Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

опубликованно 27.04.2015 // 849 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Ram Baran Ýadawa köpsanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly çuňňur gynanç bildirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna tüýs ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, şeýle hem ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter