Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 21.04.2015 // 924 - просмотров
 

Hormatly jenap Prezident,

Türkmenistan bilen Bruneý-Darussalam Döwletiniň arasynda bar bolan dostlukly hem-de özara düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklary dowam etdirmäge gyzyklanma bildirmek bilen, biz ynamdar we hormatly jenap Hajy Mahadi Maýdini Siziň ýanyňyzda Bruneý-Darussalam Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde saýladyk.

Jenap Hajy Mahadi Maýdiniň uly tejribesi we ukyby bize onuň öz wezipesini Siziň hormatyňyzy gazanar hem-de biziň ynamymyzy ödär ýaly derejede ýerine ýetirjekdigine ynanmaga esas berýär.

Ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan aýtjak zatlarynyň ählisine, esasan hem Türkmenistanyň bagtyýarlygy we gülläp ösmegi baradaky ynandyrmalaryna ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýäris.

Goý, Gudratygüýçli Allatagalla Sizi öz penasynda aman saklasyn.

Hassanal Bolkiah,
Bruneý Darussalam Döwletiniň Soltany

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter