» kombinatynyň, «Maryazot» hem-de «Garabogazsulfat» önümçilik birleşikleriniň, Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň we «Dökünhimiýa» kärhanasynyň ýokary önümçilik netijelerini gazanyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygyny aýratyn nygtasym gelýär.

Haýsy ýurt ykdysady taýdan täze belentliklere ýetýän bolsa, şol döwletde halkyň ýaşaýyş-durmuşy hem gülläp ösýär, Watanyň kuwwaty artýar. Şu nukdaýnazardan ugur almak bilen, biz ýurdumyzyň himiýa senagatyna degişli önümçilik kärhanalarynyň sanyny geljekde hem yzygiderli artdyrarys. Pudagyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, täze hünär mekdeplerini açmak boýunça döwlet tarapyndan berilýän ünsi barha ýokarlandyrarys.

Gadyrly myhmanlar!

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!

Sizi ýurdumyzda ilkinji gezek bellenilýän Himiýa senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli, şeýle hem ak mermere beslenen paýtagtymyzda geçirilýän «Türkmenistanyň himiýa pudagy ösüş ýolunda» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn. Bu halkara ylmy maslahatyň ýurdumyzda himiýa senagatynyň işini kämilleşdirmek bilen bir hatarda, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we özara tejribe alyşmakda hem ähmiýetiniň uly boljakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter