Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

опубликованно 25.04.2015 // 999 - просмотров
 

Şu günler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinden we daşary ýurtlardan köp sanly gutlag hatlary hem-de telegrammalary gelýär. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda arassa tohumly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, sportuň atçylyk görnüşlerini we at çapmagyň milli däplerini wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigini belleýärler. Bularyň ählisi türkmen halkynyň köp asyrlardan bäri buýsanjyna öwrülen behişdi bedewleriň şan-şöhratyny mundan beýläk hem dünýä ýaýmaga ýardam edýär. Gutlaglary iberenler döwlet Baştutanymyzy umumymilli baýram bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, uzak we bagtly ömür, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw edýärler.

Türkmenistanyň Prezidentini Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Artykow, Ş.Durdylyýew, A.Goçyýew, B.Ereşow, B.Hojamuhammedow, R. Meredow, S.Satlykow, P.Taganow, S.Toýlyýew, A.Ýazmyradow, M.Ýazmuhammedowa tüýs ýürekden gutladylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan milli Liderimizi A.Nurberdiýewa gutlady.

Türkmen döwletiniň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri Ş.Durdylyýew, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Žadan, Y.Paromow iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ilatynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow, Daşoguz welaýatynyň häkimi E. Orazgeldiýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow gutladylar.

Milli Liderimize Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutlaglaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyzy Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K.Babaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy R.Bazarow, Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Nepesow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradow, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary A.Täşliýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary M.Abilow, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa tüýs ýürekden we mähirli gutladylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter