Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar | TDH
Syýasat habarlary

Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

опубликованно 21.03.2018 // 1204 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident,

Hytaýyň däp bolan Bahar baýramy mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň we hytaý halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan däp bolan Nowruz baýramy mynasybetli Sizi we Türkmenistanyň halkyny gutlaýaryn.

Men biziň dostlugymyza uly sarpa goýýaryn we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly üns berýärin.

Şu ýylyň iýun aýynda Sindao şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine Siziň gatnaşmak meýliňizi mübärekleýärin. Siziň bilen strategik hyzmatdaşlygyň hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga taýýardyryn.

Size berk jan saglyk we jogapkärli işiňizde üstünlikler, dostlukly türkmen halkyna bolsa bagt we abadançylyk arzuw edýärin.

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Öz adymdan we azerbaýjan halkynyň adyndan Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny baý milli ruhy gymmatlyklary alamatlandyrýan Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Tebigatyň oýanmagyny we janlanmagyny alamatlandyrýan bu bahar baýramy adamlary döredijilige, dostluga we raýdaşlyga çagyrýar.

Biziň halklarymyzyň bähbidine Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalarymyzy mundan beýläk-de dowam etdireris.

Size berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident,

Nowruz baýramy mynasybetli meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Gruziýa hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns berýär. Biziň hyzmatdaşlygymyzyň geljekde döwletlerimiziň we halklarymyzyň bähbidine has-da berkejekdigine we çuňlaşjakdygyna ynanýaryn.

Tebigatyň oýanmagyny alamatlandyrýan bu ajaýyp günde Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Giorgiý MARGWELAŞWILI,
Gruziýanyň Prezidenti.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter