Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

опубликованно 24.03.2018 // 1866 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi.

Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynyň öňümizdäki ýedi ýyl üçin ösüş maksatnamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bu resminama döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 - 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

Ýakyn geljekde halk hojalygynyň ähli pudaklaryny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek, önümçilik kuwwatyny artdyrmak, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, býujet serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylmagyny üpjün etmek, býujet-salgyt ulgamyny kämilleşdirmek boýunça çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen birlikde, zähmet gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet statistiki ulgamyny özgertmek, standartlaşdyrmak ulgamynda kanunçylyk namalaryny halkara standartlaryna laýyk getirmek, gymmat bahaly kagyzlaryň bazaryny hem-de milli ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň bank edaralarynyň işini özgertmäge uly ähmiýet berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, teklip edilýän maksatnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň türkmen ykdysadyýetiniň durnuklylygyny üpjün etjekdigini, ilatyň durmuş goraglylygyny berkitjekdigini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrjakdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halk hojalygynyň möhüm toplumlarynyň birini mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça ýakyn ýyllarda giň möçberli işleriň ýerine ýetirilmelidigini aýdyp, wise-premýere degişli resminamalary taýýarlamak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk üpjünçiligi boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.

Täze kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça iş toparlarynyň işi dowam edýär, deputatlar ýerlerde kabul edilen resminamalaryň düzgünlerini düşündirýärler. Parlamentiň ýolbaşçysy Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada-da habar berdi. Bu işler hereket edýän Saýlaw kodeksine we halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet agzalaryna ýüzlenip, 25-nji martda, ýagny öňümizdäki ýekşenbe güni geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz giň demokratik esaslarda geçirilýän bu saýlawlarda ählihalk ses berilmegine doly taýýarlyk görlendigini belläp, ýurdumyzyň wekilçilikli edaralaryna saýlawlar bizde ilkinji gezek şeýle tertipde, ýagny ses bermegiň ýeke-täk bir gününi bellemek arkaly geçirilýändigini nygtady. Döwlet häkimiýet edaralaryna, şol sanda döwlet häkimiýetiniň ýerlerdäki wekilçilikli edaralaryna hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlawlary bir günde geçirmek halkara tejribesinde ulanylýar. Bu bolsa saýlawlaryň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Halkara we milli synçylaryň uly toparynyň saýlawlaryň geçirilişini görmäge isleg bildirmegi hem bu aýdylanlara doly şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiz şu saýlawlara ýurdumyzda hereket edýän syýasy partiýalaryň üçüsiniň hem ilkinji gezek işjeň gatnaşýandygyny, şeýle hem wekilçilikli edaralara dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň toparlarynyň hem uly işjeňlik görkezendiklerini aýratyn belledi.

Häzirki döwürde döwletimizde we jemgyýetimizde giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu özgertmeler bilen bagly wekilçilikli edaralaryň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramak maksady bilen, şu saýlawlar geçirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Bu bolsa ýurdumyzyň durmuşyna demokratiýanyň we syýasy köpdürlüligiň doly ornaşandygyny aýdyň tassyklaýar. Iş ýüzünde köp partiýaly jemgyýetiň kemala gelendigini, raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleriň döredilendigini görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Syýasy partiýalaryň taglymat esaslarynyň dürlüdigine garamazdan, olaryň Watana gulluk etmekde, halkyň durmuşyny gowulandyrmakda we Prezident maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bir bitewi güýç bolup çykyş etmegi aýratyn guwançlydyr. Halk we ýurt bähbidi syýasy işiň, şeýle hem saýlawlar bilen bagly syýasy bäsleşigiň maksatlaryndan ýokarda goýulýar. Munuň özi halkymyzyň bitewüliginiň we jebisliginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy bolup durýar, türkmen jemgyýetiniň gazanan aýratyn, bahasyna ýetip bolmajak ýokary gymmatlygyna öwrülýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bu saýlawlaryň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin hem möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban halkymyzy saýlawlara işjeň gatnaşmaga we mynasyp gören dalaşgärine ses bermäge çagyryp, saýlawçylaryň her biriniň sesiniň halkymyzyň agzybirliginiň, asuda, abadan we eşretli durmuşda ýaşamagynyň, bagtyýar geljeginiň bähbidine Garaşsyz Watanymyzyň ýokary depginler bilen ösmegine, öňümizde goýan belent maksatlarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşantdygyny belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň raýatlarynyň saýlawlara işjeň gatnaşyp, ýokary syýasy düşünjeliligi görkezjekdigine ynam bildirdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň 27 — 28-nji martda ýurdumyza boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly sebit we halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän hoşniýetli türkmen-eýran gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrylýar. Geçen ýyllaryň dowamynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hem-de ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine ýardam edýän döwletara hyzmatdaşlygynyň ygtybarly kadalaşdyryjy-hukuk binýady döredildi. Şu babatda bilelikdäki hökümetara toparynyň işine hem-de yzygiderli geçirilýän işewür maslahatlaryna we medeni çärelere möhüm orun degişlidir. Şu ýylyň fewral aýynda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri, şu aýda bolsa EYR-nyň XIV ýöriteleşdirilen sergisi geçirildi.

Nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň gün tertibine türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryndaky meseleler giriziler. Gepleşikleriň netijesi boýunça möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy döwletler, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtap, döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Köpasyrlyk dostluk däpleri hem-de taryhy-medeni gatnaşyklar, taraplaryň üýtgewsiz hoşmeýilli erk-islegi döwletara gatnaşyklaryň esasyny düzýär.

Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň diňe bir özara bähbitlere däl, eýsem, tutuş sebitiň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny belledi. Sebit we ählumumy ulag-üstaşyr düzüminiň möhüm bölegine öwrüljek Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýolunyň gurluşygy ýaly iri bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda, beýleki geljegi uly hasaplanýan pudaklarda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwatyň we mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde nobatdaky ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleriniň ähmiýetini nygtady hem-de wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak resmi saparyna ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow T.Kömekowy Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de 27-nji martda geçirilmegi meýilleşdirilýän türkmen-eýran işewürler maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Söwda-senagat edarasynda geçiriljek maslahatyň işine Eýranyň ykdysady ulgamynyň esasy düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, gurluşyk we gurluşyk serişdeleri, energetika, dag-magdan önümçiligi, dokma we derman senagaty, oba hojalygy ýaly pudaklarda işleýän kompaniýalaryň, şeýle hem söwda, ulag we logistika, inžiniring we ätiýaçlandyryş ulgamlarynda işleýän wekilleriň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem wise-premýer 29 — 31-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Özbegistan Respublikasynyň milli senagat sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Sergä Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sergide syýahatçylyk, maşyngurluşygy, energetika, nebit hem-de gaz, dokma, neşirýat işi, himiýa, dag-magdan senagaty, söwda, ulag we logistika ulgamlarynda iş alyp barýan, hem-de gurluşyk serişdelerini we tehnikalaryny, deri önümlerini, lukmançylyk serişdelerini hem-de azyk önümlerini öndürýän kompaniýalaryň harytlary görkeziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere türkmen-eýran işewürler maslahatyny hem-de Özbegistanyň milli senagat sergisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, halkara işewür gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmek we ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply senagat toplumyny döretmekde hususy başlangyçlary höweslendirmek, bu ulgama öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda işleýän daşary ýurtly kompaniýalar bilen önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyk şertlerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýola goýulýan gatnaşyklar öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy. Bilelikdäki maýa goýum, şol sanda gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy ulgamyndaky täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gyzyklanmalaryň ýokarlanmagy munuň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýleki döwletler we dünýäniň işewür toparlary bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini we ýurdumyzyň hoşniýetli hem-de özara bähbitli esaslara daýanýan hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Hazar deňziniň we onuň kenarýaka zolagynyň uglewodorod serişdelerine baý bolan türkmen böleginiň ägirt uly kuwwatlyklara eýedigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumyny, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagaty mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmäge gönükdirilen iri maýa goýum taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmek babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz nebitgaz kompaniýalarynyň daşky gurşawy goramak boýunça talaplary ýerine ýetirmek ugrunda alyp barýan işlerine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 23-nji martda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda hormatly ýaşulularyň, tejribeli daýhanlaryň, mehanizatorlaryň we beýleki hünärmenleriň gatnaşmagynda gowaça ekişine, Balkan welaýatynda bolsa gök we iýmlik ekinleriň ekişine girişildi.

Şonuň bilen birlikde, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwy tutulýar we toprak mineral dökünler bilen gurplandyrylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, şu ýyl Daşoguz we Lebap welaýatlarynda jemi 18 müň 300 gektarda şaly ekmek meýilleşdirilýär hem-de ondan 82 müň 400 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz gowaça ekişiniň barşy bilen baglanyşykly meseleler barada aýdyp, mehanizatorlaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini, oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli ulanylmalydygyny, möwsüme degişli ähli düzümleriň utgaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ak ekinlere ideg işlerine, ekinler suwarylanda suw serişdeleriniň netijeli ulanylyşyna, ylmyň hem-de tejribäniň ýygjam hyzmatdaşlygynyň ýola goýluşyna we alymlaryň, agronomlaryň, kärendeçileriň ylalaşykly hereketiniň üpjün edilişine berk gözegçiligi alyp barmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanda 2018-nji ýylda şaly öndürmek hakynda” Karara gol çekip, wise-premýere sebitlerde bu ekini ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, innowasion önümçilik düzümini döretmegiň, bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberini artdyrmagyň wezipelerini çözmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Garlyk kaliý dag-magdan toplumyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hem habar berdi. Onuň barşynda zähmeti goramagyň we tehniki howpsuzlygyň ähli talaplaryny berjaý etmek boýunça toplumyň işi seljerildi. Ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek, halas ediş toparyny döretmek boýunça amala aşyrylýan çärelere aýratyn üns berildi.

Şeýle hem bu toplumyň gurluşygy boýunça baş potratçy bolup durýan Belarus tarapynyň hünärmenleriniň şertnama boýunça ýerine ýetirilmeli işleri doly berjaý etmändigi ýüze çykaryldy.

Şeýle hem paýtagtymyzda mart aýynyň soňky gününde Himiýa senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek «Türkmenistanyň himiýa pudagy ösüş ýolunda» atly halkara ylmy maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Öňümizdäki ylmy forumyň gün tertibine ýurdumyzyň senagat ulgamynyň gazanýan üstünlikleri, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri, bu babatda gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň meseleleri giriziler. Maslahata daşary ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halk hojalyk toplumyny ýurdumyzyň ägirt uly çig mal serişdelerini özleşdirmäge we gaýtadan işlemäge gönükdirmegiň Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan maksatlarynyň biridigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz pudagyň zähmetkeşleriniň kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ata Watanymyzyň has-da rowaçlanmagyny üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna uly goşandynyň bardygyny belläp, himiýaçylaryň hünär baýramynyň döwlet derejesinde ilkinji gezek şu ýylda, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylda bellenilýändiginiň çuňňur manysynyň bardygyny nygtady. Milli Liderimiz halkara ylmy maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda anyk görkezmeleri berip, onuň ýurdumyzyň himiýa senagatynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işine kuwwatly itergi berjekdigine, tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz wise-premýer, daşary işler ministri, Döwlet toparynyň başlygy R.Meredowa ýüzlenip, Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplumda alnyp barylýan işlere degişli seljeriş işlerini geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak, nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde pudagara toparynyň döredilmeginiň we nyrh emele getirmek ulgamynda gurluşygyň bahasyny kesgitlemek boýunça 2018 — 2020-nji ýyllar üçin degişli maksatnamany taýýarlamagyň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde gurluşyk toplumynyň ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, döwrebap ulag düzümini döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi kemala getirmek, eksport harytlarynyň mukdaryny artdyrmak, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny, sebitleriň özgerdilmegini işjeňleşdirmek boýunça giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine gönükdirilendigini belledi. Şolaryň çäginde bar bolan kärhanalar döwrebaplaşdyrylýar we täze senagat hem-de durmuş desgalary gurulýar.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, önümçilik we ylmy-tehniki mümkinçiliklerini artdyrmak, ýerli çig maldan taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini köpeltmek, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler çözülýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz täze gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna, olaryň ýokary hil derejesine we binalaryň bellenilen möhletlerde tabşyrylmagyna yzygiderli gözegçiligiň zerurdygyny aýdyp, çykdajy-ölçeg hem-de nyrh emele getirmek resminamalaryny taýýarlamak meselelerine ünsi çekip, wise-premýere bu wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary satyn almak, dürli görnüşli ýük wagonlaryny abatlamak boýunça Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer Awtomobil ulaglary ministrliginde awtoulag kärhanalar toplumyny we awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkezini gurmak üçin şertnama baglaşmaga ygtyýar almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu toplumy Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň ugrunda gurmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, oňa öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda demir ýol ulaglary pudagy boýunça gatnaşyklaryň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede ösdürmek, demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, düzümini döwrebaplaşdyrmak we üstüni ýetirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň işlenip taýýarlanylmagyny hem-de durmuşa geçirilmegini hemişe üns merkezinde saklamagy talap etdi.

Milli Liderimiz awtoulag kärhanalarynyň toplumynyň we awtomobil mekdepleri birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň gurluşygynyň taslamasy barada aýdyp, Awtomobil ulaglary ministrliginiň degişli düzümini ösdürmek babatda birnäçe anyk wezipeleri kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipeleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa medeniýet ulgamynda ozal gol çekilen halkara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminamalar milli medeni mirasy çuňňur we netijeli öwrenmekdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyna, bu işe döwrebap tehnologiýalaryň çekilmegine, ýaş türkmen alymlarynyň we hünärmenleriniň hünär tejribeleriniň kämilleşdirilmegine hem-de türkmen halkynyň gadymy medeniýetiniň, şöhratly taryhynyň giňden wagyz edilmegine gönükdirilendir.

Ylalaşyklaryň çäklerinde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärliklerde arheologik işleri geçirmek, Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanýan gymmatlyklary öwrenmek we dikeltmek, milli taryhy-medeni mirasymyza hem-de ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda häzirki döwürde ýeten derejesine bagyşlanan halkara çäreleri geçirmek işleri göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milletimiziň taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak, düýpli öwrenmek we giňden wagyz etmek boýunça işleriň yzygiderli geçirilmeginiň, oňa halkara ylmy toparlaryň çekilmeginiň, şol sanda türkmen halkynyň taryhynyň syrlaryny açýan halkara arheologiýa barlaglarynyň geçirilmeginiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz biziň topragymyzyň gadymy Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşýändigini, özünde entek üsti açylmadyk köp syrlary saklaýandygyny we olary açmak bilen, Türkmenistanyň tutuş dünýäniň ünsüni özüniň baý taryhyna hem-de medeniýetine çekjekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dünýäniň iri muzeýleri we ylmy merkezleri bilen özara gatnaşyk etmekde oňyn tejribe toplandygyny aýdyp, alymlaryň we hünärmenleriň bilelikdäki ylmy-barlag işleriniň özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmek, milli taryhy hem-de medeniýeti döwrebap esasda öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseleleri içgin öwrenmegi tabşyryp, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow ýurdumyzyň sport ulgamyny ösdürmek maksady bilen, milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça görülýän çäreler barada hasabat berip, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasynyň hem-de Milli sport we syýahatçylyk institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binasynyň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşigiň netijeleri barada habar berdi.

Soňra wise-premýer 28-nji oktýabr — 10-njy noýabr aralygynda Aşgabatda agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Mundan başga-da, türgenlerimizi dürli sport çempionatlaryna hem-de ýaryşlaryna taýýarlamak üçin ýörite gaznany döretmek baradaky teklip beýan edildi.

Wise-premýer orta mekdepleriň, başlangyç, orta hünär okuw hem-de ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryna girizilen üýtgetmeler, hünärmenleri ýokary hünär biliminiň iki basgançakly düzüm boýunça taýýarlamak bilen baglylykda taýýarlanylan bilim hakynda resminamalaryň täze döwlet nusgalary barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmaga, bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmäge gönükdirilen çäreler barada aýdyp, raýatlarymyzyň bu çärelere köpçülikleýin gatnaşmagyny üpjün etmäge ünsi çekdi, çünki halkymyzyň saglygy hakyndaky alada döwletimiziň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar. Milli Liderimiz Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça ähli işleriň toplumlaýyn çemeleşmäniň esasynda alnyp barylmalydygyny nygtady.

Milli Liderimiz wise-premýeriň tekliplerini makullap, «Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň gaznasyny döretmek hakyndaky» we «2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakyndaky» Kararlara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz bilim hakyndaky resminamalaryň döwlet nusgalarynyň görnüşlerini hem tassyklady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda işlerinde uly üstünlikler, berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter