Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlara gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlara gatnaşdy

опубликованно 25.03.2018 // 1144 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň VI çagyrylyşynyň deputatlarynyň we halk maslahatlarynyň agzalarynyň şu gün geçirilen saýlawlaryna gatnaşdy. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döredilen saýlaw uçastoklaryna adamlar ir bilen özleriniň konstitusion hukugyny peýdalanmak — milli parlamentiň, ýerli halk häkimiýeti edaralarynyň düzümlerine hödürlenen has mynasyp dalaşgärlere ses bermek üçin ýygnandylar.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji mekdebe geldi. Bu ýerde milli Liderimizi mekdebiň müdiri mähirli garşy aldy we saýlaw uçastogyna çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde ses bermek çäresini amala aşyrmaga ygtyýar berýän býulleteni aldy.

Milli Liderimiz parlamentiň deputaty we halk maslahatlarynyň agzasy — ýerli häkimiýet edarasynyň wekili bolmak hukugy ugrunda iň mynasyp we öz işine wepaly, ildeşlerimiziň arasynda uly hormata eýe bolan adamlaryň dalaş edýändiklerini aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşleriň agzalygyna saýlawlar giň bäsdeşlik esasynda geçdi. Bir orna iki hem-de üç dalaşgär görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu gezekki saýlawlara görlen taýýarlyk işlerine kanagatlanma bildirdi. Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möwsümiň guramaçylykly geçmegi, saýlawlarda ses bermek üçin ähli zerur şertler üpjün edilipdir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Ýeri gelende aýtsak, bu gezekki saýlawlara üç syýasy partiýanyň işjeň gatnaşandygyny bellemeli. Munuň özi ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň ösdürilýändigini, köp partiýalylyk gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilýändigini alamatlandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Munuň özi halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistany 2018 - 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnama kabul edilip, onuň esasy çözgüdiniň ýurdumyzyň her bir raýatynyň durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmakdan ybarat bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz şu günki geçirilýän jemgyýetçilik-syýasy çäräniň maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde aýratyn ähmiýetli boljakdygyna berk ynanýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz her bir dalaşgäre üstünlik, saýlaw toparlarynyň agzalaryna bolsa bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni netijeli geçirmegi, halkymyza abadan, bagtyýar durmuşy, mähriban Diýarymyza bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüşi arzuw edip, saýlawlaryň tutuş ýurdumyz boýunça ýokary guramaçylyk derejesinde geçjekdigine ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz ses bermek üçin niýetlenen ýere bardy we mynasyp gören dalaşgärine öz sesini berip, konstitusion hukugyny ýerine ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz 7-nji “Güneş” saýlaw okrugynyň 48-nji uçastogynda ses berdi, beýleki okruglarda bolşy ýaly, bu ýerde hem bir orna birnäçe dalaşgär görkezildi, bu bolsa bäsdeşlik talaplaryna laýyk gelýär we saýlawça has mynasyp dalaşgäre ses bermek mümkinçiligini döredýär.

Bu uçastokda saýlawçylaryň sanawyna girizilen ýurdumyzyň beýleki raýatlary hem milli Liderimiziň göreldesine eýerip, mahsus bolan ruhubelentlik hem-de raýat işjeňligi bilen halkymyzyň iň gowy wekillerine ses berip, türkmen halkynyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketi dowam etmäge ygrarlydygyny tassykladylar.
Bu saýlawlar Türkmenistanda hakyky halk häkimiýetliliginiň netijeli guralyny kemala getirmekde aýgytlaýjy tapgyr bolmak bilen, türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasyny düzýän demokratik özgertmeleri dowam etdirmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.

Saýlawlar halkara synçylaryň we bilermenleriň işjeň gatnaşmagynda giň bäsdeşlik esasynda geçirildi. Bu gezekki saýlawlar häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň hakyky demokratik, hukuk döwletini gurmagyň ýolunda ynamly öňe barýandygyny tassyklady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter