Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy | TDH
Ykdysadyýet

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy

опубликованно 24.03.2018 // 721 - просмотров
 

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, az kükürtli ýangyçlyk mazuty satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna arassalanan pagta ýagy, ýorgan-düşek daşy, hojalyk pamygy, nah ýüplük, portlandsement we dürli harytlary gaplamaga niýetlenen serişdeler ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa Federasiýasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Gyrgyzystan, Täjigistan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 58 million 961 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan we ABŞ-dan gelen işewür toparyň wekilleri jemi bahasy 3 million 696 müň manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter