Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine

опубликованно 16.04.2015 // 956 - просмотров
 

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri!

Sizi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň döredilmeginiň 12 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz halkymyzyň abadançylygyna, asuda, erkana durmuşyny üpjün etmäge we döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen beýik işleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Şonuň netijesinde, eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar we halkara abraýy günsaýyn belende göterilýär. Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen halkara hyzmatdaşlygyny barha ösdürmek, ýurdumyzyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, eziz Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrmak ugrunda siz netijeli işleri alyp barýarsyňyz. Dünýäniň çar künjünden ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlary güneşli türkmen topragynda güler ýüz bilen garşy almakda, olara ýokary hilli, döwrebap migrasiýa hyzmatlaryny etmekde siziň alyp barýan işleriňiz ýokary baha mynasypdyr. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde, dürli maksatlar bilen eziz Diýarymyza gelýän daşary ýurt raýatlarynyň sanynyň yzygiderli artmagy Gullugyň is gerimini has-da giňeldýär.

Turkmenistan dünýä bileleşiginiň deňhukukly agzasy hökmünde giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlar we teklipler bilen çykyş edýär, olary is ýüzünde durmuşa geçirmäge hem işjeň gatnaşýar.

Ýurdumyzda 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi bilen bagly, halkara we döwlet derejesinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygyna bagyşlanan möhüm çäreleri geçirýäris. Şeýle hem 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görýäris. Bu möhüm wakalar bilen bagly, ýurdumyzda halkara ähmiýetli çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginde, olara gatnaşýan myhmanlary mynasyp garşylamakda we migrasiýa meselelerini düzgünleşdirmekde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň şahsy düzüminiň öňünde hem möhüm wezipeler durýar. Siziň her biriňiziň öz öňüňizde durýan bu wezipeleri mundan beýläk-de uly abraý bilen ýerine ýetirjekdigiňize berk ynanýaryn.

Hormatly migrasiýa gullugynyň işgärleri!

Siz häzirki zaman ylymlaryndan we innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykaryp, hünär taýýarlygyňyzy yzygiderli kämilleşdirip, hünär we syýasy taýdan taýýarlykly, kasama wepaly bolup, bedew bady bilen ösýän we özgerýän Watanymyza, merdana halkymyza ak ýürekden gulluk etmelisiňiz. Halkara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň gazanýan üstünliklerini dünýä ýaýmak, eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan netijeli işleriňizi yzygiderli dowam etmelisiňiz.

Ýurdumyzda harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň has-da netijeli zähmet çekmekleri, hünär we bilim derejelerini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmekleri, amatly durmuş şertlerinde ýaşamaklary üçin ähli zerur işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, şahsy düzümiň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, tejribesini artdyrmak, işgärleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça amala aşyrýan düýpli işlerimizi biz geljekde hem dowam ederis.

Hormatly Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri!

Sizi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň döredilen güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, ösüşiň belent maksatlaryna tarap ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzy has-da ösdürmek ugrunda alyp barýan jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly Berdimuhamedow

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter