Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar | TDH
Prezidentiň poçtasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

опубликованно 17.05.2015 // 942 - просмотров
 

Şu günler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy parahatçylygyň, abadançylygyň we jebisligiň dabaralanmagyny alamatlandyrýan umumymilli baýramçylyk--Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen köpsanly gutlag hatlaryny we telegrammalary iberenler tüýs ýürekden gutlaýarlar. Hatlarda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň erkin we gülläp ösýän döwlet hakynda arzuwlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapdy. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak we bagtly ömür, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Artykow, Ş.Durdylyýew, A.Goçyýew, B.Ereşow, B.Hojamuhammedow, R.Meredow, S.Satlykow, P.Taganow, S.Toýlyýew, A.Ýazmyradow, M.Ýazmuhammedowa gutladylar.

Milli Liderimizi umumymilli baýramçylyk bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan A.Nurberdiýewa gutlady.

Döwlet Baştutanymyza iň gowy arzuwlaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri Ş.Durdylyýew, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Žadan, Y.Paromow beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow, Daşoguz welaýatynyň häkimi E. Orazgeldiýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow gutladylar.

Milli Liderimizi şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K. Babaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy R.Bazarow, Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Nepesow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradow, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary A. Täşliýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary M. Abilow, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler gutladylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter